Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Putin bilen geçiren sammitdäki pozisiýasy üçin ýiti tankyt edilýär


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin. 16-njy iýul, 2018 ý. Helsinki
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin. 16-njy iýul, 2018 ý. Helsinki

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren sammitinden soň, amerikan lideri dostlary we tankytçylar tarapyndan ýiti ýazgaryldy. Olaryň aglabasy Trampyň Putini gujaklap, ABŞ-nyň agentlikleriniň we ýaranlarynyň abraýyny pese gaçyrandygyny hem-de munuň Birleşen Ştatlaryň durýan pozisiýasyna dönüklik etmek bolandygyny aýdýar.

ABŞ-nyň Kongresindäki ýokary derejeli respublikan we ABŞ-nyň Wekiller öýüniň spikeri Paul Raýn (Paul Ryan) özüniň 16-njy iýulda giçlik eden çykyşynda, Tramp Orsýetiň 2016-njy ýyldaky saýlawa goşulyşmagy barada ABŞ-nyň Adalat departamentiniň we aňtaw gulluklarynyň gelen netijelerini ýene bir gezek sorag astyna almak bilen ýalňyşdy diýdi.

“Prezident Orsýetiň biziň ýaranymyz däldigine düşünmeli. Biziň iň esasy gymmatlyklarymyza we ideallarymyza duşman bolup galýan Orsýetiň we Birleşen Ştatlaryň arasynda hiç hili moral ekwiwalentlik, ýagny deň derejelilik ýok” diýip, Raýn aýtdy.

ABŞ-nyň Respublikan partiýasynyň iki öňki kandidaty hem, Trampyň Putin bilen duşuşmagyny ýazgardy. Putin Orsýetiň 2016-njy ýylda ABŞ-da geçirilen saýlawa goşulyşmandygy baradaky sözlerini tekrarlady.

Tramp öz gezeginde, ABŞ-nyň aňtaw gullugyny ýene sorag astyna aldy. Şol bir wagtda-da ol – ABŞ-nyň Adalat departamentiniň orsýetli operatiwnik diýilýäne garşy gönükdirilen aýyplaýjy akty yglan edendigine garamazdan – bu mesele boýunça “özüne uly ynamynyň bardygyny” tekrarlady.

ABŞ-nyň Respublikan partiýasynyň 2012-nji ýyldaky kandidaty Mitt Romneý Trampyň sammitde özüni alyp barşyny “masgaraçylykly we biziň demokratik prinsiplerimize zyýanly” diýip häsiýetlendirdi. Şeýle-de, ol bu “biziň milli bitewiligimizi gowşadyp, global derejedäki abraýymyzy peseldýär” diýdi.

“Orsýet biziň birinji derejeli geosyýasy garşydaşymyz bolup galýar” diýip, Romneý Trampyň pozisiýasynyň “akyl-paýhasy we taryhy äsgermezçilikdigini” hem sözüniň üstüne goşdy.

ABŞ-nyň Respublikan partiýasynyň 2008-nji ýyldaky kandidaty we Senatyň Ýaragly güýçler baradaky komitetiniň häzirki başlygy John McCain Trampyň Putin bilen Helsinki sammitinde geçiren metbugat konferensiýasynyň “amerikan prezidenti tarapyndan amala aşyrylan we ýatda galan iň masgaraçylykly çykyşlaryň biri” we “aýylganç ýalňyş bolandygyny” aýtdy.

“Prezident Tramp Putine garşy durmaga diňe başarnyksyz däl-de, islegsizdigini hem subut etdi. Mundan ozal hiç bir prezident hem zulumkeşiň öňünde özüni şu derejede kiçeltmändi” diýip, McCain belledi.

Trampyň ýakyn ýaranlary hem onuň sammitdäki pozisiýasyna geň galyp, alada edendiklerini aýtdylar.

Mundan öň Trampy beýleki respublikanlaryň tankytlaryndan goran we Wekiller öýüniň öňki spikeri Newt Gingrich hem, sammiti Trampyň prezidentligi döwründe amala aşyrylan “iň çynlakaý ýalňyş” diýip häsiýetlendirip, munuň “dessine düzedilmelidigini” aýtdy.

Trampyň öz partiýasy tarapyndan edilen tankytlaryň akymy şeýle giň gerimli bolany sebäpli, 16-njy iýulda giçlik Ak tam Trampyň öňümizdäki günde kanunçykaryjylar bilen duşuşjakdygyny yglan etdi. Ak tamyň metbugat sözçüsi bu duşuşyga kimleriň gatnaşjakdygyny aýdyňlaşdyrmady.

Bu aralykda, Putin Fox News neşirine beren interwýusynda Tramp bilen geçiren ýygnagynyň Orsýeti sanksiýalar we beýleki çäreler bilen izolýasiýa etmek barada Günbataryň edýän tagallalarynyň başa barmandygyny görkezendigini aýtdy.

“Meniň pikirimçe, bu tagallalaryň başa barmandygyny siziň özüňiz hem gördüňiz. Olar hiç haçan üstünlikli bolmazdy” diýip, Putin Fox News neşirine beren interwýusynda belledi.

Şeýle-de, ol: “Meniň diýjek bolýanym, Orsýetiň masştabyna, ululygyna serediň, onuň halkara howpsuzlygyndaky we ykdysadyýetindäki ähmiýetine serediň, onuň global energiýa bazaryna goşandyna serediň. Ol sanksiýa girizilip, izolýasiýa edilerden örän uly” diýdi.

XS
SM
MD
LG