Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda karzyna pul alyp toý edýän we ony yzyna töläp bilmeýän “adamlar köpelýär”


Toý ulagy

Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň ýiti duýulýan döwri, Daşoguzda karzyna pul alyp toý edýän we alan karzyny töläp bilmeýän adamlar köpeldi diýip, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky çeşmeleri habar berýärler.

“Häzirki wagt Daşoguzda durmuş toýuny etmek gaty kynlaşdy. Garyp hojalyklar hataryndan, başgalardan kem bolmajak bolup, hatda öýlerini girewe goýup, karz alýarlar. Adamlar toý edip bolansoň, iýmäne çöregi gaýgy bolýar. Täze öýlenip, toý karzlaryny tölemek aladasynda bir hepdeden soň, ýaş gelinlerini taşlap, Orsýete gidýän oglanlaryň sany müňlerçe” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran çeşmämiz aýdýar.

Ol munuň “halkyň öz-özüne edýän jebirinden başga zat däldigini” belläp, häzir ýurtda toýlary ykjam we ykdysady taýdan aýawly edip bellemek medeniýetini döretmäge zerurulygyň bardygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

“Daşoguz welaýatynda gyzyň galyňy üçin alynýan puluň iň az möçberi 30 müňden başlanýar we ol 50-60 müňe çenli dowam edýär. Toýhana arendasy üçin alynýan puluň möçberi hem iň arzany 25 müňden başlanyp, 60 müň manada çenli ýetýär. Bular iň uly çykdajylar, mundan başga-da ownuk-uşak ençeme çykdajy bar. Köp maşgalalar karz alyp, bu zatlary etjek bolýarlar. Netijede, toýdan soň täze çatynjalaryň arasynda dawa-jenjel hem döreýär. Soňky döwürde ýaş çatynjalaryň iki aýa ýetmän aýrylyşýan halatlary hem aşa köpeldi” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi sözüni jemledi.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary soňky ýyllarda ýurtda durmuş toýuny, doglan günlerini, täze doglan bäbegi keselhanadan çykarmak we çaga toýuny tutumak çärelerini uludan uly edip bellemekde we munuň üçin müňlerçe manat möçberinde pul sarp etmekde ilat arasynda “ýaryşyň göze ilýändigini” aýdýarlar.

“Adamlar durmuş ýa-da beýleki toýlaryna biri-birinden köp adam, has köp aýdymçy aý-da sazandaçy çagyrjak bolup ýaryşýarlar. Gyzlar “meniň galyňym ýa-da gyzylym köp” diýmek üçin galyňy biri-biriniňkiden has köp saljak, gyzyl spisogynam has köp ýazjak bolup ýaryşýarlar. “Adamlaryň betbagtçylygy öz mümkinçiliginden artykmaç ýaşajak bolýarlar. Şolam admalary garyplyga, horluga getirýär” diýip, öň biri aýypdyr. Şu dogry aýdylan söz. Ýurtda ykdysady kynçylyklaryň has ýiti duýulýan, hemme zadyň gymmatlaýan wagty uly toýlar köp adamlaryň betbagtçylygyndan başga zat däl” diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy ýurtda ortaça aýlyk hakynyň 800 manada barabardygyny hem ýatladýar.

Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň käbirleri uly toýlaryň ilata ýetirýän täsirleri barada ýaşulularyň gatnaşmagynda oba geňeşliklerinde, ýokary okuw jaýlarynda ýa-da mekdeplerde gepleşikleriň geçirilmelidigini we munuň adamlaryň durmuşyna agram salman, başgaça nädip guramalaşdyryp boljakdygy barada maslahat edilmelidigini aýdýarlar.

Maglumat üçin aýtsak, Türkmenistanyň Döwlet täjirçilik bankynyň resmi websahypasynda toý çäresini geçirmek maksady bilen berilýän “Toý karzynyň” möçberiniň 30 müň manada çenli ýetirilip bilinýändigi, karzyň gaýtarylmaly möhletiniň 3 ýyldygy we göterim derejesiniň ýyllyk 14 % - digi aýdylýar.

Ýöne durmuş toýuny tutjak ýaşlar bu “Toý karzyny” alsa, onda olar ýaş çatynjalar üçin göz öňünde tutulan beýleki ýeňilliklerden, meselem, jaý ýa-da mellek ýerini ýeňilleşdirilen görnüşinde almak mümkinçiliginden peýdalanyp bilmeýärler. Başgaça aýdanymyzda, toý etjek ýaşlar ýa-da toý eden ýaş çatynjalar döwlet tarapyndan göz öňünde tutulan ýeňillikleriň diňe birinden peýdalanyp bilýärler diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.

Belläp geçsek, türkmen häkimiýetleri ýa-da media serişdeleri ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda ilat köpçüligine maglumat bermeýärler. Şeýle-de, ýurduň Döwlet statistika gullugy hem, her ýyl durmuş toýuny tutýan ýa-da aýrylyşýan raýatlaryň sany baradaky statistiki maglumatlary köpçülige ýetirmeýär.

XS
SM
MD
LG