Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Krymdaky hüjümde heläk bolanlaryň ählisiniň şahsyýeti anyklandy


Russiýanyň saglyk ministrihüjümde 70 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Ukrainanyň Russiýa tarapyndan basylyp alnan Krym ýarymadasynyň kollejleriniň birinde dörän ok atyşlykda 20 adam öldi, başga-da onlarçasy ýaralandy.

Resmiler hüjümiň netijesinde öldürilen ähli pidalaryň şahsyýetleriniň anyklanandygyny, şeýle-de agyr ýaralananlaryň uçarlar bilen Russiýanyň keselhanalaryna äkidilendiklerini aýtdylar.

Rus resmileri hüjümçiniň şahsyýetiniň anyklanandygyny, onuň Kerç şäherindäki tehniki kollejiniň 18 ýaşly talyby Wladislaw Roslýakowyň bolandygyny aýtdylar. Derňewçiler onuň soňy bilen özüni atyp öldürendigini hem mälim etdiler.

Kerçiň häkiminiň orunbasary Dilýawer Melgaziýew öldürilenleriň 15-siniň talypdygyny, olaryň arasyndan altysynyň 18 ýaşdan kiçidigini mälim etdi. Melgaziýew heläk bolanlaryň galan bäşisiniň kollejiň işgärleri bolandygyny hem sözüne goşdy.

Russiýanyň saglyk ministri Weronika Skwortsowa hüjümde 70 adamyň ýaralanandygyny, olaryň 10-synyň ýagdaýynyň agyrdygyny, bäşisiniň hem komada ýatandygyny habar berdi.

Russiýa tarapyndan Krymyň ýolbaşçysy hökmünde bellenen Sergeý Aksýonow hüjümiň ilkinji pidasynyň penşenbe güni giçlik jaýlanjakdygyny aýtdy.

Şaýatlar ýetginjegiň politehniki kollejine rahatlyk bilen girip, görnüşine görä, saýgarmazdan adamlary atyp başlandygyny gürrüň berdiler. Ol soňy bilen öz janyna kast edipdir.

Aksýonow Roslýakowy utanjaň we belli bir dostlary bolmadyk adam hökmünde häsiýetlendirdi. Onuň sözlerine görä, Roslýakow dördünji ýyl talyby bolup, onuň okuwa ýetişigi hem gowy bolupdyr.

“Ol sowuk ganlylyk bilen öňünden çykan talyplary we mugallymlary atdy” diýip, Aksýonow rus telekanalyna gürrüň berdi.

Hüjümçiniň talyp bolandygy mälim edilmezinden ozal, derňewçiler munuň terroristiki hüjüm bolan bolmagynyň mümkindigini hem aýdypdylar.

Hadysanyň yzy bilen, resmiler Krymda adatdan daşary ýagdaýy yglan etdiler. Moskwa hem sebite mekdepleri we Russiýa-Krym köprüsini goramak üçin esgerleri ýollady.

Ýeri gelende bellesek, Russiýa 2014-nji ýylda Krym ýarymadasyny zor bilen basyp alypdy. Şonda, Kreml Kryma harbylaryny ýollap, sebitiň esasy binalaryny gözegçiligine geçiripdi, şeýle-de ol Ukraina, ABŞ we başga-da 100 töweregi döwlet tarapyndan bikanun atlandyrylan referendumy gurnapdy.

Käbir şaýatlar kollejde birden köp hüjümçiniň bolandygyny, beýleki biriniň okuw jaýynyň garbanyşhanasynda partladyjyny ýarandygyny gürrüň beripdiler.

Emma, Aksýonow bombany Roslýakowyň özüniň ýasandygyny we tüpeňi bilen özüniň ýarandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG