Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň bazarlarynda bakja önümleriniň bahalary gymmatlaýar


Satyjylaryň aýtmaklaryna görä, önüm öndürijiler öz ýetişdiren hasylyny Gazagystan, Orsýet ýaly daşary döwletlere äkidip satmaga başlapdyrlar.

Türkmenistanda tomussyň ortaky aýlary bolup durýandygyna seretmezden, bazarlarda satylýan gök we bakja önümleriniň bahalary ýokarlanýar.

Mundan bir hepde ozalrak hem garpyzyň bir kilogramynyň bahasy 0,90-1 manat aralygynda satylýardy. Häzir onuň bir kilogramynyň bahasy 1,60 teňňeden satylýar diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan aşgabatly Merjen dowam edýär.

Tomussyň ortaky aýlary türkmenistanda gök we bakja önümleri doly ýetişip, olaryň bahalary ilat üçin iň bir elýeterli döwri bolýardy. Bu ýyl hem gawun-garpyzlar ýaňy ýetişen döwürleri olaryň bahalary ýokarrak bolsa-da, önümleriň bollanmagy bilen, olaryň bahalary aşaklapdy. Emma, bu aşaklama uzaga çekmedi. Bahalar ýene-de ýokarlanyp başlady diýip, Merjen aýdýar.

Satyjylaryň aýtmaklaryna görä, önüm öndürijiler öz ýetişdiren hasylyny Gazagystan, Orsýet ýaly daşary döwletlere äkidip satmaga başlapdyrlar. Şol daşary döwletlere alnyp gidilýän bakja önümleriniň esasy hem gawun-garpyz bolup, olar köp mukdarda daşary döwletlere çykarylýanlygy sebäpli, içerki bazarlarda önüm azalypdyr. Şol sebäpli hem gawun-garpyzlaryň bahalary ýokarlanyp başlapdyr.

Özümizde önýän badamyň, bulgar burçunyň bahasy ozal ýokarydy. Häzir bu önümleriň bahalary birneme arzanlap, ol indi köp çagaly hojalyklar üçinem elýeter boldy. Häzir Badamyň bir kilosy 2 manatdan, bulgaryň bir kilosy 3 manatdan, pomidoryň bir kilosy 3-4 manatdan satylýar.

Bu bahalar ozalkylara garanda arzanrak bolsa-da, geçen ýyllar bilen deňeşdireniňde bahalar ýokarlanýar. Ozalky ýyllarda badam, 1 manatdan, bulgar 1,50 teňňeden, pomidor 1 manatdan satylýan wagtlary hem bolardy diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.

Gök önümlerden badam, bulgar, pomidor ýaly önümler arzanlasa-da alma, şetdaly, garaly, ülje ýaly miweleriň bahalary ýokary bolmagynda galýar.

Çüliniň almasy diýlip satuwa çykarylýan almalaryň häzir bir kilogramy 6-8 manat aralygynda. Üljäniň bir kilogramy 15 manatdan, garalynyň görnüşlerine görä bir kilogramy 5-10 manat aralygynda, ýerli şetdalynyň bahalary bir kilogramy 10-12 manat aralygynda, emma daşary ýurtlardan getirilýän şetdalynyň bir kilogramynyň bahasy "Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy" söwda merkezinde 38 manatdan satylýar diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.

Aşgabadyň köçelerinde söwda merkezleriniň öňlerinde, wagtlaýyn söwda nokatlaryny gurnap, Türkmenistanda telekeçilere uly goldaw we üns berilýändigini tekrarlaýan reklama görnüşli ýazgylary görse bolýar.

Şol reklamalaryň aşagynda bolsa gawun, garpyz, pomidor, sogan, badam, bulgar ýaly gök önümler satylýar. Şeýle söwdalary gurnap, döwletiň telekeçiligi ösdürmäge uly ýardam berýändigi mahabatlandyrylýar.

Emma, iş ýüzünde telekeçileriň işleri ýatyp galdy. Daşary döwletlerden un we unaş önümlerini, kir ýuwujy himiki serişdeleri, mesge ýaglaryny, dürli alkogolsyz içgileri getirip, telekeçilik işleri bilen meşgul bolýan orta telekeçilere geregiçe konwertasiýa edilmeýänligi sebäpli, olar öz işlerini togtatmaly boldular.

XS
SM
MD
LG