Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambul: Neşe öndürip satmakda güman edilýän türkmenistanlylar ýarag bilen saklandy


Türk polisiýa işgäri. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.

Türkiýäniň media serişdeleri Stambulyň Fatih etrabynda neşe öndürilip, satylýandygy güman edilen bir salga polisiýanyň gurnan operasiýasynda iki sany türkmenistanly raýatyň göz astyna alynandygyny habar berýär.

"Milliýet“ gazetiniň ýazmagyna görä, Stambul polisiýasy 5-nji sentýabrda Fatih şäherçesiniň Kojamustafapaşa mähellesindäki bir salgyda neşe öndürilip, satylýandygyny anyklapdyr. Ondan soň gurnalan operasiýada R.H. we R.D.K. atly türkmenistanly raýatlar ele salnypdyr.

Neşä garşy göreş bölüminiň işgärleri öýde geçiren barlagynda 1 tüpeň, 6 gap gülle, 790 gram geroin, 130 gram tirýek, 34 gram metamfetamin we 3 sany hem neşe terezini tapypdyr.

Azatlyk Radiosynyň Stambulyň polisiýasyndaky çeşmesiniň anonim ýagdaýda beren maglumatyna görä, göz astyna alynan türkmenistanlylar derňew işi doly tamamlanýança tussaglykda saklanar we ondan soň olaryň işi kazyýete tabşyrylar. Çeşme, güman edilýänler barada jikme-jik maglumat bermekden saklanýandygyny bildirip, türkmen raýatlary bilen ilteşikli şeýle neşe wakalarynyň Stambulda yzygiderli ýagdaýda gaýtalanýandygyna üns çekdi.

Onuň beren mysalyna görä, neşe bilen meşgullanýanlaryň Türkmenistana ibermäge synanyşýan wagtyna hem duş gelinýär. Meselem, birnäçe aý mundan owal söwda gatnaýan türkmenistanly bir zenan Stambulyň aeroportynda neşe maddalaryny ýüküniň arasynda gizläp geçirmäge synanyşan mahaly ele salynypdyr. Ol polisiýa beren düşündirişinde Stambulda bolýan neşebent adamsynyň ony şeýle işe mejbur edendigini aýdypdyr.

Ýatlamaly bolsa, Türkiýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde neşe öndürmekde we söwdasynda güman edilip tutylýan türkmenistanlylar barada owal hem köpsanly maglumatlar berilipdi.

Stambulyň neşe söwdasyna garşy göreş gullugynyň işgärleri geçen ýylyň 6-njy noýabrynda Fatih etrabynyň Saraç Ishak mähellesiniň Köşkli Hammam Çykmazy diýen ýerindäki myhmanhana gurnan operasiýasynda Ý.R. atly türkmenistanly zenan neşe söwdasyndan güman edilip saklandy. Şonda onuň ýaşaýan jaýyndan mikrowolnowka ojagynyň içinde satuwa çykarylmaga taýýar görnüşde köp mukdarda beň, gaty we owradylan görnüşde kokain bilen "laýn" diýip atlandyrylýan neşe maddasy, 18 sany tüpeň güllesi we neşe satuwynda ulanylýan terezi tapylandygy türk telekanallarynda görkezildi.

Şu ýylyň 10-njy fewralynda Stambulyň Siliwri etrabynyň howpsuzlyk güýçleri Selimpaşa merkezi mähellesinde bir öýde neşe maddalarynyň öndürilýändigi barasynda gelip gowşan maglumatdan ugur alyp, gurnan operasiýasynda 45 ýaşyndaky M.S atly türkmenistanly zenany saklady. Onuň bolýan jaýynda geçirilen barlagda 818 gram metamfetamin neşe maddasynyň ýasalmagynda ulanylýan köpsanly gap-gaç, dürli gaplarda suwuk hem gaty görnüşde her hili himiki serişdeler tapyldy.

Stambulyň Kartal diýen ýerindäki bir jaýda geçirilen başga bir operasiýada bolsa, Türkmenistanyň raýatlary 54 ýaşyndaky G. K. atly zenan bilen 24 ýaşyndaky A. A. we 32 ýaşyndaky J.A. dagy 50 kilogram beň, 350 gram geroin, 3 sany neşe terezisi bilen tutuldy. Şeýle-de, Stambul polisiýasynyň neşä garşy göreş bölüminiň Zeýtinburnu, Awjylar, Baýrampaşa, Esenýurt, Büýükçekmeje, Fatih we Ataşehir etraplarynda geçiren operasiýalarynda neşe satmakda güman edilýän, 21 sanysy türkmenistanly, jemi 33 adam tussag edildi.

Azatlyk Radiosynyň edýän ähli synanşygyna garamazdan neşe öndürmekde we söwdasynda güman edilip tutulýan türkmenistanly raýatlaryň ykballary barasynda degişli türk hem türkmen resmilerinden nähilidir bir maglumat almak häzirlikçe başartmaýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG