Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanda ilat ‘bankomat nobatlarynda nagt pul kynçylykaryndan' kösenýär


Mary welaýatyndaky bir bankomatyň öňünde dörän nobat

Türkmenistanyň Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda ýerli ilatyň pensiýa pullaryny, çagalara berilýän döwlet kömek pullaryny we býujet işgärleriniň öz aýlyklaryny plastik kartlary arkaly nagtlaşdyrmak boýunça kynçylyklary başdan geçirýändikleri habar berilýär. Aýdylmagyna görä, häkimiýetler munuň sebäbini döwlete hasyl tabşyran daýhanlara geçirilmeli tölegiň ilkinji nobatda zerurlygy bilen düşündirýärler. Mekdep direktorlary we hassahanalaryň baş lukmanlary garamagyndaky işgärlere gündelik zerur bolan azyk-harytlary üçin edimeli harajatlarar bilen bagly, olara maliýe ýetmezçiligi sebäpli dükanlardan wagtlaýynça “ýazdyryp” söwda etmegi maslahat berýär. Bular barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde 19-njy iýunda habar berdi.

“Şu aý Maryda, Lebapda we Daşoguzda adamlar plastik kartyna geçen pensiýa pullaryny, çagalaryň “posobiýasyny”, [ýagny ýaş çagalara tölenýän döwlet kömek pullaryny] we býujet işgärleri öz aýlyklaryny nagtlaşdyrmakda gaty kösenýärler” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, häkimiýetler şu ýyl döwlet harmanyna hasyl tabşyran daýhanlar bilen ilkinji nobatda bökdençsiz hasaplaşmak maksady bilen bankomatlara pul goýmagyň wagtyny yza süýşüripdirler.

“Nyýazow etrabynyň ýüzlerçe ýaşaýjysy – pensiýa we döwlet kömek pullaryny alýan raýatlar, şeýle-de aýlykly býujet işgärleri iki hepde bäri pulsuz bankomatlaryň öňünde gije-gündiz uly umyt bilen ýok pula garaşyp nobat tutýarlar” diýip, habarçy belledi.

“Şu aýyň başynda Daşoguzyň käbir etraplaryndaky bankomatlarda biraz puluň bolandygyny dürli etraplaryň ýaşaýjylary aýdýarlar emma prezidentiň ilkinji nobatda daýhanlar bilen wagtynda hasaplaşylmalydygy barada beren tabşyrygyndan soň welaýat häkimligi nagt puly tygşytlajak bolýar” diýip, habarçy aýtdy.

Ýöne habarçy ýerli ýaşaýjylaryň ençemesiniň bu ýyl daýhanlaryň daban azabynyň töleginiň ujypsyz boljakdygyny çaklaýandygyny aýtdy.

“Şu ýyl döwlete iň aňrybaş bugdaý hasylyny tabşyran kärendeçileriň zähmet hakynyň 3 müň manatdan geçmejekdigi ajy hakykat” diýip, habarçy şeýle töleg tölenjek kärendeçiniň sanynyň hem köp däldigini çaklap, sözüniň üstüni ýetirdi.

Onuň sözlerine görä, bilim we saglygy goraýyş pudagynyň welaýat derejesindäki başlyklary iýul aýynyň aýagyna çenli bu pudagyň etraplardaky we obalardaky işgärlerine bankomatlaryň öňünde görünmezligi tabşyrypdyrlar.

“Eger nobatda görünäýseler olaryň işlerinden boşadyljakdygy tabşyrylypdyr” diýip, habarçy sözüne goşdy.

Şeýle-de ol mekdep direktorlarynyň we hassahanalaryň baş lukmanlarynyň öz gol astyndaky işgärlerine bir aýlap emel edip oňuşmagy maslahat berýändigini habar berdi.

“Mekdep müdirleri we hassahanalaryň baş lukmanlary öz garamagyndaky işgärlerine dükanlardan gerek azyk-harytlaryny karzyna ýazdyryp, bir aý emel edip oňuşmagy tabşyrdylar. Ýöne azyk önümleriniň bahalarynyň her gün däl, her sagatda gymmatlaýan döwründe hiç bir dükan eýesi karzyna haryt bermeýär” diýip, habarçy maglumat berdi.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady gowuşgynsyzlygyň esasan ýönekeý halkyň gündelik durmuşyna agyr täsir edýändigini Azatlygyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.

Türkmen resmileri ýurtdaky ykdysady kynçlyklary ne tassyklap, ne-de inkär edip çykyş edýär.

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG