Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kremliň tankytçysy Nawalny 50 gün tussaglykdan soň azatlyga çykdy


Russiýanyň oppozisiýa lideri Alekseý Nawalny

Russiýanyň oppozisiýa lideri Alekseý Nawalny hökümete garşy protestleri gurnamakda aýyplanyp, 50 gün türme tussaglygynda oturanyndan soň azatlyga çykdy.

Nawalny Moskwanyň günortasyndaky tussaghanadan ýekşenbe güni irden çykdy. Ol öz tarapdarlaryna minnerdarlyk bildireninden we žurnalistler bilen gysgaça gürleşeninden soň, garaşyp duran ulaga münüp gitdi.

“Eger-de, kimde-kim tussag etmeler bilen bizi gorkuzar ýa-da duruzar diýip çaklaýan bolsa, ol düýbünden ýalňyşýandyr” diýip, Nawlany belledi.

24-nji sentýabrda Nawalny 30 gün çemesi gözenegiň aňyrsynda oturyp çykanyndan soň, şu ýylyň başynda oppozisiýa protestlerini gurnamakda günäli tapylyp, täzeden 20 gün türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Prezident Wladimir Putiniň ýiti tankytçysy we ýygy-ýygydan türme tussaglygyna höküm edilýän Nawalny dürli sebäpler bilen köpçülikleýin protestlerini gurnapdy. Şeýle-de, ol ýurduň ýokary derejeli resmilerini parahorlykda aýyplap, öz derňewlerini çap edipdi.

Nawalnynyň metbugat-wekili Kira Ýarmyşyň sözlerine görä, 42 ýaşly Nawalny 2011-nji ýyldan bäri 200 gününi türmede geçiripdir.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Amnesty International” guramasy Nawalnyny “hiç bir jenaýaty amala aşyrmadyk wyždan ýesiri” atlandyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG