Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstandaky köpçülikleýin protestler ýurduň baş prokurorynyň wezipeden çekilmegine getirdi


Gürjüstanyň baş prokurory Irakli Şotadze öz eýeleýän wezipesinden çekildi. Bu waka, müňlerçe adamyň geçen ýylyň dekabr aýynda bolan uruş-dawada iki ýetginjek oglanyň pyçaklanyp öldürilmegine gatnaşygy bardygy aýdylýan ýaşlaryň sud diňlenişigine syýasy täsiriň bolandygyny aýdyp, gürji paýtagty Tbiliside protest geçirmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Bu protestler, Tbilisiniň sudy ýetginjek oglanlaryň biriniň öldürilmegi bilen baglanyşykly hiç kimi günäli tapyp bilmän, öň kakasy ýurduň Baş prokuratura edarasynda işlän we agzalýan uruş-dawa gatnaşan ýetginjege bildirilýän aýyplamalary ýeňletmek barada karar çykarandan soň, ýagny 31-nji maýda giçlik başlandy.

“Men öz eýeleýän wezipämden çekilýärin we adalatyň hökmürowanlygyny umyt edýärin” diýip, Şotadze Gürjüstanyň Baş prokuratura edarasynyň websaýtynda çap edilen beýanatynda aýtdy.

Şotadzeniň wezipeden çekilmeginiň yz ýany, birnäçe müň protestçi Tbilisiniň merkezindäki köne parlament binasynyň öňünde ýygnanyp, tutuş hökümetiň işden çekilmegini talap etdi.

31-nji maý gijesi 30 çemesi protestçi köne parlament binasynyň öňünde gurnalan çadyrlarda ýatdy. Olara polisiýa tarapyndan gözegçilik edildi.

1-nji iýunda Gürjüstanyň wagty bilen sagat 16:00-da, Aşgabat wagty bilen 17:00-da täze protestleriň geçirilmegine garaşylýar.

Gürjüstanyň premýer-ministri Giorgi Hwirikaşwili wezipeden çekilmegi ret etdi, ýöne ol ýetginjekleriň öldürilmegi bilen ilteşikli täze sud derňewlerini geçirmegi tabşyrdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG