Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp ‘Amerikanyň sesi’ kanalyna beren interwýusynda Kim ‘halkyny söýýär’ diýdi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we “Amerikanyň sesi” kanalynyň işgäri Greta Wan Susteren
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we “Amerikanyň sesi” kanalynyň işgäri Greta Wan Susteren

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un bilen geçiren duşuşygyndan soňra ýygnagyň mazmuny barada “Amerikanyň sesi” kanalynyň işgäri Greta Wan Susterene interwýu berdi.

Wan Susteren: Kim Jong Un barada näme sizi geň galdyrdy?

Tramp: Çynymy aýdýan, onuň beýik şahsyýeti bar. Ol gülkünç oglan, ol akylly, ol beýik araçy. Ol öz halkyny söýýär. Men muny geň galanym üçin aýdamok, ýöne ol öz halkyny söýýär. Meniň pikirimçe biz ajaýyp işe girişýäris. Biz Demirgazyk Koreýany ýadro ýaraglaryndan saplarys. Bu dessine başlar, ondan başga-da köp zatlar, şol sanda Koreýa urşunda wepat bolan amerikan harbylarynyň jesetlerini yza gaýtaryp almak barada köp zatlar bolup geçýär. Bilýäňizmi, Demirgazyk Koreýa bilen içgin gyzyklanmak bir zat, ýöne Greta, bilýäňizmi, wepat bolanlaryň galyndylaryny ýurda getirmek köpler üçin örän möhüm. Olar maňa çagyryş etdiler, olar maňa hat ýazdylar: “Haýyş, şuny oňaryp beriň!?” diýdiler. Ol munuň bilen ylalaşdy. Diýmek, söweşde wepat bolan müňlerçe adam... bu örän uly mesele.

Wan Susteren: Siz bugün haçan-da adam hukuklary boýunça meseleleri gozganyňyzda ol nähili reaksiýa görkezdi?

Tramp: Örän oňat. Meniň diýjek bolýanym, biz gepleşikleriň wagtynyň 90 %-ni ýadro ýaragyndan saplamak boýunça meselelere sarp etdik, ýöne biz başga-da köp meseläni, şol sanda adam hukuklaryny gozgadyk. Jesetleriň galyndylaryny yza getirmek örän uly faktordyr, aslynda biz bu meseläni dokumentleşdirdigem. Biz muny dokumentleşdirmegi başardyk. Şol dokumentde gowy zatlar örän köpdür. Bu zatlar bolar öýdüp hiç kimiň aklynyň ujundanam geçmezdi.

Wan Susteren: Bize sahnanyň arkasy barada käbir maglumatlary beriň!Siz oňa ultimatom yglan etdiňizmi? Ol size ultimatom yglan etdimi? Nädip gep alyşdyňyz?

Tramp: Ýok, ultimatom däl. Biz üç aý bäri bu meseläniň üstünde, dürli wekilleriň, şol sanda ajaýyp iş başaran döwlet sekretary Maýk Pompeonyň gatnaşmagynda, üç aý bäri işläp gelýäris. Diýmek, biz bu duşuşygyň üstünde ep-esli wagt bäri işläp gelýäris we haçan-da biz bugün duşuşanymyzda duşuşygyň başyndan bäri göni dessine düşünişdik. Bilýäňizmi, bu meniň üçin 25-nji sagat. Men 25 sagat bäri uklamadym. Gepleşikler uzaga çekdi. Men muňa buýsanýaryn. Bu prosesi başladar. Munuň soňy uruş bilen gutaryp bilerdi. Siz Demirgazyk Koreýany gowy bilýäňiz. Seulda 28 million adam ýaşaýar. Ýagdaýlaryň soňy millionlarça adamyň ölümi bilen tamamlanyp bilerdi. Ýöne biz [muňa ýol bermän] indi ylalaşýarys.

Tramp ‘Amerikanyň sesi’ kanalyna beren interwýusynda Kim ‘halkyny söýýär’ diýdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:55 0:00

Wan Susteren: Biziň goşunlarymyza näme bolar? Olar Günorta Koreýada galmaga dowam edermi?

Tramp: Hawa, olar galarlar. Biz bu meseläniň gürrüňinem etmedik. Biz bize gymmada düşýän harby tälim türgenleşiklerden çekilýäris. Birinjilik bilen olar öjükdiriji häsiýete eýedir. Şoň üçin men munuň soňuna çykasym gelýär. Olar muňa örän begendiler, sebäbi harby türgenleşikler örän öjükdiriji häsiýete eýe bolýardy. Ýöne gaty gymmada durýardy. Ýagşy niýet bilen ylalaşyklara dowam etdigimizçe türgenleşik geçirmeris.

Wan Susteren: Şunça ýyllap dowam eden harby gyjalat häsiýetli çykyşlardan soň, Kimi näme ylalaşyk stoluna getirdi?

Tramp: Aslynda, o diýen harby gyjalat häsiýetli çykyş bolmady. Men prezident bolmazdan ozal olar ümsümligi saýlap aldylar, bu barada gepleşmek islemediler. Bu dogry däl. Meniň pikirimçe başdaky ritorika örän möhümdir. Dogrymy aýtsam, meniň özüme-de şol gürrüňler [başdaky ritorika] ýaramady we köpler meni ýalňyşýar diýip pikir etdi. Ýöne şonsuz biz bu ýere gelip bilmezdik. Şeýle-de, men ol çyny bilen ylalaşmak isleýär diýip pikir edýäris. Onuň bir iş bitiresi gelýär.

Wan Susteren: Ýöne näme üçin?

Tramp: Sebäbi, ol biziň hakykatdan iş salyşmagy göz öňünde tutýanymyza düşünýär. Men ol ozalam şeýle duýandyr öýdemok. Meniň pikirimçe, geçmişde başga adamlar bardy, iş ýöremedi. Ýöne häzir ol biziň iş salyşmak isleýänimizi bilýär. Biz hökman iş salyşmaly, biz şeýle-de dowam ederis. Biz ynha häzirki wagtda olar bilen iş salyşýarys. Ýogsam bu gaty uzaga çekmedi. Biz ilkinji günden başlap Demirgazyk Koreýa örän berk darap gelýäris. Ýöne biziň bu günki olar bilen resminama gol çekişmegimiz adamlaryň pikir edişinden has giň we has köpugurly meseledir. Hiç kim bu şeýle bolar öýdüp pikir etmeýärdi.

Wan Susteren: Siz gaýdansoň siziň arkaňyzdan ol näme pikir edendir diýip pikir edýäňiz?

Tramp: Meniň pikirimçe biz birek-biregi haladyk. Maňa kimdir biriniň onuň rehimsiz adamdygyny ýatlatmagy derkar däl. Ol yzgytsyz adam bolmalydy, ol şeýle-de bolup gelýär. Ýöne biz örän oňat düşünişdik. Ol akylly hem-de halkyny, ýurduny söýýän adam. Ol köp gowy zatlaryň bolmagyny isleýär, şonuň üçinem ol bu zatlary edýär.

Wan Susteren: Ýöne ol halkyny aç goýdy, ol halkyny zalym darady. Ol halkyny söýýärmi?

Tramp: Serediň, ol gören zadyny edýär. Ýöne biz edil şu gün, düýn ýa-da birnäçe hepde ozal nämeleriň bolup geçýäni wajypdyr. Şu zatlaryň hemmesi şonda başlady. Ýene-de, ritorikasyz we sanksiýasyz...sanksiýalar örän möhümdi we ýagdaýlar üýtgeýänçä olar öz güýjünde galar. Biz eýýäm üýtgejek ýagdaýlary görüp başladyk, ýöne ýadro ýaraglaryndan saplanmak çäreleri başlanýança sanksiýalar öz güýjünde galar.

Wan Susteren: Bu interwýu “Amerikanyň sesi” kanalynda goýberilýändigi sebäpli, bu çykyşy Demirgazyk Koreýanyň raýatlary diňläp bilerler. Siz Demirgazyk Koreýanyň raýatlaryna näme diýmek isleýärsiňiz?

Tramp: Siziň aladaňyzy edýän lideriňiz bar. Ol halky üçin dogry zady edesi gelýär we biz örän oňat düşünişdik. Biziň “jynymyz alyşdy”, “jyn alyşmak” barada meniň nähili duýýanyma siz düşünýärsiňiz. Bu örän möhümdir. Meniň aýtjak bolýan zadym, eger-de adamlaryň birek-biregi “jynlary almasa” müň näme etseňem, bolmajak zat bolmaýar. Biziň edil başdan bäri jynymyz alyşdy. Men bu barada gürrüň berdim we meniň pikirimçe Demirgazyk Koreýa bilen bagly örän beýik işler bolup geçer.

Wan Susteren: Jenap prezident, Waşington gelip, siziň bilen duşuşýanymyza örän şat!

Tramp: Dogry. Menem häzir bir oňaýyny tapsam ukymy aljak. Bilýäňiz, biraz dynç almaly

Wan Susteren: Hut şeýle. Sag aman yza dolanyň!

Tramp: Sagbol Greta, uly hormat!

XS
SM
MD
LG