Owganystanda uzak wagtdan bäriyza goýlan parlament saýlawlary başlandy. Şol bir wagtda, ýurt boýunça saýlaw uçastoklarynda tehniki meseleleriň we gazaplylygyň ýüze çykandygy barada maglumatlar gowuşýar.
Ses berilişik başlanandan soň, owganlar saýlaw uçastoklarynyň birnäçe sagat gijä galyp açylandygyny, ses berijileri hasaba almak üçin sanawlaryň ýokdugyny we biometriki hasaba alyş serişdelerinde näsazlyklaryň ýüze çykandygyny aýdyp, nägilelik bildirdiler.
Owganystanyň baş dolandyryjysy Abdullah Abdullahyň orunbasary Mohammad Mohakik ses bermek üçin saýlaw uçastogynda ençeme sagat garaşmaly bolandygyny, munuň netijesinde käbir närazy raýatlaryň ses bermän saýlaw uçastoklaryny terk etmeginiň mümkindigini aýtdy.
Bu aralykda, ýurduň käbir sebitlerinde ses berilişigiň ýene bir gün möhlet bilen uzaldylýandygy yglan edildi.
Şol bir wagtda, Owganystanyň käbir saýlaw uçastoklarynda gazaplylygyň ýüze çykandygy barada maglumatlar gowuşýar. “Talyban” jeňçileri hem saýlawlara hüjüm etjekdigini aýdyp, täze duýduryş ýaýratdylar.
Owganystanda parlament saýlawlarynda ses bermek üçin dokuz million adam hasaba durdy.
Içeri işler ministrligi saýlawçylary we saýlaw uçastoklaryny goramak üçin goşmaça 20 müň, umumy hasap bilen 70 müň howpsuzlyk işgäriniň çekilendigini mälim etdi.
Garaşsyz Saýlaw Komissiýasy saýlaw resmileriniň ýa-da serişdeleriniň gijikdirilen sebitlerinde ses berilişigiň ýene bir gün möhlet bilen uzaldylýandygyny yglan etdi.
Bu aralykda, Owganystanyň günortasyndaky Gandagar welaýatynda täsirli polisiýa komandiriniň öldürilmeginiň yz ýany, bu welaýatda 20-nji oktýabrda geçirilmegi planlaşdyrylan parlament saýlawlary bir hepde soňa goýuldy.
Ýerli resmiler 17-nji oktýabrda general Abdul Razikiň ýokary derejeli resmileriň biriniň janpenasy tarapyndan öldürilmeginiň yz ýany, Gandagar welaýatynyň ýaşaýjylarynyň “ses bermäge moral taýdan taýýar däldigi” sebäpli parlament saýlawyny soňa goýmak barada karar kabul edilendigini aýtdylar.
Owganystanyň parlamentiniň aşaky öýündäki 249 ýer üçin 2500-den gowrak kandidat dalaş edýär.