Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow “ösüş sanlaryny” getirdi, maliýe resmilerine käýinç berdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Türkmenistanyň prezidenti ösüş sanlary barada gürrüň edip, şol bir wagtda-da ýurduň ykdysady we senagat resmilerine käýinç yglan etdi.

Penşenbe güni ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ýylyň alty aýynda alyp baran işleriniň jemine bagyşlanyp geçirilen Ministirler Kabinetiniň dowamynda, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2% artandygyny aýdyldy.

Şeýle-de, şu ýylyň alty aýynyň jemleri boýunça öndürilen önümleriň ösüş depgini 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,4% artypdyr.

Ýurtda azyk harytlaryň gytçylygy we aýlyklaryň ençeme aýlap gijikdirilmeginiň fonunda, ýurt resmileri ortaça aýlyk zähmet haklarynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9% artandygyny, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň doly möçberde öz wagtynda tölenendigini öňe sürdiler.

Şol bir wagtda, ýurduň dürli pudaklaryndan Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolanlar aýlyklarynyň 2-3 aýlap gijikdirilýändigini; şeýle-de plastik kartlaryna geçirilen zähmet haklaryny bankomatlarda pul ýetmezçiligi sebäpli nagtlaşdyryp bilmeýändikleriniň aýdyp, öz nägileliklerini bildiripdiler.

Türkmenistanyň prezidenti, gytaklaýyn bolsa-da, ýurtda ýaşlaryň işsizlik we bilim almakdaky meselelerini hem agzap geçdi. Berdimuhamedow diňe şu ýylyň özünde ýurduň orta mekdeplerini 85 müň ýaşlaryň tamamlandygyny, emma ýokary okuw mekdeplerine bolsa, diňe 10 müňe golaý adamyň kabul edilýändigini aýtdy.

Ol ýaşlaryň bir böleginiň daşary ýurtlara bilim almaga gidýändigini aýtsa-da, türkmen talyplarynyň plastik kart kösençlikleri barada dymdy.

Berdimuhamedow “orta ýa-da ýokary okuw mekdebini tamamlandan ýa-da harby gullukdan soň, ýekeje adam hem işsiz galmaly däldir” diýip, çykyş etse-de, ol 60%-digi aýdylýan işsizligi aradan aýyrmak boýunça görüljek çäreler barada hiç hili maglumat bermedi.

Türkmen lideri geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, beýleki döwletlerden ýurda getirilýän harytlaryň möçberiniň 43% azalandygyny, ýurtdan beýleki döwletlere iberilýän eksport önümleriniň möçberiniň bolsa 41,5% artandygyny aýtdy.

Emma, Berdimuhamedow şeker, ýag ýaly harytlaryň gytçylygynyň döremegi ýa-da dükan tekjelerinden doly ýitirim bolmagy; defisit harytlaryň ýüzlerçe adamlyk nobatlary; aýlyklaryň ençeme aýlap berilmezligi ýaly ýagdaýlar dogrusynda hiç zat aýtmady.

Galyberse-de, Ministirler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda hasabat bilen çykyş eden resmileriň tas ählisi diýen ýaly, öz gözegçilik edýän pudagynda gazanyldy diýilýän ösüş sanlary barada çykyş etdiler. Olar bu görkezijileri hut prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty bilen baglanyşdyrdylar.

Emma ösüş sanlaryna garamazdan, Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarowa, senagat ministri H.Mergenowa, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri D.Orazmyradowa, wise-premýer K.Durdymyradowa, aragatnaşyk ministri B.Öwezowa dagy käýinç yglan etdi.

Adat bolşy ýaly, resmilere “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin” käýinçleriň berlendigi aýdylsa-da, bu diýilýän kemçilikleriň detallary aýdyňlaşdyrylmady.

XS
SM
MD
LG