Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda turan tupan elektrik sütünlerini ýykdy, welaýat toksuz galdy


Ýel elektrik geçirijileriniň sütünlerini ýykdy. 11-nji awgust, 2018 ý.
Ýel elektrik geçirijileriniň sütünlerini ýykdy. 11-nji awgust, 2018 ý.

Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynda ýarygijeden soň turan güýçli ýel daşoguz topragyndaky ýokary woltly tok geçirijileriň we adaty elektrik geçirijileriniň sütünleriniň bir toparyny ýykyp, goparyp taşlady.

Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy 11-nji awgust güni irden welaýatyň ähli ýerinde elektrik üpjünçiliginiň kesilendigini, ýeliň tizliginiň pesinden sekuntda 50 metre barabar, belki-de ondan hem güýçli bolandygyny habar berdi.

“Häzir döwletiň uly kärhanalary işini togtatdy, ýangyç guýulýan stansiýalar işlemeýär” diýip, çeşme ýeliň hojalyk jaýlarynyň hem üçeklerini goparýandygyny habar berdi.

Adam pidalary hakynda maglumat ýok.

Soňky gelip gowşan maglumata görä, häzir ýokary woltly elektrik sütünlerini bejermek işleri alnyp barylýar.

Mundan öň Daşoguz welaýatynda 18-nji iýulda hem duzly tozan ýagypdy. Ondan öň şeýle tozan 27-nji maýda turdy.

Azatlygyň çeşmesi iýuldaky tozanyň maýdaky ýaly güýçli däldigini, 250 metr çemesi aralygy görse bolýandygyny habar berdi.

Maý aýynyň aýagynda, has anygy 27-nji maýda, gije sagat ikilerde turan çal tupan sekuntda 20 metr tizlikdäki ýel bilen başlanyp, bir günden – 28-nji maýa geçilýän gije Aşgabada baryp ýetdi.

Ýurduň paýtagtyny gurşap alan çal duman tutuş bir gün saklandy we 29-njy maýda hem howa doly saplanmady.

Ýerli synçylar şonda Azatlyk radiosyna 1970-80-nji ýyllarda Aşgabady birnäçe gezek sarymtyl tozanyň gurşap alandygyny, emma munuň ýaly çal tupanyň bu golýada ilkinji gezek bolandygyny gürrüň berdiler.

Azatlygyň çeşmeleri duzly tupanyň ekerançylyga we maldarçylyga uly zyýan ýetirendigini habar berdiler, emma ýurt ýapyk bolansoň, ol aýdylýan zyýanyň möçberlerini anyklamak başartmady.

Resmi türkmen mediasy, adatça bolşy ýaly, ýurtda bolýan tebigy hadysalar barada maglumat bermeýär.

XS
SM
MD
LG