Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen goşunyndaky azyk ýetmezçiligi aşgazan keselli esgerleriň köpelmegine getirýär


Türkmen esgerleri. Arhiw suraty
Türkmen esgerleri. Arhiw suraty

Türkmen goşunlarynyň hatarynda gulluk edýän ýönekeý esgerleriň azyk ýetmezçiligi problemasy dowam edýär, ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesiniň peselmegi, bazarlardaky gymmatçylyk zerarly ene-atalaram esger ogullaryny goldap bilmeýär diýip, Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi oglunyň gulluk edýän ýerine gidip-gelen gubadagly ýaşaýja salgylanyp habar berýär.

“Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän gury ýer goşunlary polkunda gulluk edýän agtygymyň saglygyny örän alada edýärin” diýip,Gubadag şäheriniň ýaşaýjysy Gülaýym Babaýewa (ady üýtedildi) Azatlygyň çeşmesi bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, agtygynyň gulluk edýän harby bölüminde azyk önümleri hemişe ýetmezçilik edýär we esgerleriň arasynda aşgazan keselleri bilen keselleýän oglanlar barha köpelýär.

“Ozal agtygym diňe azyk üçin pul soraýardy, emma indi derman üçin hem pul sorap başlady. Sebäbi soňky aýlarda yzyndan baryp bilmedik. Ýogsa başda birki gezek baryp, elin naharlap, eline birazajyk pul berip gaýtdyk. Emma indi öz ýagdaýymyz hem kynlaşdy, maşgala bolup zordan gün görýäris” diýip, Gülaýym Babaýewa gürrüň berdi.

Bu ýagdaýy Azatlygyň Aşgabatdaky, Lebapdaky çeşmeleri hem tassyklaýar. Ozal esger ogullarynyň yzyndan azyk önümlerini elten ýa-da başga adamlardan pul iberen ene-atalar indi bu işi edip bilmeýändiklerini, sebäbi durmuşyň barha gymmatlaýandygyny, elleriniň bolsa aýdan-aýa ýukalýandygyny gürrüň berýärler.

Şeýle-de çeşmeler goşunda gulluk edýän esgerlere her alty aýdan berilýän täze egin-eşikleriň indi her ýylda bir gezek berilmeli edilendigini, ýagny esgerleriň şol bir eşikleri bir ýyllap geýmeli bolýandygyny habar berýärler.

Türkmen goşunynyň esgerleri Saparmyrat Nyýazowyň prezident bolan ýyllarynda tasdan özlerini eklemeli edilipdi we goşunda gulluk edýän oglanlaryň belli bir bölegi wezipeli adamlaryň hojalyklarynda ulanylýan arzan işçi güýjüne öwrülipdi. Şeýle-de köne-küşül, ýyrtyk harby geýimli esgerleriň köçelerde çörek, çilim soraýandygy hakynda habarlar çykypdy.

Emma bu ýagdaý ýurtda prezident çalşandan soň üýtgedi we türkmen goşunynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ýyl-ýyldan gowulandyrylýandygy habar berildi. Emma muňa garamazdan, soňky bir ýylyň dowamyndatürkmen goşunyndaky azyk ýetmezçiliginiň tas kada öwrülip barýandygy hakynda maglumatlar gelip gowuşýar.

Türkmen häkimiýetleri bu ýagdaý barada garaşsyz neşirlerde çykýan habarlara göni reaksiýa bildirmeýär we wagtal-wagtal täze serhet galalarynyň we beýleki harby desgalaryň açylyşy, esgerleri gyzgyn çörek, ýokumly naharlar bilen üpjün etmek babatda görülýän çäreler, beýleki tagallalar barada telewideniýe arkaly habar berýär.

Emma halk içinden, anyk adamlardan we ogullary goşunda gulluk edýän ene-atalardan gowuşýan maglumatlar, S.Nyýazowyň döwründäki ýaly, esgerleriň ýene-de hususy adamlaryň hojalyklarynda işledilip başlanandygyny tassyklaýar. Munuň üçin ofiserler bilen gürleşip, soralýan puly bermek ýeterlik, esgerler bolsa hojalyklarda gowurak naharlanmak umydynda bolup, beýle işe höwes bilen gidýär diýip, aşagabtly ýaşaýjy oglunyň gulluk edýän ýerine baryp geleninden soň gürrüň berdi.

“Mundan öň Goranmak ministrliginden barlagçy geljek diýseler, esgerlere berilýän naharyň hili azajygam bolsa gowulanýardy, indi ministr däl, kim geljek diýilse-de, hiç zat üýtgänok” diýip, aşgabtly ata esger ogluna salgylanyp gürrüň berdi.

Serhetabat-Tagtabazar etrabynda hem serhetçi esgerleriň ýagdaýy gözgyny, bu ýerde azyk ýetmezçiligi bilen bir hatarda dedowşina, uly esgerleriň agalygy hem höküm sürýär diýip, Azatlygyň Mary welaýatyndaky çeşmesi habar berýär.

XS
SM
MD
LG