Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp ölümlere Putiniň dahyllylygynyň “ahmaldygyny” aýtdy, Mattisiň çekiljekdigine yşarat etdi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Waşingtonda ýerleşýän Ak tamyň Tegelek edarasynda žurnalistleriň öňünde çykyş edýär, 10-njy oktýabr, 2018-nji ýyl

Amerikan prezidenti Donald Tramp telewideniýede görkezilen bir söhbetdeşlikde Orsýetiň prezidenti Wladimir Putininiň adamlaryň öldürilmeginde eliniň bar bolmagynyň “ähtimaldygyna” özüniň ynanýandygyny aýdyp, Moskwa Birleşen Ştatlaryň syýasatyna gatyşdy diýýänlerini ýene-de gaýtalady.

Tramp şeýle hem Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Jim Mattisiň wezipesinden çekilip-çekilmezligi baradaky planlaryndan özüniň bihabardygyny, ýöne “demokrat görnüşli” dört ýyldyzly bu generalyň wezipesinden çekilmegi mümkin diýip pikir edýändigini aýtdy.

Prezident bu beýanatlary “CBS” telekanalynyň "60 minut" atly gepleşiginde öňünden ýazga geçirilen söhbetdeşlikde 14-nji oktýabrda etdi. Bu göwrümli diskusiýada Demirgazyk Koreýa, Amerikada tupanlardan zyýan çekenlere kömek çäreleri, Türkiýede ýitirim bolan saud arabystanly žurnalist we klimat özgerişi ýaly meseleler barada hem durlup geçildi.

Gepleşigi alyp baryjy Lesley Stahl tankytçylarynyň öldürilmeginde Putiniň öz eli bar diýýän adamlar bilen ylalaşyp-ylalaşmaýandygyny soranda Tramp "Ähtimal, şeýledir, hawa. Ähtimal" diýip, jogap berdi.

Tramp Putiniň eliniň bolmagy ähtimal diýip, öldürilen haýsy adamlary göz öňünde tutýandygy anyklaşdyrylanok. Soňky ýyllarda Orsýetiň lideriniň ençeme tankytçysy zäherlendi ýa-da gümürtik ýagdaýda aradan çykdy. Moskwa bolsa ähli aýyplamalary ret edýär.

Orsýetiň Birleşen Ştatlaryň syýasy sistemasyna garyşmagy barada soralanda, Tramp Moskwanyň garyşandygyna özüniň ynanýandygyny aýtdy. Ol soňra hem "Hytaý-da garyşdy" diýip sözüniň üstüni ýetirdi.

Stahl prezidente: “Siz Orsýet baradaky zatlary başga ýere sowýarsyňyz” diýdi.

Tramp hem oňa: “Men hiç bir zady edemok” diýip jogap berdi.

Amerikanyň aňtaw gulluklary, şeýle hem Birleşen Ştatlaryň ýörite geňeşi Orsýet 2016-nj yýylda geçen prezident saýlawlarynda sosial mediada Trampyň bähbidine propaganda alyp barmak we demokratlaryň dokumetlerini hak etmek arkaly bu saýlawlara garyşypdyr diýen netijä geldiler.

Moskwa bu aýdylýanlary hem ret edýär.

Goranmak sekretary Mattis hakda respublikan prezident onuň wezipe başynda galyp-galmajagy hakda anyk bir zady aýdyp bilmejekdigini mälim etdi.

“Onuň wezipeden çekilmegi mükin. Hakytaty bilmek isleýän bolsaňyz, meniň pikirimçe, ol demokratyň bir görnişi” diýip Tramp aýtdy.

Ol soňra hem: “Ýöne general Mattis bir gowy adam. Biz juda gowy düşünişdik. Wezipeden gitmegi mümkin. Aýtjak bolýanym, belli bir ýere gelnende hemmeler gidýärler” diýip sözüniň üstüne goşdy.

Mattis Trampyň ministrler kabinetiniň iň garaşsyz agzasy hasaplanýar.

Köp adamlar oňa prezidente garşy güýç diýip garaýarlar. Mattis Amerianyň öňden gelýän ýaranlary, şol sanda NATO agzalary bilen-de gatnaşyklaryň gowulanmagy hakda köp basyş etdi.

Trampyň Moskwa bilen bolan gatnaşyklary gowulandyrmak baradaky arzuwyna garamazdan günbatarly liderleriň käbiri Mattisi Putin barada has berk syýasaty yzarlamakda tarypladylar.

Žurnalist Bob Woodwardyň Trampyň Ak Tamy baradaky kitabynda Mattisiň Trampyň pikirlerini sorag astyna alyp, onuň düşünjesini 10-11 ýaşyndaky çagalaryň düşünjesine deňänini ýazaly bäri Mattisiň goranmak sekretary bolup galyp-galmajakdygy barada dürli çaklamalar döredi.

Mattis bu zatlary aýdandygyny we wezipeden çekilmek niýetiniň bardygyny inkär edýär.

Ol sentýabrda žurnalistlere: “Wezipeden gitmek barada, elbetde, pikir edemok. Men bu ýeri gowy görýärin” diýdi.

Trampyň toparynyň arasynda wezipesini terk eden ýokary derejeli işgärleriň biri döwlet sekretary Reks Tillersondyr. Ol mart aýynda wezipeden kowuldy. Milli howpsuzlyk boýunça geňeşçi bolup işlän MkMaster hem şol aý wezipeden çekildi.

9-njy oktýabrda Tramp üstümizdäki ýylyň aýagynda Nikki Haleýiň hem Birleşen Milletlerdäki ilçilik wezipesinden çekiljekdigini yglan etdi.

Tramp öz ministrler kabinetinde-de käbir üýtgeşmeleriň boljakdygyny duýdurdy.

Ol: “Men köp zatlary üýtgedýärin, men muňa hukukly. Taýýar duran adamlar bar, bu bir täsin zat bolar” diýdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG