Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň öňki aklawçysy derňewçilere içini dökmäge taýýardygyny aýdýar


Maýkl Koen (Michael Cohen)

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ozalky şahsy aklawçysynda 2016-njy ýyldaky saýlaw kampaniýasy bilen Orsýetiň arasyndaky baglanyşyklary derňeýän ýörite prokurory “gyzyklandyryp biljek belli bir maglumatlar bar” diýip, onuň aklawçysy aýdýar.

Maýkl Koeniň (Michael Cohen) aklawçysy 22-nji awgustda Koeniň diňe ABŞ-nyň ýörite geňeşçisi Robert Mýullere däl, eýsem Kongresde Orsýetiň saýlaw gatyşmalary tagallalaryny derňeýän komitetlere hem maglumat bermek isleýändigini aýtdy.

Bu teklip Trampyň öňki “iş düzedijisiniň”, hamala Trampyň ugrukdyrmagynda, onuň Ak tama dalaş edýän wagtynda Tramp bilen gatnaşykda boldum diýýän iki aýaly susdyrmak üçin pul tölemekde günälidigini boýun almagynyň bir gün soňundan edildi.

Medianyň habar bermegine görä, Koen Mýullere Trampyň 2016-njy ýylda Tramp Diňi binasynda bolan duşuşykdan öňünden habarly bolandygyny aýtmak isleýär. Şonda onuň uly oglunyň orsýetli aklawçy bilen duşuşyp, Trampyň demokrat garşydaşy Hillari Klinton barada ýakymsyz maglumat tapmaga çalşandygy aýdylýar.

Koeniň bu duşuşyk barada bilýän zatlary eýýäm Senatyň aňtaw komitetinde hem gyzykanma döretdi, sebäbi,respublikan we demokrat agzalarynyň golaýda Koen bilen bu meselede gürleşendiklerini aýtmaklary bilen, bu komitet hem Orsýet we Tramp kampaniýasynyň arasyndaky gatnaşyklary derňeýär.

Koeniň aklawçysy Lenni Deýwis (Lanny Davis) öz tapgyrlaýyn telewizion söhbetdeşliklerinde Koeniň Mýullere Trampyň 2016-njy ýyldaky kampaniýa mahalynda Demokratik partiýanyň elektron hatlaryna edilen rus hakerliginden habarly bolandygyny we oňa meçew berendigini hem gürrüň berip biljekdigini aýtdy.

"Meniň düşünişimçe,[Koeniň] bilýän zatlary Mýullerde gyzyklanma döretmeli” diýip, Deýwis aýtdy.

Ak tamyň metbugat sekretary Sarah Sanders Tramp Koeniň Mýullere aýdyp biljek zatlaryndan alada galýarmy diýlip soralanda, “Men prezident bu barada asla alada edýändir öýdemok. Ol özüniň hiç bir ýalňyş iş etmändigini bilýär we ol ýerde ýaşryn ylalaşyk bolmady” diýip jogap berdi.

Koen 21-nji awgustda bolan sud diňlenişiginde özüniň günäkärdigini boýun almak bilen, Trampyň özüni, saýlawdan öň bolandygy aýdylýan jynsy gatnaşyklar barada dymmaklaryny gazanmak üçin, pornografiýa ýyldyzy Stormi Danielse $130,000, ozalky “Playboy” modeli Karen MakDougala $150,000 töleg tölemegi gurnamaga ugrukdyrandygyny aýtdy. Tramp bu aýdylýan jynsy gatnaşyklary ret edýär.

Tramp 22-nji awgustda twitterde Koeniň kampaniýa maliýe bidüzgünçiligi hökmünde boýun alan günäsiniň “jenaýat däldigini” aýtdy. Ol "Fox & Friends" bilen söhbetdeşlikde bu tölegleriň Koeniň hususy bank hasaplaryndan gelendigini, kampaniýa gaznasyndan tölenmändigini, “hatda kampaniýa bidüzgünçiligi hem däldigini” aýtdy. Emma kanun ekspertleri Trampyň bu aýdýanlary bilen ylalaşmaýarlar.

Trampyň mümkin bolan jenaýat işlerine gatnaşygy barada aýdylýan zatlar bütin dünýäde sarsgyn döretdi we şu günki gün, bir ýarym ýyla çeken jenaýat derňewlerinden soň, Trampa iň çynlakaý hukuk wehimini salýana meňzeýär.

Prezident üçin işleýän wagtynda oňa öte ygrarly bolan we “Trampa gelen oky özüne aljagyny” aýdan Koen indi, aklawçysy Deýwisiň aýtmagyna görä, islendik soran adama hakykaty gürrüň bermek isleýär we Mýullere öz bilýän zatlarynyň ählisini aýtsa, ‘başy gök dirär”.

Tramp diňi binasyndaky ofisde öz başlygynyň gapdalynda işlän Koen Tramp imperiýasynyň içerki iş düzgünleri, onuň biznes ylalaşyklary we kampaniýasy hakynda, Kongresdäki we Mýullertoparyndaky derňewçiler üçin wajyp bolan juda kän zady bilýändir öýdülýär.

ABŞ agentleri aprel aýynda onuň öýünden, myhmanhana otagyndan we ofisinden 4 million zady (predmeti), şol sanda Tramp ýazgylaryny konfiskasiýa etdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG