Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň Gandagar welaýatyndaky saýlawlar bir hepde soňa goýulýar


Owgan generaly Abdul Razik. 2017-nji ýyl
Owgan generaly Abdul Razik. 2017-nji ýyl

Owganystanyň günortasyndaky Gandagar welaýatynda täsirli polisiýa komandiriniň öldürilmeginiň yz ýany, bu welaýatda 20-nji oktýabrda geçirilmegi planlaşdyrylan parlament saýlawlary bir hepde soňa goýulýar diýip, owgan prezidenti Aşraf Ganiniň metbugat wekili Harun Çakhansori özüniň Twitter sosial ulgamyndaky resmi hasabynda ýazdy.

“Saýlaw kanununyň 104-nji maddasyna laýyklykda, Howpsuzlyk Geňeşi [komissiýanyň teklibini] kabul etdi we Gadagar welaýatyndaky [parlament] saýlawlary diňe bir hepde soňa goýuldy” diýip, Garaşsyz saýlaw komissiýanyň metbugat wekili Hafizullah Haşimi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda aýtdy.

Haşimi 17-nji oktýabrda general Abdul Razikiň ýokary derejeli resmileriň biriniň janpenasy tarapyndan öldürilmeginiň yz ýany, Gandagar welaýatynyň ýaşaýjylarynyň “ses bermäge moral taýdan taýýar däldigi” sebäpli parlament saýlawyny soňa goýmak barada karar kabul edilendigini belledi.

“Gynansakda, düýn Owganystan Gandagarda öz perzentlerini [ogullaryny] ýitirdi we Gandagarda saýlawlary geçirmek problemalaryň döremegine sebäp bolup biler. Şol sebäpli Saýlaw komissiýasy saýlawyň soňa goýulmagyny teklip etmek barada netijä geldi” diýip, komissiýanyň agzasy Wasima Badgisi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda aýtdy.

Razikiň öldürilmegi Günbatar tarapyndan goldanylýan Kabuldaky hökümete uly urgy boldy.

“Talyban” topary Razikiň öldürilmeginiň jogapkärçiligini öz üstüne alyp ýaýradan beýanatynda: “Gandagaryň rehimsiz polisiýa ýolbaşçysy beýleki resmileriň birnäçesi bilen bir hatarda öldürildi” diýdi.

Owgan resmileri Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda welaýat derejesinde geçirilen ýokary derejeli howpsuzlyk ýygnagyndan soň, janpenanyň ot açandygyny aýtdy.

Şol ýygnakda Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky ýokary derejeli komandiri general Skot Milleriň (Scott Miller) hem bolandygyny, ýöne oňa hiç hili zyýan ýetmändigini, NATO-nyň metbugat wekili Grant Nily (Grant Neely) mälim etdi.

Gürrüňi edilýän wakada Razikiden başga-da welaýat aňtaw gullugynyň başlygy Abdul Momin Hassanhail hem öldürildi. Ol Owganystanda “Talybanyň” duşmany hökmünde tanalýan iň täsirli komandirleriň biridi.

Hüjümde Owganystanyň döwlet mediasy üçin işleýän owgan žurnalisti hem öldürildi diýip, ýurtda metbugatyň aç-açanlygyny goldaýan NAI atly topar aýdýar.

Häzirki wagt Owganystanda Birleşen Ştatlaryň 14 müň çemesi goşuny bar. Pentagonyň metbugat wekili podpolkownik Koun Folkner (Kone Faulkner) “Reuters” habar agentligine beren maglumatynda Gandagardaky hüjüm “biziň Günorta Aziýadaky strategiýamyzda Birleşen Ştatlaryň kararyny üýtgetmez...” diýdi.

“Talyban” ýurtdaky ses berişligi böwetlemegi wada berensoň, Owganystan uzak wagtdan bäri soňa goýlan 20-nji oktýabrdaky saýlawlaryň öň ýanynda, ýokary hüşgärlik derejesinde saklanýar.

Owganystanyň parlamentiniň aşaky öýündäki 249 ýer üçin 2500-den gowrak dalaşgär ýaryşýar.

XS
SM
MD
LG