Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýa Krymdaky partlamada 13 adamyň ölendigini aýdýar


Partlama Russiýanyň 2014-nji ýylda Ukrainadan basyp alan ýarymadasynyň gündogar bölegindäki politehniki kollejiniň garbanyşhanasynda boldy

Rus resmileri Krymyň Kerç şäherindäki kollejleriň birinde ýüze çykan partlama okuw jaýynda ýerleşdirilen bombanyň sebäp bolandygyny aýdýarlar. Wakada 13 adam - aglaba ýetginjekler - heläk boldy, şeýle-de onlarça adam ýaralandy.

Russiýa tarapyndan Krymyň başlygy hökmünde bellenen partladyjyny goýmakda 22 ýaşly talybyň aýyplanýandygyny aýtdy. Şübhelenýän bombany ýaranyndan soň, özüni heläkläpdir.

Partlama Russiýanyň 2014-nji ýylda Ukrainadan basyp alan ýarymadasynyň gündogar bölegindäki politehniki kollejiniň garbanyşhanasynda boldy. Resmiler muny terroristik hüjümi hökmünde häsiýetlendirýändiklerini mälim etdiler.

Bu aralykda, ýerli resmiler Krymda adatdan daşary ýagdaýy yglan etdiler we howpsuzlyk hüşgärligini artdyrdylar.

Ýarymada gözegçilik edýän rus resmileri partlama bilen baglylykda, üç gün matam yglan etdiler.

Rus prezidenti Wladimir Putin partlamada heläk bolanlaryň ýakynlaryna gynanç bildirdi.

Mundan öň peýda bolan habarlarda kollejde gazyň partlandygy aýdylypdy. Ýerli regional gazy paýlaýyş edarasynyň metbugat wekili bolsa, kolleji gaz bilen üpjün etmek boýunça ylalaşygyň bolmandygyny belläpdi.

Kerç ýakynda gurluşygy tamamlanan Russiýa-Krym köprüsiniň günbatar kenarynda ýerleşýär.

2014-nji ýylda Moskwanyň tarapynda çykyş eden ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiç günbatar gymmatlyklaryny goldap Kiýewde geçirilen protestler sebäpli häkimiýetden çetleşdirilenden soň, Russiýa ýarymadany zor bilen basyp alypdy.

Şonda, Russiýa Kryma harbylaryny ýollap, sebitiň esasy binalaryny gözegçiligine geçiripdi, şeýle-de ol Ukraina, ABŞ we başga-da 100 töweregi döwlet tarapyndan bikanun atlandyrylan referendumy geçiripdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG