Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zor bilen ýitirim edilmeleriň pidalarynyň halkara güni Türkmenistanda ýüzden köp adamyň ykbaly nämälim galýar


Türkmenistanda tussag edilensoň dereksiz ýitenler
Türkmenistanda tussag edilensoň dereksiz ýitenler

30-njy awgust - zor bilen ýitirim edilmeleriň pidalarynyň halkara günüdir. BMG-niň beýanatynda bellenişine görä, adamlaryň zor bilen ýitirim edilmegi global problema öwrüldi we dünýäniň belli bir regiony bilen çäklenmeýär.

BMG: Zor bilen ýitirim edilmeleriň jemgyýetde terror atmosferasyny ornaşdyrmak üçin ulanylmagy seýrek däl

Türkmenistanyň türme sistemasynda zor bilen ýitirim edilemeler ýurtda adam hukuklarynyň esasy meseleleriniň biri bolup durýar.

Şu günki gün ýurtda azyndan ýüzden gowrak adam dereksiz ýiten hasaplanylýar.

"Olary diri görkeziň!" atly halkara kampaniýasy şü günki gün 120 adamyň türkmen türmelerinde dereksiz ýitendigini hasaba aldy, emma olaryň hakyky sanynyň has köpdügi çak edilýär.

Zor bilen ýitirim edilmeleriň pidalarynyň halkara güni kampaniýanyň gatnaşyjylary Türkmenistanyň hökümetine ýüzlenip, ony halkara kanunlaryny depeleýän bu tejribeden desine el çekmäge çagyrdylar.

"Biz muny şu gün - zor bilen ýitirim edilmeleriň pidalarynyň halkara güni talap edýäris. Biz muny her gün - ýylyň 365 gününiň dowamynda - bu jenaýatyň soňuna çykylýança we adalat dabaralanýança talap ederis" diýip, kampaniýanyň gatnaşyjysy, Demokratiýa we adam hukuklary boýunça merkeziň müdiri Ýuriý Jibladze ýörite wideo ýüzlenmesinde aýtdy.

Zor bilen ýitirim edilenleriň halkara güni Türkmenistanda ýüzden köp adamyň ykbaly nämälim galýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:05 0:00

​Türkmenistanda zor bilen ýitirim edilmeleriň pidalary daşky dünýäden doly üzňelikde, garyndaşlary, aklawçylar we halkara guramalarynyň wekilleri bilen gatnaşyksyz saklanýar. "Olary diri görkeziň!" halkara kampaniýasynyň düzen sanawyna türmelerde ýitirim edilenleriň arasynda meşhur oppozisiýa wekilleri we syýasy sebäplerden ýa-da korrupsiýa bilen baglanyşykly tussag edilen öňki ýurt resmileri-de girýärler.

Soňky iki ýylyň dowamynda uzak wagtlap dereksiz ýiten hasaplanan şol adamlaryň birnäçesiniň tussaglykda ýogalandygy halkara jemgyýetçiligine mälim boldy. Bu olaryň jesetleriniň maşgalalaryna jaýlamak üçin berilmeginden soň belli boldy.

2018-nji ýylda Türkmenistanyň öňki Milli howpsuzlyk komitetiniň Derňew bölüminiň başlygy Begmyrat Otuzowyň we güýç edaralarynyň öňki resmisi Allamyrat Allagulyýewiň ýogalandygy belli boldy. 2017-nji ýylda "Türkmennebit" döwlet konserniniň öňki başlygy Saparmamet Weliýewiň we öňki milli howpsuzyk ministri Poran Berdiýewiň, Türkmenistanyň prezidentiniň howpsuzlyk gullugynyň öňki başlygy Akmyrat Rejepowyň, "Türkmenstandartlary" döwlet gullugynyň öňki başlygy Baýram Hasanowyň, Döwlet serhet gullugynyň öňki başlygy general Tirkiş Tyrmyýewiň, howpsuzlyk ofiseri Wekil Durdyýewiň we polkownik Annadurdy Annasähedowyň tussaglykda ýogalandygy mälim edildi.

Olaryň ählisi tussag edilmeginden soň, ýogalýança uzak wagtlap daşky dünýäden doly uzňelikde saklandy.

Muňa garamazdan, Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda zor bilen ýitirim edilmeleriň ýokdugyny ýyllarboýy gaýtalap gelýärler.

"Häzirki pursatda gynamalary, zor bilen ýitirm edilmeleri we eden etdilikli tutha-tutluklary subut ediji çynlakaý habar bolmady" diýip, Türkmenistanyň adam hukuklaryny berjaý edişi boýunça hasabaty bilen 2018-nji ýylyň 7-nji maýynda Ženewada BMG-niň adam hukuklary boýunça geňeşinde çykyş eden türkmen wekili Wepa Hajyýew aýtdy.

Bu ýagdaýda Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanyň hökümetine yzygiderli halkara basyşynyň edilmeginiň zerurlygyny nygataýarlar.

"Zor bilen ýitirim edilmeler problemasynyň çözgüdi halkara guramalary bilen ýapyk gapylaryň aňrysynda maglumat alyşmak bilen çäklenmeýär. Problemanyň çözgüdi tussaglaryň ýanyna olaryň garyndaşlarynyň, aklawçylaryň we garaşsyz synçylaryň dessine goýberilmeginiň üpjün edilmegidir. Çözgüt zor bilen ýitirim edilmeleriň pidalarynyň daşky dünýä bilen tizden-tiz aragatnaşykda bolmagydyr" diýlip, "Olary diri görkeziň!" halkara kampaniýasynyň zor bilen ýitirim edilemleriň pidalarynyň halkara gününe gabatlap çap eden beýanatynda aýdylýar.

Tussaglaryň daşky dünýä bilen aragatnaşygy, şol sanda garşydalary bilen görüşmegi we hat alyşmagy Türkmenistanyň milli kanunlarynda hem göz öňünde tutulýar.

BMG, ÝHHG we ABŞ, Fransiýa, Şweýsariýa ýaly ýurtlarynyň ençemesi Türkmenistanda tussaglaryň ýitirim edilmegine we üzňe saklanmagyna ýol berilýändigine ençeme gezek aladalanma bildiripdi.

Halkara jemgyýetçiligi dünýäde zor bilen ýitirim edilmeler problemasyna 2010-njy ýylda aýratyn üns berip başlady. Şonda BMG ýörite rezolýusiýany kabul etdi we problema ünsi çekmek üçin 30-njy awgustda bellenýän ýörite senäni esaslandyrdy.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň türmelerinde zor bilen ýitirim edilmeler problemasy boýunça "Olary diri görkeziň!" halkarta kampaniýasynyň guramalary bilen bilelikdäki ýörite proýekte başlaýar. Onuň çäginde türkmen türmelerinde dereksiz ýiten adamlaryň tussag edilmegine degişli jikme-jik maglumatlar, foto-wideo materiallar we wakalaryň şaýatlary hem ýitirim edilenleriň ýakynlary bilen söhbetdeşlikler köpçüligiň dykgatyna ýetiriler.

XS
SM
MD
LG