Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HORMATLY AKRADAG: "Näme üçin un ýok?"


Un

Salam Arkadag!

Sizden Bugday hasyly barada halka hasap bermeginizi haýyşt edýän. Men Mary welaýatynyñ ýaşaýjysy. Siz biziñ ses bermegimiz esasynda gelen Prezident bolýan bolsañyz, hasap bermägede borçlusyñyz.

Biz size edenini edip, milli hazynamyzy harçla , güniñi gül edip geçir diyip bermedik saýlawlarda. Senden gorkup ýaşamak üçinem beremizok saýlawlarda. Eger halkyñ 97 % sesini alan bolsañyz , siz jogap beriñ meniñ soragyma.

Türkmenistanda näme üçin un gyt? Bugdaý ormaly möwsümi geçdem welin, näme üçin Maryda we beýleki welaýatlarda UN ÝOK? Islän ýerden gitde 1 çöregiñ bahasyny sora. Näme üçin 2 manatdan ýokary.

Öz halkyñ aç otyrka wagonlap Owganystana ibereniñizi hemme adamlar bilýär. Ibereniniziñ zyýany ýok, eger halkyñ ýagdaýy gowy bolsa, unumyz özümize ýetýân bolsa.

Sizden haýyşym Bol ediñ uny, elýeter bahadan. Haltasy 120 manat şu vagt. Geçen ýyl 45 manatdy. Bugday möwsümi gelse arzanlar diyip garaşdyk, şondada gymmat bahada dur çörek. 1 manatlyk çorekdaki artyş %300 bolyar..

Ayliklar näme 10% görerilýär onda? Siz hali şindi istatistiki hasabatlar aydip, ösüşden gürriñ eden bolýañyz. Ösüş ýooook. Yza gidiş bar. Siziñ halkyñ telewideniyasynda edýan ýalan agitasiýañyzy diñleýän ýok.

Halkyñ içinden bir watansöýer hökmünde duydurýan. Halkyñ çöregi bilen oýnamañ. Hiç hili hojalygyna pul girmeýân maşgalalar bar. Ýogsam helak bolarsyñyz!!!

Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG