Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ýarym resmi türkmen habar agentligi benziniň gymmatlajagy hakyndaky habara ýalan diýýär


Ýangyç stansiýasy. Türkmenistan

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanky çeşmeleriniň ýurtda benziniň gymmatlamagyna garaşylýandygy barada beren maglumatlarynyň yzýany ýarym resmi türkmen habar agentligi "Turkmenportal" bu habary ret edip makala çap etdi.

"Türkmenistanda benziniň gymmatlajagy hakyndaky myş-myşlar ýalan bolup çykdy" diýip Türkmenportal agentligi "Türkmennebitönümleri" döwlet kompaniýasynyň resmisine salgylanyp, ýazýar.

​"Türkmenistanda nebit önümleriniň, hususan-da benziniň we dizeliň dürli markalarynyň bahasyny galdyrmagyň planlaşdyrylýandygy hakyndaky informasiýa - hakykat däl" diýip, neşir "Türkmennebitönümleri" kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary Gurbanmyrat Saparowy sitirleýär.

​4-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy adynyň efirde tutulmagyny islemedik resmi çeşmelerine salgylanmak bilen, ýurtda benziniň gymmatlamagyna garaşylýandygyny habar beripdi.

"Benziň bahasynyň iki esse galmagy mümkin. A-95 markaly benziniň bir litriniň bahasy 1.5 manatdan 3 manada ýeter. A-80 markaly benziniň bir litri 1.2 manatdan 2.5 manada çenli gymmatlar" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gizlinlik şerti bilen söhbetdeş bolan Balkan welaýatyndaky resmi çeşme aýtdy.

Emma Azatlyk Radiosy dizel ýangyjyny gymmatlatmak barada "Türkmenportal" neşriniň maglumatynda "Türkmennebitönümleri" edarasynyň resmisi Saparow tarapyndan agzalan plan barada habarly däldi. Azatlygyň çeşmeleri dizeli agzamandy.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň içindäki öz çeşmeleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksatly olaryň atlaryny agzamakdan saklanýar we olaryň gizlinlik şertlerini doly berjaý edýär

Öz tarapyndan "Türkmenportal" neşri benziniň gymmatlamagynyň garaşylýandygy hakynda habar berýän saýtlaryň öz maglumatlaryny tassykladyp bilmändigini we şonuň üçin özüniň "kompetent organlaryna" ýüz tutandygyny ýazýar.

Azatlyk Radiosy dogrudanam öz çeşmeleriniň beren maglumatlaryny türkmen häkimiýetlerinden resmi derejede tassykladyp, ýa-da inkär etdirip bilmedi. Olar köplenç Azatlyk Radiosy bilen gepleşmekden çürt-kesik ýüz öwürýärler ýa-da özlerine berlen soraglary jogapsyz galdyrýarlar.

5-nji oktýabrda Azatyk Radiosy "Türkmennebitönümleri" guramasynyň başlygynyň orunbasary Gurbanmyrat Saparowyň özi bilen habarlaşmaga synanyşdy.

"Türkmennebitönümleri" guramasynyň telefon arkaly habarlaşmak üçin ýeke-täk elýeterli edarasynyň hil gullugydygy anyklandy. Bu ýerde baş edaranyň ýolbaşçylary, şol sanda Saparow bilen gepleşmek üçin mümkinçilik döretmegi wada berdiler, emma gaýtadan jaň etmegi sorap, soň jogap bermediler.

Şol bir wagtda-da "Turkmenportal" saýtynyň habar berişi ýaly Saparow şeýle maglumatlaryň döremeginiň düýp sebäplerini hut özüniň anyklajagyny aýdypdyr.

"Uprawleniýäniň ýolbaşçysy, eger şeýle ýalan maglumatlary ýaýradýan taraplar aýdan zatlaryna haýsy-da bolsa subutnamalary berseler, hut özüniň şeýle nädogry maglumatlaryň döremeginiň düýp sebäpleriniň anygyna ýetjekdigini aýtdy" diýip, "Turkmenportal" habar beripdi.

Neşriň sitirlän resmisi Azatlyk Radiosy bilen gepleşmek üçin elýeterli bolmady, emma şu aralykda onuň Azatlygyň adyna aýdan gödek sözleri "Turkmenportalyň" makalasyndan aýrylypdyr.

Şeýle-de, bu resminiň benziniň gymmatlamagyna garaşylýandygy baradaky maglumatlary ret edip, öňe süren pikirlerinde "ýurduň ykdysadyýeti üçin strategik we duýguly harytlaryň bahalaryny galdyrmak boýunça kararlaryň birden kabul edilmeýändigi" bellendi.

Ýatlatsak, Türkmenistanda benziniň bahasy soňky on ýyla golaý wagtyň dowamynda ençeme gezek we ençeme esse gymmatlapdy, emma bu barada ne öňünden, ne-de soňundan resmi taýdan ilata habar berlipdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna geçen badyna ýurduň ilaty üçin belli bir möçberde mugt benzin beripdi, emma şonda satuwdaky benziniň bahasy 8 esse gymmatladylypdy. Benzin mugtçulygy 2014-nji ýylda doly ýatyryldy.

Türkmenistanda benziniň bahasy soňky gezek fewralda 50% gymmatlapdy. Beniniň gymmatlamagyndan soň ýurtda ýangyç gytçylygy döräpdi, jemgyýetçilik transportynyň, hususy taksileriň, harytlaryň bahasy galypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG