Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Welaýatlara kireý edýän taksileriň bahasy soňky ýarym aýda iki esse gymmatlady


Türkmenistanda welaýatlaryň arasynda kireý edýän hususy eýeçilikdäki taksileriň bahasy soňky ýarym aýyň dowamynda iki esse gymmatlady.

“Şundan 15-20 gün ozal Aşgabatdan Balkana çenli adam başyna 60 manat töleseň, hem-de dört adam jemlense, taksiler Balkanabada-da, Daşoguza-da, Mara-da gidýärdiler. Indi şol nyrh iň arzan bolanynda, “Men gaty howlukýaryn. Ýolagçy sanyňyz dörde ýeten bolsa, adam başyna 100 manat berseňiz hem gideýin” diýýär. Ýöne aslynda 120 manat töleýärler. Göni iki esse ýokarlandyrdylar” diýip, Türkmenistanda bolup geçýän wakalara ýakyndan syn edýän aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew aýtdy.

Hususy eýeçilikdäki taksi eýeleriniň ençemesiniň synçy Bugaýewe gürrüň bermegine görä, kireý nyrhlarynyň gymmatlamagynyň esasy sebäpleri ýolda para alýan polisiýa işgärleriniň köpelmegi, azyk harytlarynyň we dollaryň “gara bazardaky” nyrhynyň gymmatlamagy bilen baglanyşykly.

“Ýolda GAI-niň gözegçiligi güýçlendi. Olar köplenç sürüp gelýän tizligiňden has ýokary tizligi görkezýärler. Öň 20 manat berseň goýberýärdiler. Indi olara 30-40 manat bermeseň sypyp bolmaýar. Galyberse-de, hususy taksi bolup işlemek üçin ýörite patendiň, resminamaň bolmasa, 500 manatdan başlaýan jerimeleri salýarlar. Dollar hem 21 manatdan aşdy. Onsoň gündelik sarp edilýän harytlar hem gymmatlaýar. Bizem maşgalamyzy eklemek üçin nyrhlary gymmatlatmaly bolýarys” diýip, anonim şertde maglumat beren daşoguzly sürüji aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, ol nyrhlaryň gymmatladylmagy netijesinde ýolagçylaryň sanynyň hem azalandygyny, müşderileriň ýoklugy sebäpli käbir hususy taksi eýeleriniň öz işini taşlandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Ýatladyp geçsek, ýurduň gündogaryndan Aşgabada gelýän ýolagçylar Änew şäherçesine, demirgazygyndan gelýän ýolagçylar Çoganla çenli goýberilýär we paýtagta gitmek isleýän ýolagçylar bu ýerde başga taksä ýa-da awtobusa münmeli bolýarlar.

Synçy Bugaýew welaýatlaryň arasynda kireý edýän hususy eýeçilikdäki taksileriň bahalary bilen bir hatarda, Änewe we Çoganla gelen ýolagçylary paýtagta alyp gidýän taksileriň hem öz nyrhlaryny gymmatladandygyny belleýär. “Mundan 10 gün ozal hem şu aralyk üçin her ýolagçy 15 manat tölemelidi. Häzir bu nyrh 20 manat bolupdyr” diýip, synçy aýtdy.

Türkmenistanda bir welaýatdan beýleki welaýatlara sapar edýän ýolagçylar köplenç hususy eýeçilikdäki taksilerden peýdalanýarlar. Munuň sebäpleriniň hususy eýeçilikdäki taksileriň nyrhynyň arzanlygy we olaryň welaýatlara ýygy-ýygydan hereket edýändigi bilen baglanyşyklydygy aýdylýar.

Döwlet eýeçiligindäki sary reňkdäki taksiler bolsa, diňe Aşgabat şäherinde we onuň töwereginde hyzmat edýärler. Galyberse-de, olaryň nyrhy hususy eýeçilikdäki taksileriň kireý bahasyndan azyndan iki esse gymmat.

Türkmenistanda Aşgabatdan welaýatlara we welaýat merkezlerinden paýtagta her gün diňe bir otly, bir awtobus we ortaça üç uçar gatnawy ýola goýlandyr. Ýöne Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň ençemesi ýolagçylaryň bu gatnawlardan peýdalanmakda dürli bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny eýdýärlar.

Ýaşaýjylaryň we ýerli synçylaryň tassyklamagyna görä, otlularyň gatnaw tertibiniň üýtgäp durmagy, otlularyň sanynyň ýolagçylaryň talabyndan az bolmagy, biletleriň gytçylygy, ýolagçylaryň otly koridorlarynda sapar etmäge mejbur bolmagy, otlynyň we awtobusyň içinde, şeýle-de demir ýol we awtobus duralgalarynda iň ýönekeý hyzmatlaryň, amatlyklaryň ýokdugy, uçar biletleriniň gymmatlygy we olaryň köplenç tapdyrmazlygy ýaly kynçylyklar şol bökdençlikleriň käbirleridir.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG