Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede türkmen zenan migranty pyçaklandy


Stambul
Stambul

Stambulda ýene bir türkmenistanly zenanyň söýgülisi tarapyndan öldürilendigi aýdylýar

"Milliýet“ gazeti wakanyň 21-nji awgustda ýagny Türkiýede Gurban baýramynyň bellenýän ilkinji güni agşam sagat 20:00 töwereginde Stambulyň Fatih etrabynyň Muhsine Hatun mähellesinde bolandygyny ýazýar.

Türk telekanallarynda görkezilen habarlarda aýdylmagyna görä, Remzi S. atly 61 ýaşyndaky türk raýaty 52 ýaşyndaky türkmenistanly Nazyra Babajanowa atly söýgülisi telefona jogap bermändigi sebäpli onuň Kumkapy diýen ýerde ýaşaýan öýüne barypdyr. Adam aýaly öýünde gülleläp, yzýanyndan hem birnäçe gezek pyçaklap, gaçyp gidipdir. Hadysa mahaly öýde bolan Parahat Y. atly jorasy bolsa, penjireden gygyryp kömek sorapdyr. Agyr ýaralanan Nazyra Babajanowa hassahana äkidilip barýarka tiz kömek ulagynyň içinde aradan çykypdyr.

Howpsuzlyk kamerasynyň surata düşüren wideo şekili bilen jorasynyň maglumatyna salgylanan Fatih etrabynyň polisiýa işgärleri jenaýatda güman edilýäni Stambulyň Sultanbeýli diýen ýerinde tapyp, göz astyna alypdyr.

Beýleki tarapdan anonim görnüşde Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan Stambuldaky migrantlar, wakanyň türk metbugatynda aýdylşyndan biraz tapawutly bolandygyny öňe sürýärler.

Howpsuzlyk sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran özüniň onuň obadaşydygyny aýdan zenan bolsa "Ol öýde biri ahally, ýene biri maryly we beýleki ikisi hem lebaply bolan dört türkmen aýal ýaşaýar. Olaryň her biriniň gezýänleri bar. Öýi olaryň söýgülileri tutyp beripdir. Öýüň kireýi 1600 lira, ýagny häzirki kursdan 260 dollar. Ulanýan telefonlary hem gezýänleriniň adyna resmileşdirilen. Nazyra Babajanowa Lebabyň kommunal hojalyk edarasynyň owalky işgäri. Wakanyň bolan güni hemmesi öýde bile oturyp, iýip-içipdirler. Soň bilinmeýän sebäpden iki söýgüliniň sözi azaşypdyr. Uruş başlanda ahally we maryly zenanlar öýden gaçyp-gidipdir. Ýanynda galan lebaply jorasy hem gygyryp, adamlary kömege çagyrypdyr. Onuň atylanyny bilýän, ýöne soň pyçaklananyny bilemok. Merhumyň aýal dogany bilen ýegeni hem Stambulda işleýärler” diýip, Azatlyk Radiosyna waka barada öz pikrini aýdýar.

Hossarlarynyň, tanyşlarynyň we obadaşlarynyň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, merhumy ýurduna ibermek üçin Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasyna ýüz tutulanda hiç hili kömek eden bolmandyr. Olaryň öňe sürmegine görä, konsulhananyň işgärleri gaýtam gaty gödek çemeleşipdirler.

Olaryň aýtmagyna görä, hossarlary, merhumyň dermanlanyp, jaýlamaga taýýar edilip saklanmagy we Türkmenistana ugratmak üçin 12 müň dollar çykdaýjy edipdir.

Stambulda türkmenistanly zenan pyçaklandy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:22 0:00

Ýatlap geçsek, bu soňky bir aýyň dowamynda Stambulda türkmen migrant zenanynyň öldürilendigi barada türk metbugatynda berlen ilkinji habar däl.

Redaksiýamyza awgust aýynyň başynda Awjylar diýen ýerinde köýtendagly 33 ýaşyndaky Ýulduz Imamkulowanyň öýüniň öňünde pyçaklanandygyny görkezýän wideo şekil gelip gowşupdy.

18-nji awgustda bolsa türk telekanallary we beýleki media serişdeleri türkmenistanly migrant Abilbek Tanarbergenowyň ýanyndaky aýalyny öldürmekde güman edilýäniň tapylyp, tussag edilendigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG