Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý Pakistanyň üstünden TOPH-a birikmäge gyzyklanma bildirýär – Pakistanly resmi


Illýustrasiýa suraty

Hazarýaka döwletleriniň 12-nji awgustda geçirýän sammitiniň edil öňýany, Pekin Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisine goşulmaga isleg bildirýär. Bu barada Reuters habar gullugy pakistanly bir resmä salgylanyp, 8-nji awgustda habar berdi.

“TOPH tebigy gaz geçirijisi işläp başlasa, Hytaý oňa goşulmak üçin geçirijiniň Pakistanyň territoriýasyndan geçýän böleginden oňa birikmegiň mümkinçiliklerini agtarýar” diýip, Pakistanyň döwlet eýeçiligindäki “Inter State Gas Systems” kompaniýasynyň baş dolandyrjysy Mobin Saulat Reuterse aýtdy.

Dünýäniň iň uly ikinji gaz ýatagy bolan “Galkynyş” käninden Pakistanyň demirgazyk Hindistan bilen araçäkleşýän Fazilka şäherine çenli uzynlygy 1840 kilometr boljak TOPH taslamasynyň üsti bilen dört ýurda her ýyl 33 milliard kub metr gaz akdyrmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan gaz söwdasynda 2016-njy ýylda Orsýeti, 2017-nji ýylda Eýrany ýitirenden soň, eksportda diňe Hytaýa garaşly bolup galdy. Ol TOPH arkaly energiýa ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýär.

Türkmenistandan Hytaýa iki ýurduň arasynda häzir bar bolan gazgeçirijileriň üstüne, goşmaça hökmünde “D” şahasynyň durmuşa geçirilmegine garaşylýar.

Merkezi Aziýadan Hytaýa çekilen gaz geçiriji “A”, “B” we “Ç” ugurlary arkaly gaz akdyrýar. Bu halkara geçirijiniň düzümine “D” şahasynyň goşulmagy babatda degişli taraplar iş alyp barýar.

Radio Free Asia neşiriniň iýunyň aýagynda çap eden makalasynda, gazgeçirijiniň “D” şahasyny gurmak barada 2013-nji ýyldan bäri iş alnyp barylýar, ýöne bu şahanyň gurluşygy gaýta-gaýta yza süýşürildi.

Resmi maglumatlara görä, ilkibaşda bu şahanyň gurluşygynyň 2016-njy ýylda tamamlanmagy göz öňünde tutulýardy, ýöne soňra bu 2020-nji ýyla süýşürildi. Has soňky maglumatlara görä, indi bu ugruň 2022-nji ýylyň aýagynda işi girizilmegine garaşylýar.

Gaz geçirijiniň “D” ugrunyň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen, Türkmenistanyň Hytaýa gaz eksportynyň möçberini artdyrmaga mümkinçiligi bolar.

Ýöne, ynha, pakistanly resminiň 8-nji awgustdaky çykyşynda “Hytaý “D” şahasynyň gurluşygyna alternatiwa hökmünde TOPH-a Pakistandan birikmäge gyzyklanýar”

Pakistanyň döwlet gaz kompaniýasynyň dolandyryjysy Mobin Saulat Reuterse beren gürrüňinde hytaýly resmileriň Pakistanyň üstünden transmilli geçirijä birikmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Şeýle-de ol bu liniýanyň Pekiniň Türkmenistandan başga geçiriji şahasyny çekmek planlaryna alternatiwa bolup hyzmat edip biljekdigini aýtdy.

“Bu şahanyň gurulmagy bilen olaryň [Hytaýyň] başga geçiriji şaha zerurlygy bolmaz” diýip, Saulat aýtdy.

Başga gaz geçiriji şahasy hökmünde Hytaý Merkezi Aziýadan “D” şahasyny çekmegiň üstünde işleýärdi.

TOPH taslamasy babatda, käbir bilermenler bu taslamanyň howpsuzlyk jähtden saldamlylygyna ikirjiňli çemeleşýärler.

12-nji awgustda Gazagystanyň Aktau şäherinde Türkmenistanyň, Azerbeýjanyň, Eýranyň, Orsýetiň, hem-de Gazagystanyň ýokary derejeli resmileriniň gatnaşmagynda sammit geçirilip, onuň dowamynda Hazaryň statusyny kesgitleýän konwensiýa gol çekilmegine garaşylýar. Energiýa boýunça bilermenler, bu konwensiýa gol çekilmegi bilen, Türkmenistanyň Trans-Hazar gaz geçirijisini gurup, onuň üsti bilen Ýewropa gaz eksport etmäge mümkinçiligi bolar diýip çaklaýarlar.

Beýleki bir tarapdan, golaýda Orsýet Türkmenistan bilen aradaky gaz söwdasyny dikeltmek baradaky gepleşikleriň güýzde gaýtadan başlanmak ähtimallygyny ýaňzytdy.

TASS habar gullugynyň 27-nji iýulda Orsýetiň energiýa ministriniň orunbasary Anatoliý Ýanowskä salgylanyp habar bermegine görä, “Gazprom” güýzde türkmen gazyny satyn almak baradaky gepleşiklere täzeden başlap biler.

Türkmenistan energiýa nyrhlarynyň global pese gaçmagy, şeýle hem Orsýet we Eýran ýaly alyjylaryny ýitirmegi bilen, soňky döwürde garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryny başdan geçirdi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG