Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisine gatnaşyp, ABŞ işewürleri bilen duşuşmagy planlaşdyrýar


Prezident G.Berdimuhamedow BMG-niň plenar duşuşygynda çykyş edýär. 25-nji sentýabr, 2015.
Prezident G.Berdimuhamedow BMG-niň plenar duşuşygynda çykyş edýär. 25-nji sentýabr, 2015.

Türkmenistanyň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisiniň işine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugraýar diýip, TDH bir gün öňünden habar berdi.

Neşiriň bellemgine görä, Türkmenistanyň “wekiliýetiniň Nýu-Ýorka saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi, şol sanda Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň çäklerinde duşuşyklar meýilleşdirildi”.

Resmi maglumatlara laýyklykda, 2018-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli Türkmenistanda amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 2573,43 million amerikan dollaryna we 0,3 million ýewro bolan 156 taslama hasaba alyndy.

Prezident Berdimuhamedowyň bu sapary Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlap ýazan kitabynyň çap edilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

TDH-nyň ýazmagyna görä, Berdimuhamedowyň “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly täze kitaby “Türkmenistanyň BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berýändiginiň ýene bir subutnamasy” bolup durýar.

Neşir bu kitayň “Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda iri durmuş-ykdysady ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylyşyna seljerme häsiýetde” ýazylandygyny belleýär.

Emma muňa garamazdan, ekspertler tebigy serişdelere baý we ilat sany o diýen köp bolmadyk Türkmenistanyň, nädogry dolandyryş we gymmatbaha proýektler zerarly, soňky ýyllarda agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigini aýdýarlar.

Bu diýilýän krizis prezident Berdimuhamedowyň 25-nji sentýabrda geçiren Kalk maslahatynda oba hojalygynda emele gelen agyr ýagdaýy gytaklaýyn tassyklap, täze reformalary öňe sürmegi bilen hem tassyk bolýar.

Azatlygyň ýerli habarçylarynyň maglumatlaryna görä, ýurtda azyk ýetmezçiligi dowam edýär, adamlar mejubury ýagdaýda ýatymlyk pagta ýygymyna iberilýär.

Türkmenistan BMG-niň bir topar konwensiýasyny tassaklan döwlet, emma halkara hukuk toparlary Aşgabady öz üstüne alan hukuk borçnamalaryny ýerine ýetirmezlikde yzygiderli tankyt edýärler.

Pagta meýdanlarynda çaga zähmetiniň we mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy çykyş edýän hukuk goraýjylar bileleşigi “Cotton campaign” golaýda, Berdimuhamedowyň Nýu-Ýorka planlaşdyrylan saparyna gabatlap, Nýu-Ýorkda protest aksiýasyny geçirjekdigini yglan etdi.

Mundanam başga, “Roýters” habar gullugynyň 12-nji snetýabrdaky maglumatyna görä, BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterrişiň hasabatyna laýyklykda, Türkmenistan öz raýatlaryny adam hukuklary pudagynda halkara hukuk gurmalary, şol sanda BMG bilen hyzmatdaşlyk edendigi üçin yzarlaýan 38 ýurduň hataryna girýär.

Şu aralykda Orsýetde çykýan “Nezawisimaýa gazeta” bu sapar bilen bagly çap eden makalasynda ýurduň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigini ýatlatdy we türkmen prezidentiniň Waşington üçin “gyzykly teklip” taýýarlap, ABŞ-dan inwestisiýa almakçy bolýandygyny öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG