Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinianyň wezipesinden çekilmegine garaşylýar


Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinian
Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinian

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinianyň parlamenti dargadyp, üstümizdäki ýylyň aýagyna çenli täze saýlawlary geçirmek maksady bilen 16-njy oktýabrda wezipesinden çekilmegine garaşylýar.

Ermeni paýtagty Ýerewanda häkimlik boýunça öten aý geçirilen saýlawlarda Paşinianyň syýasy blogy ýeňiş gazanany bäri ol parlamentde köplük orna eýe syýasy garşydaşlaryny çetleşdirmek üçin täze saýlawlar barada basyş edip gelýär.

Ozal bir oppozision kanunçykaryjy bolan Paşinian Respublikan partiýasyna degişli Serž Sarkisian ençeme häpdä çeken protestler netijesinde wezipeden çekileninden soň, maý aýynda iş başyna geldi.

Ermenistanyň Respublikan partiýasynyň agalygyndaky parlament protestçileriň talabyna boýun bolup, Paşinianyň premýer-ministrlige kandidatlygyny goldady. Paşinian maý aýynda bu wezipä saýlananyndan soňra öz hökümetiniň bir ýylyň içinde täze parlament saýlawlaryny geçirjekdigini aýtdy.

Ol hökümetiň 16-njy oktýabra planlaşdyrylan maslahatynyň öňüsyrasynda eden çykyşynda Ermenistan indi "täze taryhy döwre" girip gelýär, bu döwrüň dowamynda ol “baharda başlanan zorluksyz mahmal rewolýusiýasyny tamamlamaly” diýdi.

Paşinian bu barada özüniň 16-njy oktýabrda giçlik “ýene-de aýratyn” beýanat berjekdigini aýtdy.

Paşinianyň sözçüsi Arman Egoian Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ermeni gullugyna Paşinianyň 16-njy oktýabrda wezipesinden çekiljekdigini bildiridi.

Öten hepde Fransiýanyň “France 24” telekanalyna beren interwýusynda Paşinianyň özi hem şu senäni agzapdy.

Egoianyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Paşinian wezipeden çekilýändigini yglan edeninden bir gün soň Ministrler kabineti adatdan daşary maslahat geçirer.

Ermenistanyň baş kanuny boýunça wagtyndan öňki saýlawlary diňe premýer-ministr wezipeden çekilip, parlament iki hepdäniň içinde onuň ýerine başga birini oturdyp bilmän halatynda geçirip bolýar.

Konstitusiýa boýunça täze saýlaw 30 günden bärde we 45 günden hem aňyrda bolmaly däl. Şunlukda onuň dekabryň takmynan birinji ýarymynda geçirilmegi mümkin.

XS
SM
MD
LG