Eýranyň harby parady mahalynda guralan hüjümde öldürilenleriň sany, resmi IRNA habar gullugynyň maglumatyna görä, 24 adama ýetdi. 53 adam bolsa ýaralandy.
IRNA ady aýdylmadyk resmä salgylanyp, ölenleriň arasynda asuda adamlaryň, harby parada tomaşa etmäge gelen aýallaryň we çagalaryň hem bardygyny aýtdy.
"Yslam döwleti" topary we hökümete garşy arap topary - Ahwaz milli garşy duruş hereketi - ikisi hem hüjümiň jogapkärçiligini öz boýnuna aldy.
Döwlet mediasy 22-nji sentýabrda, günorta-gündogardaky Ahwaz şäherinde 1980-88-nji ýyllardaky Eýran-Yrak urşunyň başlanmagynyň ýyl dönümine gabat guralan ýyllyk harby çärä ýygnanan eýran resmilerini nyşana alan ýaragly erkekleriň paradyň münberini oka tutandyklaryny aýtdy.
Hüjüm mahalynda öldürilen adamlaryň sany barada gapma-garşylykly habarlar çykdy we ejir çekenleriň arasynda saýlama Rewolýusiýa gwardiýasynyň agzalarynyň bolup-bolmandygy aýdyň bolman galýar.
"Üç terrorçy wakanyň bolan ýerinde öldürildi, dördünjisi ýaralandy we hasshanada öldi" diýip, brigada generaly Abolfazl Şekarçi, Eýranyň Ýaragly güýçleriniň sözçüsi döwlet telewideniýesine aýtdy.
IRNA biraz öň iki hüjümçiniň tutulandygyny aýdypdy.
Ýarym resmi Tasnim habar gullugy başdan ölenleriň sanynyň has kändigini, Rewolýusiýa gwardiaýasynyň azyndan sekiz agzasynyň öldürilendigini aýtdy.
Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif twitterde hüjümçileriň “daşary ýurt režimi tarapyndan çekilen, tälim berlen, ýaraglandyrylan we pul tölenen terrorçylardygyny” aýtdy, emma haýsy ýurdy nazarda tutýandygyny aýdyňlaşdyrmady.
Ol bu hüjümde regional ýurtlary we olaryň “ABŞ hojaýynlaryny” aýyplady we Eýranyň “okgunly we aýgytly” gaýtawul berjekdigini sözüne goşdy.
Ahwaz milli garşy duruş hereketiniň sözçüsi Yaghub Hur Totsari Azatlyk radiosynyň Eýran gullugyna bu hüjüme özüniň jogäpkärdigini aýtdy. Bu topar Huzestan welaýatynda arap azlygynyň hukuklaryny goraýar.
"Ahwaz milli garşy duruş hereketiniň operasiýasy adamlaryň basyşda we juda agyr durmuş şertlerinde ýaşamagyna, jezalandyrylmagyna we gündelik köpçülikleýin tussag edilmelerine berlen jogap boldy. Bu hüjüm kanuny nyşanalara garşy edildi we asuda adamlara zyýan ýetirilmedi" diýip, ol aýtdy.
"Yslam döwleti" toparynyň "Amak" agentligi bolsa bu hüjümi özleriniň gurandygyny aýtdy, emma delil getirmedi.
Ahwaz Eýranyň nebite baý Huzestan welaýatynyň paýtagty bolup, geçmişde bu ýerde arap separatistleri nebit geçirijilerine hüjüm ederdi.
Biraz öňki habarlarda hüjümçiler “Takfiri ýaraglylary” diýlip häsiýetlendirildi, “Yslam döwleti” ekstremist topary ozal şeýle atlandyrylýardy.
Ýarym resmi “Fars” habar gullugy iki sany ýaragly erkegiň motorly, haki ýuniformasyny geýip, hüjüm edendigini aýtdy.
Eýranyň iňlis dilli “Press TV” neşiri hüjümiň yz ýanyndaky şekilleri efire berdi.
ISNA Rewolýusiýa gwardiýasynyň ady aýdylmadyk sözçüsine salgylanyp, bu hüjümiň Saud Arabystany tarapyndan goldanylýan arap milletçileridigini aýtdy.
Öňden gelýän iki bäsdeşiň – Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky dartgynlyklar soňky ýyllarda has ýokarlandy, olary Siriýada we Ýemende barýan uruşlarda, Yrakdaky we Liwandaky basdaş syýasy partiýalar babatda başga-başga taraplary goldady.
Rus prezidenti Wladimir Putin hüjümden soň Eýrana öz gynanjyny bildirdi we Moskwanyň terrorçylyga garşy bilelikdäki göreş tagallalaryny has güýçlendirmäge taýýardygyny aýtdy diýip, RIA habar gullugy Kremle salgylanyp habar berdi.
Eýranda harby parada hüjüm etmek seýrek bolýan zat.
Geçen ýyl Tähranda, parlamentde we aýatolla Ruhollah Homeneýiniň, yslam respublikasyny esaslandyryjynyň mawzoleýinde gurlan we “Yslam döwleti” toparynyň jogapkärçiligini boýun alan ilkinji ganly hüjüminde 18 adam öldi .