Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp: Demirgazyk Koreýanyň Kimi ýadro ýaraglaryndan 'doly saplanmaga' ygrarly


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Singapurda metbugat ýygnagynda çykyş edýär. 12-nji iýun, 2018.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un Koreýa ýarymadasynyň ýadro ýaraglaryndan doly saplanmagyna ygrarly diýdi, ýöne ol Phenýana garşy girizilen sanksiýalaryň diňe bir ýagdaýda, “haçanda biz ýadro ýaraglarynyň indididen beýläk faktor däldigine göz ýetirenimizden soň” ýatyryljagyny hem sözüne goşdy.

Tramp 12-nji iýunda Singapurda Kim bilen geçirilen taryhy sammitden soň çykyp gürläp, iki lideriň hem “täze taryha başlamaga hem-de iki döwletiň arasynda täze bap ýazmaga taýýar bolandygyny” aýtdy.

"Ol (Kim) Koreýa ýarymadasynyň ýadro ýaraglaryndan doly saplanmagyna gyşarnyksyz ygrarlydygyny gaýtadan tassyk etdi” diýip, Tramp metbugat ýygnagynda aýtdy.

Kim, aýdylmagyna görä, ýurduna dolanmak üçin adany terk etdi.

Tramp Kimiň özüne Demirgazyk Koreýanyň raketa synag edýän ýerini “örän tiz ýykjagyny” aýdandygyny hem aýtdy, emma bu barada jikme-jik maglumat bermedi.

Ol biraz öň ýadro ýaraglaryndan saplanmak prosesiniň “örän tiz” başlanjakdygyny aýdypdy, emma hiç bir sene ýa-da anyk zat agzamandy.

Tramp özüniň Günorta Koreýa bilen “uruş oýunlaryny”, ýagny bilelikdäki harby maşklary “togtajakdygyny” aýtdy, bu maşklar Demirgazyk Koreýa, Orsýet, Hytaý tarapyndan tankyt edilýärdi.

Tramp bu türgenleşikleri “öjükdiriji we ýerliksiz” diýip atlandyrdy we, Günorta Koreýada gulluk edýan 25 müň çemesi amerikan harbysyny nazarda tutup, ahyr netijede özüniň "esgerleri öýüne getirmek isleýändigini" aýtdy.

Tramp biraz öň bu sammitiň “ägirt uly üstünlik” bolandygyny nygtady.

Singapurda 12-nji iýunda geçirilen taryhy sammitiň ahyrynda iki lider ýörite dokumente gol çekdi we onda Tramp Phenýana “howpsuzlyk kepilliklerini” wada berse, Kim “Koreýa ýarym adasyny ýadro ýaraglaryndan doly saplamaga” ygrarlydygyny gaýtalaýar.

Esasan ozal jemgyýetçilige aýan edilen beýanatlary gaýtalaýan we kän bir anyk zat aýdylmaýan dokumentde Tramp we Kim Koreýa ýarymadasynda “berk we durnukly parahatçylyk režimini” gurmak we 1950-53-nji ýyllaryň Koreýa urşy döwründe wepat bolan harby ýesirleriň we söweşde ýiten adamlaryň jesetlerini bermek wadasyny berýär.

Dokumente gol çekişlik dabarasy Singapuryň Sentosa adasyndaky kaşaň myhmanhanada geçirilen tapgyrlaýyn duşuşyklaryň, şol sanda Tramp bilen Kimiň ýüzbe-ýüz 45 minutlyk duşuşygynyň we olaryň delegasiýalarynyň arasynda bolan giňräk gepleşikleriň yzysüre boldy.

Bu sammit ABŞ prezidenti bilen Demirgazyk Koreýa lideriniň arasynda bolan ilkinji duşuşyk boldy.

Birleşen Ştatlar bilen Demirgazyk Koreýanyň arasyndaky dartgynlyklar geçen ýyl, Phenýan birnäçe ballistik raketany we ýadro ýaragyny synan edeninden soň ýokarlandy hem-de Kim bilen Trampyň biri-birine haýbat atmagyna we özara masgaralamalara alyp geldi.

Emma Kim şu ýylyň başyndan garaşylmadyk diplomatik hüjüme başlady we bu Demirgazyk Koreýanyň Günorta Koreýada 2018-nji ýylyň Gyşky Olimpiadasyna gatnaşmagyny hem öz içine aldy.

Tramp Kim bilen 12-nji iýunda Singapurda ýokary derejede gepleşik geçirjekdigini 1-nji iýunda aýtdy. Tramp başda bu sammite razylyk berdi, emma soň ony gaýtadan kabul etmezden öň goýbolsun etdi.

Iki lider sammiti jemläninden soň, Tramp özüniň Kim bilen gürleşen wagtynda “örän aýratyn aragatnaşyk” gurandygyny aýtsa, Kim žurnalistlere özleriniň “geçmişi arkada goýmak kararyna gelendiklerini we dünýäniň uly özgerişlik görjegini” aýtdy.

Tramp Demirgazygyň ýadro ýaraglaryndan saplanmagynyň “örän we örän çalt” boljakdygyny, Kim bilen özüniň “ýörite gatnaşyk” gurandygyny hem-de Phenýan bilen gatnaşygyň örän başgaça boljakdygyny nygtady.

Demirgazyk Koreýanyň liderini Ak tama çagyrarmyň diýip soralanda, Tramp: “Gürrüňsiz, men muny ederin” diýdi.

“Bu has we has köp gatnaşyga ýol açar” diýip, Tramp sözüniň üstüni ýetirdi.

Biraz öň, 45 minutlyk duşuşyk tamam bolandan soň, Tramp sammitiň “hiç kimiň garaşmajak derejesinde gowy bolandygyny” aýtdy we ony “ägirt uly üstünlik” diýip häsiýetlendirdi.

"Biz uly problemany çözeris, şu pursata çenli çözüp bolmadyk uly mesele çözüler. Men özümiziň bilelikde işläp, bu meseläniň hötdesinden gelip biljegimizi bilýärin” diýip, Tramp aýtdy.

Iki lider duşuşandan soň, Singapuryň Sentosa adasyndaky kaşaň kurortda nahar edinmäge ugramazlaryndan öň, olar öz işgärleri bilen hem ikitaralaýyn duşuşyk geçirdiler, bu duşuşyk bir ýarym sagada çekdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo 11-nji iýunda Tramp adminstrasiýasynyň Tramp-Kim duşuşygyndan derhal uly böwsüşe garaşmaýandygyny, eýsem onuň has dowamly gepleşiklere ýol açmagyna umyt edýändigini belledi.

"Biz bu sammitiň geljekde has üstünlikli gepleşiklere şert döretmegine umyt edýäris” diýip, Pompeo aýtdy.

Pompeo sammitiň “soňy boljak berk işiň” esasyny goýjakdygyny, bu tagallalaryň Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglaryndan doly, barlap bolýan ýagdaýda we dolanuwsyz saplanmaga tarap ugur almagyny talap edýändigini belledi.

XS
SM
MD
LG