Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Daşoguzda mekdep mugallymlary noutbuk satyn almaga mejbur edilýär


Birinji klasa baranlarynda noutbuk sowgat berlen okuwçylar. 2011.

Türkmenistanda mekdep mugallymlarynyň noutbuk satyn almaklary we kompýuter ulanmagy öwrenmekleri talap edilýär.

Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesiniň maglumatyna görä, bu talap mekdep mugallymlarynyň etrap merkezlerinde geçirilýän “usuly-amaly okuw maslahatlary” mahalynda aýan edildi.

Bu maslahatlarda her ýyl oba, etrap we şäher ýerlerindäki mekdeplerden toplanan mugallymlar bilen sapak geçmegiň usullary barada tejribe alşylýar. Geçen ýyllardaky maslahatlardan tapawutlylykda, bu gezek mugallymlaryň ýene bir täze, maslahatda gelmekden başga hem çykdaja galýandygyaýdyldy: olar mekdepde okuw başlanýança şahsy noutbuk satyn almaly.

Mundan öň Balkan welaýatynyň mekdeplerinde işleýän mugallymlaryň birnäçesi Azatlygyň ýerli çeşmesi bilen duşuşyp, ýylda geçirilýän “usuly-amaly okuw maslahatlaryň” ozalam güzeranyny zordan aýlaýan mugallymlar üçin uly çykdajy bolýandygyny, üstesine ol maslahatda hiç bir täze zadyň hem öwredilmeýändigini habar berdiler.

Aýdylmagyna görä, mekdeplerden etrap merkezlerine toplanýan mugallymlara bu maslahata gatnaşmak üçin çykarýan çykdajylarynyň öwezine döwletden hiç bir töleg tölenmeýär we netijede ýol harajatlaryny-da, beýleki çykdajylaryny-da olaryň özleri çekmeli bolýar.

“Mugallymlaryň ählisi noutbuk satyn almaga mejbur edilýär, olara 1-nji sentýabra çenli noutbuk satyn aljakdyklary we kompýuter ulanmagy öwrenjekdikleri barada dilhaty ýazdyrýarlar” diýip, Azatlygyň ýurduň demirgazyk sebitindäki çeşmesi 18-nji awgustda habar berdi.

Elbetde, Türkmenistanyň mekdeplerinde sapak berýän mugallymlaryň kompýuter ulanmagy öwrenmekleri baradaky talap täzelik däl we mundan öň gowşan maglumatlarda olaryň toplanyp, hakyny töläp, öz pullaryna kompýuter sowadyny çykmaga çalyşýandyklary habar berlipdi. Emma indi bu talap has çynyrgadylýar, sebäbi mugallymlaryň köpüsi kompýuter ulanmagy özbaşdak öwrenip bilmedi diýip, aşgabatly magaryf işgäri Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen aşgabatly mugallymlaryň ikisi, bir-birinden habarsyz, özlerinde ne şahsy sapak almaga, ne-de kompýuter satyn almaga mümkinçilik bolandygyny, sebäbi maşgalalarynyň uludygyny we aýlyklarynyň zordan güzeran aýlamaga ýetýändigini gürrüň berdiler.

Bu mesele daşoguzly mugallymlara hem degişli. Azatlygyň çeşmesiniň maglumatyna görä, Daşoguzda mugallymlaryň tas ählisi 800-1100 manat töwereginde aýlyk alýarlar.

“Bu aýlyk häzirki gymmatçylykda maşgalanyň 15-20 günde iýjek çöregine zordan ýetýär, munuň üstesine iki aý bäri aýlyk hem berilmeýär – diýip, Azatlygyň çeşmesi bilen gürleşen daşoguzly mugallym aýtdy. – Munuň üstesine, mugallymlary her dürli jemagat-hojalyk işlerine, çärelere we okuwlara çekýärler we olar goşmaça ýol, azyk harajatlaryny çekmäge mejbur bolýar. Indi bilim bölüminiň ýolbaşçylarynyň talap edýän noutbuk kompýuterine pul tapmaly, näme etjegimi bilemok” diýip, adynyň aýdylmagyny islemedik mugallym aýtdy.

Aýdylmagyna görä, mugallymlaryň satyn almaly noutbuklarynyň bahalary, iň arzanlary diýlende hem, 8 müň bilen 15 müň manat aralygynda bahalanýar, bu mugallymlaryň, eger pul tapsalar ýa karza girseler, azyndan 10 ýa-da 18 aýdaky aýlyklarynyň noutbuk kompýuterlere harçlanmaly boljagyny aňladýar. Mundan başga, olar şahsy mugallym tutup, kompýuter sapaklaryny hem almaly bolarlar.

Şonuň bilen bir wagtda, mugallymlaryň “usuly-amaly okuw maslahatlaryna” gatnaşan mugallymlar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym”, “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaplaryny hem satyn almaly bolupdyr. Olara bu kitaplary sapak geçenlerinde netijeli ulanmagyň usullary öwredilipdir.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG