Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler un sorap zawoda baran 2 müňe golaý adamy ‘jerime salyp’ öýlerine ugratdy


Illýustrasiýa suraty

Golaýda Demirgazyk Türkmenistanda ýerleşýän käbir etraplaryň ýüzlerçe ýaşaýjysy Köneürgenjiň galla kärhanasynda her ele 50 kilogram un satylýandygy barada ilat arasynda ýaýran “myş-myşlara” eýerip, unuň gözleginde agzalýan zawoda barýar. Ýöne olar una derek häkimiýetleriň basyşyna sezewar bolýar. Howpsuzlygyň we polisiýanyň işgärleri zawoda un tama edip barýan ýüzlerçe adamyň el telefonlaryny barlap, olary saklaýar we bir aý mundan ozal bugdaý gytçylygy sebäpli önümçiligi togtadylan, ýagny “işlemeýän” zawodyň işini bökdemekde aýyplap, adam başyna 20 manat jerime töledensoň, olary boşadyp oýlerine goýberýär.

Bu barada Azatlygyň welaýatdaky çeşmesi howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli efirde atlandyrylmazlyk şertinde gürrüň berdi.

“Geçen duşenbe güni, ýagny 11-nji iýunda Daşoguz welaýatynyň tas ähli etraplarynyň, hususan-da Gubadag, Saparmyrat Nyýazow, Gurbansoltan eje, Saparmyrat Türkmenbaşy etraplarynyň 2 müňe golaý ýaşaýjysy ‘Köneürgenjiň un zawodynda her ele 50 kilogram un satylýarmyş’ diýen ilat arasyndaky ýalan myş-myşlara ynanyp, Köneürgenç etrabynyň un zawodyna bardy” diýip, çeşme gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ýerli ýaşaýjylar kärhanada ne unuň, ne kepegiň, ne-de çöregiň bardygyna şaýat bolýarlar. Şeýlelikde, un gytçylygyndan ejir çekip, zawoda ýüz tutan raýatlar agzalýan galla kärhanasynyň ýakynda wagtlaýyn wezipä bellenen direktoryna ýüz tutýar. Emma zawodyň wagtlaýyn direktory adamlaryň haýyşy boýunça dörän soraglary kanagatlandyrmakdan geçen, polisiýanyň hem-de howpsuzlyk gulluklarynyň işgärlerini çagyryp, zawoda baran adamlar barada habar berýär.

“Häkimiýetler zawoda baran adamlary münüp gelen ulaglarynda tussaglyga äkidip, olaryň el telefonlaryny barlady we zawodyň işini bökdemekde aýyplap, olaryň her haýsysyna 20 manat jerime töledensoň, boşadyp goýberdi” diýip, çeşme şeýle ýagdaýlary başdan geçiren raýatlaryň sözlerine salgylanyp gürrüň berdi.

“Olar halky un zawodynyň işine päsgel bermekde aýyplaýar, ýöne bu kärhana bugdaý gytçylygy sebäpli bir aý mundan ozal işini togtatdy, zawodyň işgärleri-de tölegsiz rugsada ugradyldy. Olary çäre geçirilse çagyrýarlar, bolmasa öýlerinde işsiz ýatyr” diýip, çeşme gürrüň berdi.

Görnüşinden, Türkmenistanda un gytçylygy bilen bagly ýüze çykýan tolgunyşyk adamlaryň ilat arasynda döreýän islendik pozitiw häsiýetli myş-myşa eýermegine getirýär. Media syn edýän ekspertleriň pikirine görä, ýurtda döwletiň berk gözegçiliginde saklanýan köpçülikleýin media serişdeleri öz-özünden ýüze çykýan jemgyýetçilik dowullary barada çürt-kesik dymýar, hatda “gytçylyk gyzyşdygyça” ýerli media “bagtyýarlyk waspnamalarynyň dozasyny” artdyrýar.

Synçylaryň pikirine görä, Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady krizislerinden birini başdan geçirýär. Ýöne häkimiýetler edýän çykyşlarynda ýurtda dowam edýändigi aýdylýan ykdysady ysgynsyzlygy ne tassyklaýar, ne-de inkär edýär.

Ýatlasak, 12-nji iýunda Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi welaýatyň çäginde unuň pula-da tapdyrmaýandygyny, adamlaryň adam başyna 3 kilogramdan satylýan un üçin bir aý öňünden nobata ýazylýandygyny habar beripdi. Şonda ol: “Gytçylykdan ejir çekýän adamlar etrap häkimliklerine şikaýat edýärler. Olaram boş wadalar bilen adamlary aldap goýberýärler” diýip, ýerli ýaşaýjylaryň ençemesine salgylanyp habar beripdi.

Galyberse-de, çeşmäniň maglumatlarynda Daşoguzyň Boldumsaz etrabynda çörek satyn alýan adamlardan pasport soralýandygy bellenip geçilýär.

Türkmen häkimiýetleri öňe sürülýän bu habarlary ne tassyklap, ne-de inkär edip çykyş edýär.

Teswirleri gör (5)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG