Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda öýsüz it-pişikler ýene-de köçeden köpçülikleýin ýygnalýar


Idegsiz it, Aşgabat, iýul, 2018
Idegsiz it, Aşgabat, iýul, 2018

Aşgabatda öýsüz it-pişikleri köçeden ýygnamak we ýok etmek boýunça işler ýene-de batlandy diýip, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary aýdýarlar.

Türkmenistanyň paýtagtynyň öý dolandyryş müdirliginiň işgärleriniň Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna aýtmagyna görä, olara köçelerde idegsiz ýören itleri we pişikleri tutup, olary edara tabşyrmak barada ýörite görkezme berilýär, plan kesgitlenýär.

Öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran ýaşaýyş jaý müdirliginiň işgäriniň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, müdirligiň tehniki işgärlerine, ýagny köçe süpürijilere, arassaçylyk we bagbançylyk işlerini edýän işgärlerine, şeýle-de suw üpjünçilik işlerini ýerine ýetirýän santehniklere her hepdede bir iti ýa-da bir pişigi diriligine ýa-da onuň maslygyny ýaşaýyş jaý ulanyş edarasyna tabşyrmagyna görkezme berilýär.

"Itiň ýa pişigiň maslygyny tabşyryp bilmedik işgärlerden it üçin 16-manat, pişik üçin bolsa 10-manat pul talap edilýär. Maslygy ýa diri itdir-pişigi getirip tabşyrmadyk işgär aýdylan puly öz hasabyndan tölemäge borçly edilýär" diýip, ýaşaýyş jaý müdirliginiň Azatlyk bilen söhbetdeş bolan işgäri aýtdy. Onuň sözlerine görä, işini ýitirmejek bolup, köçe süpürýän zenanlar hem beýleki işgärler özlerine berlen tabşyrygy ýerine ýetirmäge mejbur bolýarlar.

Şu günler idegsiz haýwanlaryň köpçülikleýin ýok edilýändigini Aşgabadyň ýaşaýjylary hem tassyklaýarlar.

"Olary köçe süpüriji zenanlar awlaýarlar we hakyna tutulýan welaýat ýaşaýjylary. Itleri gyzgylt reňkli ýörite awtoulaglar bilen äkidýärler. Käwagt köpçüligiň gözüniň alnynda itleriň kellesine, oňurgasyna demir taýak bilen urýarlar, ýüpden we demir simden halka edip bogýarlar. Köçe süpürijiler bolsa pişikleri polietilen haltalara salýarlar, elbetde haýwanlaryň ählisi demigip ölýär. Howanyň gyzgyny günüň aşagynda 60 gradusa ýetýär. Polietilen haltalaryň içindäki bug daşyna suw bolup dökülýär" diýip, aşgabatly söhbetdeşimiz özüniň şaýat bolan ýagdaýlaryny gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, käte haýwanlaryň ýok edilmegi boýunça çäreleriň berjaý edilişine polisiýa işgärleri gözegçilik edýärler we rehimsizliklere garşy çykan adamlara basyş görkezýärler.

Aşgabadyň öý dolandyryş edaralarynyň birnäçe işgäri bilen söhbetdeş bolan Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu işde ýüregi ýukarak zenan işçileriň öýsüz haýwanlary öldürmän, olary tutup, diriligine eltip tabşyrmaga synanyşýandygyny gürrüň berdi.

"Itdir-pişiklere ýüregiň awaýar. Ol janawarlar köçede aç-suwsuz gezip ýörler. Zir-zibil oklanýan gapyrjaklaryň ýanynda aýlanyp, galan-gaçan iýmitleri gözleýärler. Ine şol zir-zibil oklanýan ýaşikleriň ýanynda hem olary awlap, köne halta salyp, ýaşaýyş jaý ulanyş trestine eltip tabşyrýarys" diýip, haýwanlary tutýan işgärleriň biri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Aşgabatly söhbetdeşlerimiziň ýene biri Änew şäherçesiniň kommunal kärhanasynyň öňki işgäri şeýle talaplara çydam edip bilmän, özüniň işden çykandygyny aýtdy: "Itdir-pişigi öldürmek däl, ony tutup diriligine kontora eltip tabşyrmaga hem ýüregim çydamaýardy. Sebäbi ony diri tabşyranyň bilen hem ol seniň eliň bilen ölüme alnyp barylýar".

Ýaşaýjylaryň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtmaklaryna görä, idegsiz haýwanlaryň köçelerde köpelmegine Aşgabatda ýaşaýyş jaýlaryň köpçülikleýin ýumrulmagy hem sebäp bolýar.

"Tipli jaýlarda ýaşap, soňra jaýlary mejbury ýumrulan ýaşaýjylar özleriniň itdir-pişiklerini köçede galdyrmaga mejbur bolýarlar. Bu ýumrulyşyklar häzirem dowam edýär we jaýlary ýykylýan ýaşaýjylar öz öý haýwanlaryny köçede galdyryp gidýärler" diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Soňky ýylyň dowamynda Aşgabadyň köçelerinden idegsiz haýwanlary ýygnamak boýunça işler belli bir derejede guramaçylykly häsiýete eýe boldy.

Paýtagtda idegsiz haýwanlary köçelerden ýygnamak işiniň ýaşaýyş jaýlara garaşyk edýän oý hojalyk edaralarynyň amala aşyrylandygyny, köçelerde olary toplaýan gyzgylt reňkli ýörite awtoulaglaryň peýda bolandygyny Azatlyk Radiosynyň habarçylary, haýwanlary goraýjy aktiwistler we garaşsyz media serişdeleri habar beripdi.

Ýerli synçylar, öýsüz haýwanlary köçeden ýygnamak boýunça guramaçylykly işleriň döwlet tarapyndan ähmiýet berilýän çäreleriň we uly baýramçylyklaryň öňýany hasam batlanýandygyna ünsi çekýärler.

Bu işiň häzirki tapgyry Türkmenistanyň "Amul-Hazar" awtorallisine, gadymy Ýüpek ýolunyň geçen ugry boýunça ýeňil atletika we tigirli ýörişlere, şeýle-de Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görýän döwrüne gabat geldi.

Mundan öň Türkmenistanyň geçen ýylyň sentýabr aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiren V Aziýa oýunlarynyň öňýanynda Aşgabatdaky graždan aktiwistler türkmen häkimiýetleriniň paýtagtyň ähli künjeklerinde öýsüz haýwanlary ‘awlamak’ boýunça giň göwrümli çäre geçirýändigini, itleriň we pişikleriň köçelerde zäherlenip öldürilýändigini habar beripdiler.

Aşgabadyň daşyndaky itler üçin penahana
Aşgabadyň daşyndaky itler üçin penahana

Aşgabadyň häkimiýetleri öýsüz haýwanlaryň awlanmagy we ýok edilmegi baradaky habarlary ne şonda, ne-de häzir tassykladylar. Azatlyk Radiosynyň beren soraglaryny kommentirlemekden ýüz öwürdiler.

Geçen ýylda idegsiz haýwanlaryň rehimsiz ýok edilýändigi barada garaşsyz çeşmeleriň yzygiderli çap eden maglumatlaryndan soň, Türkmenistanyň döwlet mediasy ýurtda öýsüz haýwanlar üçin ýörite penahananyň döredilendigini habar beripdi. Emma ýerli aktiwistler Çoganlyda ýerleşýän bu penahanada itleriň açlykdan ölýändigini köpçülige mälim edipdi.

XS
SM
MD
LG