Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serhet gullugynyň dört ofiseri ‘namaz sebäpli işden boşadyldy’


Türkmen esgerleri nyzam bilen ýöreýär (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda Ýaragly güýçleriň hatarynda gulluk edýän şahsy düzüme dini ybadatlary berjaý etmezlik tabşyrylýar. Bu barada Azatlygyň habarçysy 20-nji sentýabrda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän serhet birikmeleriniň käbir gullukçylary namaz okaýandyklary üçin, işden boşadyldy.

“Daşoguzda namaz okaýan dört serhetçi ofiser işden boşadyldy” diýip, habarçy aýtdy.

Ol mundan beýläk çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerlerden hem namaz okamazlyk barada Düşündiriş ýazdyrylýandygyny sözüne goşdy:

“Indi hatda ýönekeý esgerlerden hem namaz okamajakdyklary barada düşündiriş alynýar. Şondan soň olaryň gulluk etmegine rugsat berilýär” diýip, habarçy belledi.

Bu habar “Forum-18” neşiriniň 2018-nji ýylyň dowamynda Ýegowa ynanjynyň talaplaryna laýyklykda Türkmenistanda harby gullugy geçmekden ýüz öwüren 9 türkmenistanlynyň tussag edilendigi barada ýaýradan maglumatynyň yzýanyna gabat gelýär.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň prezidenti 18-nji sentýabrda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerleriň goşundan boşadylmagy we nobatdaky raýatlaryň gulluga çagyrylmagy barada permana gol çekdi.

Soňky wagtlarda Azatlykda türkmen goşunyndaky azyk ýetmezçiligi, munuň bilen baglylykda esgerleriň, hem-de olaryň ene-atalarynyň çekýän jebir-jepalary barada maglumatlar çap edildi.

Agzalýan azyk kynçylyklary bilen bir hatarda, ýurtda häkimiýetler şahsy düzümiň hatarynda gulluk edýän gullukçylaryň ynanç-ygtykadynyň talaplaryny berjaý etmeklerine-de gatyşýar.

Türkmenistanda namaz okaýanlara, ýa-da sakgal goýberýänlere basyş edilmegi indi täzelik däl.

Iýul aýynda Türkiýeden ýurda dolanan bir türkmenistanly özüniň Aşgabadyň aeroportunda soraga çekilendigini, hem-de häkimiýetleriň onuň telefonyndaky namaz okap düşen suratlaryna esaslanyp, oňa “terrorçylyk” aýyplamasyny atandygyny Azatlyga anonim ýagdaýda habar beripdi.

Maý aýynda Azatlygyň daşoguzly çeşmesi häkimiýetleriň dine uýup, onuň düzgünlerini berjaý edýän adamlary basyş astynda saklaýandygyny habar berdi.

Galyberse-de, Azatlyk geçen ýylyň martynda namaz sebäpli, Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň hataryndan boşadylan harby ofiser barada maglumat beripdi.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan ençeme türkmenistanlynyň aýtmagyna görä, häkimiýetler bu çäreleri “terrorçylyga we ekstremizme” garşy göreş çäreleriniň çäginde alyp barýandygyna ynanýar, hem-de orta ýaşly raýatlaryň ýurtdan çykmagyna garşy girizilýän çäklendirmeler hem häkimiýetleriň degişli aladalary bilen bagly durmuşa geçirilýär.

Hökümetleri we halkara guramalary strategiki howpsuzlyk maglumatlar bilen üpjün edýän “The Soufan Group” topary geçirilen barlaglara we analizlere esaslanyp, aprel aýynda ýaýradan maglumat brifinginde Merkezi Aziýalylaryň arasynda yslamçy ekstremizmiň rowaçlanýandygyny aýtdy.

“Merkezi Aziýaly ekstremistler öz ýurtlaryndan alyslarda global terrorçylyga barha dahylly bolýarlar” diýip, “The Soufan Group” ýazýar.

Toparyň ýaýradan maglumatyna görä, Merkezi Aziýaly ekstremistleri öz ýurtlaryndaky hökümetleriň awtoritar häsiýeti öjükdirýär.

“Merkezi Aziýaly hökümetler yslam terrorçylygy bilen bagly wehimleri öz syýasy monopoliýalaryny saklap galmak üçin, şeýle-de garşydaşlaryny we tankytçylaryny basyp ýatyrmak üçin ulanýarlar” diýip, toparyň ýaýradan maglumatynda aýdylýar.

Merkezi Aziýalylaryň ekstremizme gatnaşygy barada aýdylanda, golaýda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bu tema bilen bagly, “Biziň adymyzdan däl” atly köp seriýaly dokumental gepleşigi efire goýberip başlady.

Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinden namaz sebäpli işden boşadylan dört harby serkerde barada ýurduň döwlet eýeçiligindäki maglumat serişdelerinde agzalmaýar.

XS
SM
MD
LG