Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda birnäçe obany sil suwlary basdy


Illýustrasiýa suraty

Şu ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ýagan ýagyn sil suwlarynyň emele gelmegine getirdi we Mary welaýatynyň günorta-gündogar böleginde birnäçe obalary sil suwlary basdy diýip, ýaşaýjylar maglumat berýärler.

Читайте также на русском

Ýaşaýjylaryň Azatlyk radiosyna aýtmaklaryna görä, sil suwlarynyň aşa zeper ýetiren obalary Tagtabazar etrabynyň Marçak obasy we Serhetabat etrabynyň Çemenebit maldarçylyk sowhozy bolup durýar.

“Yzly-yzyna ýagan ýagyn ozaldan hem obalara zeper ýetiripdi, emma soňky güýçli ýagyn Murgap derýasynyň suwunyň kenardan çykyp, obalary suw basmagyna getirdi. Murgap derýasynyň gözbaşyndan sil suwlary bilen Owganystanyň ýaşaýjylaryndan 8 adamyň jesedini sil suwlary Marçak obasyna alyp geldi” diýip, öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran Tagtabazar etrabynyň ýaşaýjysy gürrüň berýär.

Onuň sözlerine görä, Tagtabazar etrabynyň Marçak obasyny hem suw basyp, ilatyň ýaşaýyş jaýlary weýran boldy. Sil suwunyň gelýändigini duýan ýaşaýjylar iň bir zerur zatlaryny, dokumentlerini alyp, obanyň çet-gyralaryndaky baýyrlyk, belent ýerlere çykyp, sil suwlaryndan başlaryny gutardylar. Emma olar özleriniň mal-garasyny, öý goşlaryny sil suwundan halas edip bilmediler.

“Sil şeýle bir güýç bilen obany basdy. Ýokardan gelýän sil suwlary mallary, gazan-ojaklary, öý goşlaryny togalap alyp gelýärdi. Sil suwlary peselenden soňra bolsa, palçygyň içinden 8 sany owganly adamyň jesedini tapyp alyp, baýryň ýüzünde jaýladylar” diýip, maryly ýaşaýjy aýdýar.

Serhetabat etrabynyň Çemenebit maldarçylyk sowhozynyň hem ýaşaýjylarynyň ýaşap oturan jaýlaryny sil suwlary basyp, ýaşaýjylaryň aglabasy öý-öwzarsyz galypdyr.

“Çemenebit obasynyň gündogar böleginde gurlan kerpiç zawodynyň galyndylaryny zawodyň jogapkär işgärleri ýagyn suwlary akyp gelýän iki baýryň ortasyndaky jara döküp, birnäçe ýyllaryň dowamynda bu jary gömdüler. Gözegçilik ýoklugy sebäpli jaryň gömülmegi bilen, ýagyn suwlary baýryň ýokarsynda toplanyp, soňra jaryň gömülen ýerini böwsüp, obanyň üstünden indi. Obanyň köp jaýlaryny suw basdy. Adam ýitgileri hem bar. Obanyň çekene sürüleriniň birnäçesi, sowhozyň uly bir sürüsi çopany bilen heläk boldy” diýip, ýaşaýjylaryň ençemesi Azatlyk radiosyna gürrüň berdi.

Häzirki wagtda öýsüz-öwzarsyz galan adamlar uly kynçylyklary başdan geçirýärler. Olar obanyň çet-gyralarynda çöp-çatmalar dikip, oňňut edýärler. Azyk önümleriniň ýetmezçiliginden kynçylyk çekýärler.

Ozaldan hem pulsuz, un-çörek ýetmezçiliginden kösenýän ýaşaýjylara bu urgy artykmaç kynçylyklary getirdi diýip, Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň bu heläkçilikler barada dymýandygyny hem ýaşaýjylar aýdýarlar.

Döwlet tarapyndan heläkçilik çekenlere hiç bir goldaw-kömek berilmändigini hem ýaşaýjylardan eşitmek bolýar.

“Heläkçilik çekip, öýsüz-öwzarsyz galan her bir hojalyga bir sintetik matras bilen bir ýasdygy kömek diýip paýladylar. 8-10 adamdan ybarat bir maşgala bir matras bilen bir ýasdygyň berilmegine ilat güljegini hem bilmediler, aglajagyny hem bilmediler” diýip, ýaşaýjylar öz nägileliklerini bildirýärler.

Döwlet gaznasynda ilata kömek bermek üçin hiç bir serişde tapylmajagyna göz ýetiren ýerli ýolbaşçylaryň edara-kärhananyň işgärlerinden pul serişdesini toplap, heläkçilik çeken ýaşaýjylar üçin serişde ýygnamaga çalyşýandyklary barada hem maglumatlar bar.

Belläp geçsek, Azatlyk Radiosyna bu wakada adam heläkçiliginiň bolandygy ýa-da bolmandygy barada maglumat almak başartmady. Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtda bolýan tebigy betbagtçylyklar we olaryň ilata ýetiren täsirleri barada adatça ne habar berýärler, ne-de mesele gozgaýarlar.

XS
SM
MD
LG