Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda çanak antennalara garşy göreş täzeden deprenýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda häkimiýetleriň çanak antennalara garşy görýän çäreleriniň gerimi indi etraplara we oba ýerlerine-de baryp ýetdi. Olar ilat arasynda gürrüňdeşlik geçip, çanak antennalary gurmazlygy, mundan ozal bar bolan antennalary derhal aýyrmagy tabşyrýarlar.

Читайте также на русском

“Geçen hepdäniň şenbe güni Daşogzuň welaýat häkimligi, etrap häkimlikleri welaýatyň çägindäki býujete degişli edara kärhanalaryň, mekdepleriň, mekdebe çenli çagalar baglarynyň, hassahanalaryň we beýleki saglyk nokatlarynyň ýolbaşçylaryna ýygnak geçirip, olara garamagyndaky işgärleriniň daşary ýurtlaryň sputnik telewideniýesine tomaşa etmezligini, çanak antennalaryny gurmazlygyny, ozal bar bolan çanak antennalaryny dessine aýyrmaklaryny tabşyrdylar” diýip, Azatlygyň welaýatdaky çeşmesi 28-nji iýunda habar berdi.

Mundan ozal, türkmen häkimiýetleriniň ýaşaýyş jaýlaryny çanak antennalaryndan arassalamak çäreleri esasan paýtagt Aşgabatda alnyp barylýardy.

Ýerli synçylar bu ýagdaýa ýurtda maglumata garşy göreşiň nobatdaky alamaty hökmünde garaýarlar.

Azatlygyň habarçylarynyň gürrüň bermeklerine görä, türkmenistanlylar döwletiň maglumat gözegçiliginden halas bolmak üçin daşary ýurtlaryň kanallaryna tomaşa edýärdiler.

“Welaýatyň býujet işgärleriniň ençemesiniň aýtmagyna görä, “Ýamal” we “Hotbird” sputnikleriniň aýyrdylmagynyň sebäbi, olarda Azatlyk Radiosy we başga-da birnäçe erkin kanallar bar” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

“[Häkimiýetler çanak antennalara garşy göreşiň nobatdaky tolkunyny] ýakynda Mejlisde ‘Telewideniýe we radiogepleşikler hakynda’ kabul edilen kanuna salgylanyp düşündirýärler. Olar daşary ýurtlaryň telekanallarynda erotik mazmunly kinofilmeleriň köpdügini, şeýle materiallaryň ýaş nesliň aňyny zäherleýändigini aýdyp, ýokardan tabşyryk bilen býujet işgärlerine satellit kanallara tomaşa etmegi gadagan edipdirler” diýip, Azatlygyň çeşmesi gürrüň berdi.

Azatlygyň beýleki bir habarçysynyň sözlerine görä, häzirki wagtda Türkmenistanda 100-e golaý daşary ýurt teleradiokanallary döwlet tarapyndan IP TV arkaly üpjün edilýär. Çeşme şol kanallarda efire berilýän materiallarda-da çanak antennalary gadagan etmäge, hamana, “esas döredýän” kinofilmleriň efire berilýändigini, muňa garamazdan çäklendirmeler boýunça ünsüň diňe çanak antennalaryna gönükdirilýändigini aýtdy.

Çeşme Daşoguzyň çäginde ilatyň diňe 5.9 %-niň hojalyklaryna öý telefon liniýalarynyň çekilendigini, şol sebäpden sebitde halkyň agramly bölegine IP TV mümkinçilikleriniň elýeterli däldigini aýtdy.

Hökümediň maksadynyň adamlary dünýäde bolýan wakalardan bihabar goýmaga synanyşyga çalym edýändigini aýdyp, çeşme sözüne goşdy.

Türkmenistanda teleradiokanallar döwletiň berk gözegçiliginde we eýeçiliginde saklanýar.

Ýurtda döwlet baştutany derejesinde media serişdeleriniň esasy missiýasynyň gazanyldy diýilýän üstünlikleri wagyz etmekden ybaratdygy wagtal-wagtal medeniýet işgärlerine ýatladylýar.

Maglumat üçin aýdylsa, soňky sapar Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda, 2017-nji ýylyň mart aýynda Aşgabatda çanak antennalaryny aýyrtmak işleri ýaýbaňlanypdy. Şonda häkimiýetler bu çäreleri şäheriň “gelşigine serenjam bermek aladalary” bilen düşündiripdi.

2016-nji ýylyň aýagynda Daşoguzda ýerli häkimiýetler, welaýatyň käbir oba mekdeplerinde ýörite duşuşyklar geçirip, onuň dowamynda Azatlyk Radiosynyň gepleşiklerini internetden ýa-da sputnik antennalarynyň üsti bilen diňlemezligi tabşyrypdyrlar:

“Häkimiýetler çanak antennalary Hotbird sputnigine seredýän hojalyklara aýlanyp, olaryň eýelerinden düşündiriş alypdyrlar” diýip, welaýatdaky çeşme şonda habar beripdi.

Halkara guramalaryň metbugat azatlygy boýunça ýaýradýan hasabatlarynda Türkmenistan ýylyň-ýyly ýaramaz orunlarda ýerleşdirilýär.

Düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy dünýäde metbugat azatlygynyň ýagdaýy boýunça 2018-nji ýylda çap eden hasabatynda Türkmenistany 180 ýurduň arasynda 178-nji orunda ýerleşdirip, ony maglumat azatlygynda “dyngysyz giňeýän gara girdap” häsiýetlendirdi.

XS
SM
MD
LG