Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Maý aýyndaky sil adam pidasyna getirdi'


Ýagynyň netijesi, Aşgabat, 16-njy maý, 2018

Aşgabatdan uzak bolmadyk ýerde dagda emele gelen silden adamlar heläk boldy diýip, Azatlygyň çeşmeleri habar berýärler.

Gizlinlik şerti bilen söhbetdeş bolan çeşmeleriň biriniň sözlerine görä, Aşgabatdan 120 kilometr uzaklykda ýerleşýän azyndan bir obada heläkçilik bolupdyr.

Читайте также на русском

"Maý aýynda bolan silden Nohur obasynda köp adam ejir çekdi, adam pidasy hem boldy. Ýokarky Nohura barýan ýol kesldi we weýran boldy" diýip, Azatlygyň çeşmesi aýdýar we ýerli ilatyň tebigy betbagtçylygyň netijelerine garşy öz güýji bilen özbaşdak göreşmäge, şol sanda öz puluna ýoly dikeltmäge mejbur bolandygyny belledi. Silden ejir çeken obalara döwlet tarapyndan kömek berilmändigini Azatlygyň beýleki çeşmeleri hem habar berdiler.

Geçen aýda Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň dagda we Aşgabadyň eteginde emele gelen sil barada beren maglumatlary türkmen paýtagtynda 16-njy maýda güýçliň ýagyşyň ýagan wagtyna gabat gelipdi. Şonda-da sil zerarly adam pidalarynyň bolmagynyň ähtmaldygy aýdylypdy.

Yzýany, maý aýynyň aýagynda Mary welaýatynyň birnäçe onbasyny sil basandygy mälim boldy. Azatlyk Radiosyna ýerli ýaşaýjylaryň gürrüň bermegine görä, Tagtabazar etrabynyň obalaryna silden agyr zyýan ýetiripdir. Şeýle-de Marçak obasyna sil bilen goňşy Owganystandan birnäçe adamyň jesedi akyp gelipdir.

Azatlyk Radiosynyň türkmen häkimiýetlerinden resmi kommentariýa almak, şeýle-de maý aýynyň dowamynda bolan siliň hem güýçli ýagyşlaryň pidalarynyň sanyny we ýetiren zyýanynyň möçberini anyklamak boýunça synanyşyklary başa barmady.

Türkmenistanyň resmileri we habar beriş serişdeleri ýurtda emele gelen sil we birnäçe günläp paýtagtda ýagan ýagyn barada düýpden habar bermediler. ​

Ýunus Emre köçesinde ýagşyň netijeleri, Aşgabat, maý, 2018
Ýunus Emre köçesinde ýagşyň netijeleri, Aşgabat, maý, 2018

Munuň bilen bir wagtda başga regionlarda bolan beýleki tebigy hadysalaryň netijeleri paýtagtda hem duýuldy. Ýerli häkimiýetleriň guramaçylygynda birnäçe hepdeläp tebigy ýagdaýlaryň netijelerini ýok etmek boýunça işler geçirildi. Aşgabadyň köçelerinde dag eteginden süýşüp gelen palçygy ýollardan gyryp ýygnadylar.

Garaşsyz habar çeşmeleri 16-njy maýda bolan güýçli ýagynyň netijesinde Aşgabadyň merkezini suwuň basandygyny habar beripdi. Sosial media ulgamlarynda suw alan köçeleri, binalary we ýüzüp ýören awtoulaglary görkezýän suratlar we wideolar peýda bolupdy.

Aşgabatda güýçli yagyş zerarly köçeleri suw aldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:04 0:00

Ýagynyň Aşgabada ýetiren zyýanynyň möçberi barada takyk maglumat elýeterli däl, emma türkmen paýtagtynyň iň uly söwda merkeziniň söwda nokatlaryna we haryt saklanýan skladlaryna maddy zyýan ýetendigi aýdylýar.

Ýagynyň yzýany ýurduň birnäçe regionyny, ilkinji nobatda-da Lebap we Daşoguz welaýatlaryny duzly tupan basdy. 27-nji maýda Daşoguzda dörän duzly tupanyň netijesinde pagtaly we bugdaýly ekin meýdanlary, miweli bag-bakçalary duz örtdi, käbir ýerlerde duzuň galyňlygy 1 santimetre ýetdi.

​Birnäçe günden soň Aşgabatda duzly duman emele geldi.

Daşogzy duzly apy-tupan gurşap aldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:07 0:00

Türkmenistanyň hökümeti ýurtda bolýan tebigy hadysalar, şol sanda weýrançylykly ýagdaýlar barada mundan öň hem habar bermekden saklanypdy.

2017-nji ýylyň awgust aýynda Ahal we Balkan welaýatlarynyň birnäçe etraby silden ejir çekdi. Azatlygyň birnäçe çeşmesiniň tassyklamagyna görä, şol siliň döremegi zerarly 30 çemesi adam wepat bolupdyr. Şeýle-de, ýüzlerçe mal gyrylypdyr, elektrik liniýalar we gaz turbalar sandan çykypdyr.

Şonda weýran bolan onlarça obanyň arasynda Nohur obasy hem bardy.

Ahalyň we Balkanyň obalaryny sil aldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:38 0:00

Türkmenistanyň hökümeti bu weýrançylykly hadysa baradaky maglumatlary resmi derejede tassyklamasa-da, media serişdeleriň maglumatlarynyň yzýany Aşgabadyň daşynda siliň öňüni almak boýunça resmi çäreleri görmek hakynda perman çykardy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG