Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanda taryhy ýer-ýurt atlarynyň ýalňyş düşündirilmegine göz ýumulýar


Türkmen gazetleri

Türkmen gazetleri soňky döwürde ýakynda geçiriljek “Amul-Hazar” awtorallisi bilen baglylykda ýer-ýurt atlary barada göwrümli makalalary çap edýär.

Bu makalalaryň soňra ýurtda geçirilýän sport çäresine gelen daşary ýurtly myhmanlara sowgat bermek üçin üç dilde, kiçiräk kitapçalar görnüşinde çapa taýýarlanylýandygy hakynda hem maglumat bar.

Azatlyk radiosy bilen gürleşen dilçileriň, taryhçylaryň tassyklamagyna görä, bu makalalarda taryhy ýer-ýurt atlary, olaryň gelip çykyşy düşündirilende köplenç düýpli ýalňyşlyklara ýol berilýär.

"Ýogsam bolmasa, türkmen alymlary mundan öň ýer-ýurt atlary barada bir topar iş etdi, bu ugurda kitaplar, makalalar çap edildi, emma täze ýazylýan makalalarda öňki işlere seredilmeýär" diýip, anonim şertde gürleşen dilçi aýtdy.

Azatlyk radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, taryhçy ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Türkmenistanda taryhy ýer-ýurt atlarynyň ýalňyş düşündirilmegine göz ýumulýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:47 0:00

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG