Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow döwlet serişdeleriniň ogurlanmagynyň öňüni almak wadasyny gaýtalaýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Arhiw suraty
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji iýulda geçiren hökümet maslahatyndatürkmen döwletiniň häzirki pursatynda “döwlet serişdeleriniň ogurlanmagynyň doly öňüni almagyň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny" boýun aldy.

Bu boýun alyş Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory Maksat Hudaýgulyýewiň üsti açylan ykdysady jenaýatlar barada beren hasabaty bilen bagly.

Hudaýgulyýewiň hasabaty 2-nji iýulda ýylyň alty aýynyň netijeleri boýunça beren hasabatynyň yz ýanyna gabat geldi we häzir üsti açylandygy aýdylýan jenaýatlar barada şol wagt jemgyýeçilige hiç bir zat aýdylmady.

Emma indi, TDH-nyň maglumatyna görä, korrupsiýa faktlaryna garşy barlag-derňew işleri yzygiderli alnyp barylýar we korrupsiýa faktlarynyň üsti açylýar. Şol bir wagtda ýerli synçylar bu döwlet gullugynyň başda bellenen başlygy Mämmethan Çakyýewşu ýylyň aprelinde wise-premýerlige geçirilip, onuň ýerine täze ýolbaşçy belleneli bäri wada berlen korrupsiýa göreşiniň görnetin gowşadylandygyny öňe sürýärler.

Emma bu edil beýle hem däl ýaly. M.Hudaýgulyýewiň 2-nji iýulda, alty aýyň jemleri barada beren hasabatyndan birnäçe gün soň beren hasabatynda birnäçe korrupsiýa fakty agzaldy we ýene bir gezek giň ýaýran korrupsiýa medeniýeti tassyk edildi.

Mysal üçin, resmi maglumata görä, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň Türkmenbaşy şahamçanyň dolandyryjysy wezipesinde işlän G.Hangulyýew ýolbaşçylyk eden bankynyň pul gaznasynda saklanýan ABŞ dollarlaryny ogurlamak bilen meşgullandy; geçirilen derňew onuň ogurlan dollarlaryny bikanun satandygygyny ýüze çykardy.

Bellemeli ýeri, bank resmisiniň bikanun walýuta söwdasynda aýyplanmagy Milli howpsuzlyk ministrliginiň jogapkär işgärleriniň bikanun walýuta söwdasynda tutulandygy barada çykan we resmi Aşgabat tarapyndan inkär edilmedik habarlaryň birnäçe hepde yz ýanyna gabat geldi.

Emma Hudaýgulyýewiň hasabatynda MHM-niň ofiserleriniň bu jenaýata gatnaşygynyň bolandygy ýa bolmandygy barada hiç bir zat aýdylmady. Şeýle-de, dollaryň “gara bazaryndaky” nyrhlaryň aşa ýokarlanmagy we manadyň ykbaly hakynda ýaýran howsalaly gürrüňlerden soň MHM-niň başlyklygyndan boşadylan we harby çini peseldilen Döwrangeldi Baýramowyň haýsy işe geçirilendigi belli bolman galýar.

Ikinji tarapdan, üsti açylandygy aýdylýan jenaýatlar diňe dollaryň “gara bazary” we oňa ýokary wezipeli resmileriň gatnaşygy bilen hem bagly däl. Hasabatdan görnüşine görä, doly aýdylmaýandygy çaklanylýan faktlar hem Türkmenistanda korrupsiýanyň näderejede ýaýrandygy we dowam edýändigi barada pkirlenmäge ýeterlik esas berýär.

Muňa mysal hökmünde «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Jemagat hojalygy, Oba we suw hojalyk ministrlikleriniň, Lebap welaýat häkimliginiň garamagyndaky käbir edara-kärhanalaryň ýolbaşçy we jogapkär wezipeli işgärleriniň para almaklarynyň tassyk edilmegini görkezmek bolar. Şol bir wagtda, berilýän hasabatlarda döwlete ýetirilýändigi aýdylýan maddy zyýanyň möçberleri, näme üçindir, ilatdan ýaşyrylýar.

Ykdysady jenaýatlara garşy göreş baradaky döwlet gullugy geçen ýyl, maý aýynda turan korrupsiýa galmagalyndan soň döredi we ol prezident Berdimuhamedowyň esasan gurluşyk pudagynda, hususan-da Aşgabatdaky halkara uçar menziliniň gurluşygynda ýol berlendigi aýdylýan korrupsiýadan rahatsyz bolandygyny görkezdi.

Emma indi, korrupsiýa garşy alnyp barlan bir ýyllyk göreş esasan bikanun walýuta söwdasyna garşy göreşe ýazjaga meňzeýär. Sebäbi ýurtdaky walýuta ýetmezçiligi zerarly döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän millionlarça dollarlyk gurluşyklar azalyp, indi esasy wezipe gaznada galanja serişdäni gorap saklamaga syrygan ýaly diýip, Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen howpsuzlyk işgäri aýtdy.

Ýerli synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, Türkmenistanda walýuta konwertasiýasyna girizilen ýowuz çäklendrmeler dollaryň “gara bazarynyň” döremegine, resmi kursda 3,5 manat derejsinde saklanylýan dollaryň hakykatda ençeme esse gymmatlamagyna, şonuň bilen döwletiň ykdysady we maliýe syýasatyna ynamyň azalmagyna alyp geldi.

Emma muňa garamazdan, hökümet mejlisinde esasan raýatlar günäkärlenýär, ýagny olaryň para alýandyklary, özara topar döredip,daşary ýurt walýutalarynyň hümmetini emeli ýokarlandyrýandyklary öňe sürülýär.

Adatça bolşy ýaly, prezident Berdimuhamedowyň bu gezekki korrupsiýa hasabatyna jogaby hem üýtgewsiz boldy, ýagny ol käbir resmilere käýinç berdi we korrupsiýa garşy berk göreşiljekdigi baradaky wadasyny gaýtalady. Sebäbi onuň pikiriçe, “Döwlet serişdeleriniň ogurlanmagynyň doly öňüni almak häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar”.

XS
SM
MD
LG