Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet ABŞ-nyň Moskwadaky owgan gepleşiklerine goşulmazlygyny tankyt edýär


“Başlangyç reaksiýa oňyn boldy” diýip, S. Lawrow aýtdy. “Olar bu duşuşyga gatnaşmagy planlaşdyrýarlar.”
“Başlangyç reaksiýa oňyn boldy” diýip, S. Lawrow aýtdy. “Olar bu duşuşyga gatnaşmagy planlaşdyrýarlar.”

“Interfax” ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň sözçüsine salgylanyp, Birleşen Ştatlaryň 4-nji sentýabrda boljak duşuşyga gelmejeginihabar bereninden soň, Orsýetiň Daşary işler ministrligi Waşingtonyň Moskwanyň beýemçiliginde geçiriljek owgan parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşmakdan boýun gaçyrmagyny tankyt etdi.

Rus ministrliginiň 22-nji awgustda çap eden beýanatynda “Owganystan baradaky duşuşyga gatnaşmakdan ýüz öwürmegi Waşingtonyň Owganystanda parahatçylyk prosesiniň başlanmagyna gyzyklanmaýandygyny görkezýär” diýilýär.

“Biz, gynansak-da, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň beýanatyndan amerikanlaryň Moskwadaky duşuşyga gelmejegini bildik” diýip, ministrlik aýdýar. “Boýun almaly ýeri, bu ädim geň galdyryp hem duranok” diýip, beýanatda bellenilýär.

Moskwanyň Owganystanda has görnükli rol oýnamagyna ymtylyp, Orsýet özüniň bu gepleşiklere 11 ýurduň, şol sanda Birleşen Ştatlaryň hem wekillerini çagyrandygyny aýdýar.

Daşary işler ninistrligi 22-nji awgustda duşuşyga çagyrylan beýleki ýurtlaryň arasynda Owganystanyň, Pakistanyň, Hytaýyň, Eýranyň, Hindistanyň, şol sanda Merkezi Aziýadaky ozalky sowet respublikalarynyň hem bardygyny aýtdy.

Orsýetiň daşary işler ministri sergeý Lawrow 21-nji awgustda Moskwadaky duşuşyga “Talyban” hereketiniň hem çagyrylandygyny we olaryň bu çakylygy kabul edendigini aýtdy.

“Başlangyç reaksiýa oňyn boldy” diýip, Lawrow aýtdy. “Olar bu duşuşyga gatnaşmagy planlaşdyrýarlar.”

“Talybanyň” uly derejeli resmisi hem bu habary tassyklady we jeňçi toparyň “Owganystanda parahatçylygyň berkarar bolmagynyň hatyrasyna” Orsýete delegasiýa ibermekçidigini aýtdy.

Anonimlik şertlerinde gepleşen talyban agzasy “Talybanyň” sebitdäki beýleki ýurtlara, şol sanda Pakistana we Hytaýa hem “özlerine ynam bildirilmegi we aladalarynyň çözgüdi üçin” delegasiýa ibermekçidigini aýtdy.

Orsýet owgan hökümetiniň Russiýa “Yslam döwleti” ekstremist toparyna garşy söweşmek üçin “Talybany” ulanmagy maksat edinýär diýen tassyklamasyny hem ret edýär.

Bu tassyklama owgan ilçisi Abdul Kaýýum Koçaý tarapyndan öňe sürüldi. Emma Orsýetiň Daşary işler ministrligibu tassyklamanyň “myjabata” esaslanýandygyny we “Orsýetiň Owganystan babatdaky syýasatynyň manysyny düýpden ýoýýandygyny” belledi.

YD-nyň Owganystandaky ýygynçaklarysoňky ýyllarda uly hüjümler tapgyryny taýýarlady we “Talyban” söweşijileri bilen gaýta-gaýta çaknyşdy.

YD-nyň owgan bölüminiň Orsýet we Merkezi Aziýadaky ozalky sowet respublikalary üçin has gorkunç görünmeginiň ýene bir sebäbi bolsa, olaryň arasynda söweşde berkişen özbek jeňçileriniň hem köp bolmagy bolup durýar.

“Men Orsýetiň “Talybany” YD-a garşy söweşýändigi nädip suda berjegini hyýalymda hem göz öňüne getirip bilmeýärin” diýip, Lawrow 21-nji awgustda aýtdy. “Biz YD-a garşy mümkin bolan ähli ugurda söweşýäris. Biz bu söweşde Siriýany hem goldaýarys. Biz şu maksat bilen yrak goşunyny enjamlaşdyrýarys we tebigy ýagdaýda Owganystanyň halkynyň hem YD-dan dynanyny görmek isleýäris”.

Rus prezidenti Wladimir Putin 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndaky terror hüjümlerinden soň ABŞ-nyň Owganystana goşun salmagyny goldady.

Emma Moskwa bu sebitde öz diplomatik tagallalaryny güýçlendirdi we, soňky ýyllarda Waşington bilen arasyndaky gatnaşyklarynyň barha ýaramazlaşmagy bilen, ABŞ-nyň hereketlerini barha kän tankyt etdi.

XS
SM
MD
LG