Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bugdaý oragy tamamlansa-da, ilatyň un kösençligi dowam edýär


Un almak üçin nobata duran ýaşaýjylar. Arhiw suraty.

Türkmenistanda bugdaý oragynyň tamamlanyp, döwlet harmanyna bir million tonnadan gowurak bugdaý tabşyrylandygy baradaky maglumatlaryň berilýän döwründe, ýurduň ähli ýerlerinde un gytçylygynyň aradan aýrylmaýandygy barada maglumatlar gelip gowuşmagyny dowam edýär.

Daşoguz welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndan öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran ýaşaýjysynyň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, ol ogluny öýerip, toý tutmaly bolupdyr. Emma, toý çykdajysy üçin gerek bolan un-çörek meselesi iň agyr mesele bolup, maşgalany alada goýupdyr.

"Daýhan birleşiginiň ýolbaşçylaryna, oba dükanynyň satyjylaryna un meselämizi çözmek üçin kömek sorap telim sapar ýüz tutduk. Emma netije bolmady. Hojalyklara berilmeli norma uny hem ýetirip bilemizok diýip, ýüz tutan adamlarymyz bize bazarlarda satylýan gymmat bahaly undan satyn almagymyzy maslahat berdiler" diýip, ýaşaýjy aýtdy.

Ol sözüni dowam etdiri: "Bazarlarda her kilogramy 8 manada golaýlan gazak ununy satyn almaga ýagdaýymyz bolmandan soňra, biz ýolbaşçylara ýüz tutupdyk. Emma, bugdaý oragynyň tamamlanmagy bilenem, un gytçylygy aradan aýrylmandan soňra, biziň haýyşlarymyz bitmedi. Ammarlara tabşyrylan bugdaýlary kime niýetläp saklaýarlarka, satuwa bol-elin çykarmaýarlarkan" diýip, nägileligini bildirdi.

Ol öz tanyş-bilişlerine ýüz tutup, Aşgabatdan iki halta un bilen bir halta tüwiniň ugradylmagyny haýyş edipdir. Emma, oňa niýetläp Aşgabatdan Daşoguza ugradylan un bilen tüwi oňa gowuşmandyr.

Ýoldaky Polisiýanyň ýol-gözegçilik gullugynyň işgärleri bu harytlar ýüklenen awtoulagy ýolda saklap, barlap, awtoulagyň üstündäki harytlary sürüjiniň elinden alyp galypdyrlar.

Unuň gyt bolmagynda galmagyndan daşary, ilata satylýan norma unlaryň hiliniň hem barha ýaramazlaşýandygyndan hem ýaşaýjylaryň närazy bolýandyklaryny eşitmek bolýar. Käbir berilýän unlar çörek bişireniňde tamdyrda durman akýar. Käbir berilýän unlar ajymtyk bolýar. Norma berilmeli 1-nji sortly una derek bolsa, ikinji sortly gara uny hem berýärler.

"Ondan bişirilen çöregi bolsa huruşsyz iýip bolmaýar. Emma işsizlikden, pulsuzlykdan, harytlaryň bahalarynyň ýokarlanmagyndan kösenýän oba ýaşaýjylarynda huruş hem ýok" diýip, köp hojalyklaryň ýagdaýlarynyň aşa peselendigini ýaşaýjy aýdýar.

Şol bir wagtda, gazak unundan başga-da Türkmenistanyň özünde öndürilen unlaryň hem Daşoguzyň bazarlarynda satuwa çykarylýandygyny, emma ozal 50 kilogramlyk gaplanan bir haltasy 47-50 manat aralygynda bolan 1-nji sortly unlaryň häzir bahasynyň 90 manatdan satuwda bardygyny hem ol sözüne goşýar.

Ýöne, nämäniň hasabyna özümizde öndürilen unlaryň bahalarynyň ýokarlanýandygy barada ilata maglumat berilmeýär. Ilata diňe "plança tonna bugdaý ýygnaldy" diýip, döwlet derejesinde hasabat berilýär.

"Döwlet derejesinde daýhandan bugdaýyň satyn alyş nyrhynyň galdyrylmaýandygynyň fonunda, Türkmenistanda öndürilen unlaryň bahalarynyň ýokarlandyrylyp, bazarlara çykarylmagy ilat üçin düşnüksiz" diýip, dükanlara gelýän, çörek we çörek önümleriniň bahalarynyň hem, elde bişirilýän çörek önümleriniň bahalarynyň hem göz-görtele ýokarlanýandygyny ýaşaýjy aýdýar.

"Käbir görnüşli çörek we çörek önümleriniň bahalaryny ýokarlandyrsalar, olaryň aglabasynyň bahasy ozalkylygyna galýar. Ýöne, möçberleri ozalkydan ýarpy kiçeldildi. Bu bolsa sosial taýdan goragsyz maşgalalara, has hem toý-sadaka etmeli bolýan maşgalalara agyr düşýär" diýip, ol nygtaýar.

Ýatladyp geçsek, şu ýylyň 28-nji Iýunynda Türkmen Döwlet Habarlar gullugy Türkmenistanda bir milliondan hem gowurak bugdaýyň harmanlara tabşyrylandygy barada maglumat beripdi. Geçen ýyl bu sanlar bir million alty ýüz tonna möçberinde bolupdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG