Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak tam Putiniň bilelikde polisiýa sorag etmelerini geçirmek teklibiniň üstünde oýlanýar


William Browder
William Browder

Ak tam we ABŞ-nyň Döwlet departamenti rus prezidenti Wladimir Putiniň, eger Kreml tankytçysy William Browderi yzarlaýan rus prokurorlaryna birnäçe amerikany sorag etmäge rugsat berilse, amerikan prokurorlaryna 2016-njy ýylyň prezident saýlawlaryna gatyşmakda aýyplanýan 12 orsýetlini sorag etmäge rugsat bermek baradaky teklibiniň üstünde ylalaşmaýar.

At tam 18-nji iýul güni giçlik Putiniň 16-njy iýulda Finlýandiýanyň Helsinki şäherinde geçen sammitde prezident Donald Trampa eden teklibiniň üstünde oýlanýandygyny aýtdy, emma Döwlet departamenti we Federal derňew býurosy (FBI), departamentiň ony “doly bolgusyzlyk” diýip atlandyrmagy bilen, Orsýetiň talabyny ret etdi.

Orsýet Browderi salgytdan gaçmakda we galplykda aýyplady, Putin sammitde britan maliýeçisiniň Orsýetden bikanun, salgyt tölemezden 1,5 milliard amerikan dollaryny çykarandygyny öňe sürdi.

Bir zaman “Heritage Capital” korporasiýasynyň başlygy hökmünde Orsýetde Günbataryň iň uly maýadary bolan Browder Putiniň özünden Magnitskiý kanunlary diýilýäni bir topar ýurtda üstünlikli öňe sürendigi üçin öç aljak bolýandygyny aýdýar. Sebäbi bu kanunlar Orsýetde we beýleki ýurtlarda adam hukuklaryny bozýanlara garşy sanksiýa girizilmegine ygtyýar berýär.

Orsýetiň prokuratura edarasynyň Browdere garşy iş bilen ilteşikli sorag etmek isleýän birnäçe amerikanyň arasynda Birleşen Ştatlaryň Orsýetdäki öňki ilçisi Maýkl MakFaul (Michael McFaul) hem bar. Ol 17-nji iýulda Döwlet departamentini Orsýetiň birnäçe amerikany sorag etmäge rugsat bermek talabyndan “boýun gaçyrmaga” çagyrdy.

Döwlet departamentiniň sözçüsi Hizer Nauert (Heather Nauert) 18-nji iýulda “Rus hökümetinden çykan umumy tassyklamalar doly bolgusyzlyk” diýdi.

Şeýle-de ol amerikan sudunyň Orsýetiň Browdere garşy aýyplamalaryny eýýäm ret edendigini we rus häkimiýetleriniň bu meseledäki amerikan pozisiýasyny bireýýämden bäri bilýändigini aýtdy.

“Orsýetiň Baş prokuraturasy bu mesele boýunça Birleşen Ştatlaryň rus aýyplamalaryny ret edendiginden örän gowy habarly...” diýip, Nauert belledi.

Federal derňew býurosynyň (FBI) direktory Kristofer Wraý (Christopher Wray) hem bu meselä äsgermezlik bilen seretdi. 18-nji iýulda Koloradodaky Aspen howpsuzlyk forumynda çykyş eden Wraý Putiniň teklibi “biziň derňew usullarymyzyň sanawynda beýle bir ýokary derejeli hasaplanmaýar” diýdi.

Emma amerikan agentlikleriniň beren jogaplary Ak tamyň metbugat sözçüsi Sarah Hakabe Sandersiň (Sarah Huckabee Sanders) aýdanlaryna çapraz gelýär. Sanders prezidentiň “toparynyň” Orsýetiň eden teklibiniň üstünde oýlanýandygyny aýtdy. Tramp Putiniň bilelikde polisiýa sorag etmelerini geçirmek teklibini “ajaýyp teklip” diýip atlandyrdy.

Sanders hem Trampyň rus prezidentiniň teklibini “gyzykly idea, pikir” diýip häsiýetlendirendigini aýdyp, “ol onuň topary bilen işleşmek, şeýle-de bu prosese peýdaly bolup biljek haýsydyr bir esasyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak isleýär” diýdi.

“Prezident onuň topary bilen duşuşmagy planlaşdyrýar we biz bu mesele boýunça täzelik bolanda sizi habarly ederis. Biz häzirlikçe hiç zat etmedik” diýip, Sanders aýtdy.

Bu aralykda, Browder “Fox Business Network” neşirine beren maglumatynda Ak tamyň Putiniň bilelikde polisiýa sorag etmelerini geçirmek teklibiniň üstünde oýlanmagy “geň galdyryjy” diýdi.

Birleşen Ştatlaryň öňki prezidenti Barak Obamanyň döwründe ABŞ-nyň Orsýetdäki ilçisi bolan we häzirki wagt Stanford uniwersitetinde işleýän MakFaul “Reuters” neşirine beren maglumatynda Ak tamyň “däli” rus aýyplamalaryna garşy özüni gorap çykyş etmändigine “ýiti aladalanandygyny” aýtdy.

XS
SM
MD
LG