Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Moskwada gepleşik geçirýär


Birleşen Ştatlaryň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Jon Bolton we Russiýanyň Howpuzlyk geňeşiniň sekretary Nikolaý Patruşew
Birleşen Ştatlaryň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Jon Bolton we Russiýanyň Howpuzlyk geňeşiniň sekretary Nikolaý Patruşew

Birleşen Ştatlaryň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Jon Bolton Moskwada Orsýetiň ýokary derejeli resmileri bilen gepleşik geçirýär. Gepleşikler prezident Donald Trampyň Sowuk uruş döwrüne degişli ýadro ýaraglaryna kontrollyk ylalaşygyndan Amerikanyň çekiljekdigini yglan etmegi netijesinde dörän dartgynlygyň arasynda bolup geçýär.

Bolton 22-nji oktýabrda orsýetli kärdeşi, ýagny prezident Wladimir Putiniň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Nikolaý Patruşew bilen duşuşdy. Onuň şu gün ýurduň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we 23-nji oktýabrda hem prezident Putin bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Duşuşygyň öň ýanynda, Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow Bolton Amerikanyň 1987-nji ýyla degişli “Orta aralykly ýadro güýçleri” (INF) şertnamasy hakdaky tutumyny aýdyňlaşdyrar diýip, özüniň umyt edýändigini aýtdy. Bu ylalaşykda 500 kilometr bilen 5500 kilometr aralykly raketalaryň aglabasy gadagan edilýär.

Rýabkow ondan ozal Birleşen Ştatlaryň INF-den birtaraplaýyn çekilmegi “juda howply” bolup, “harby-tehniki” gaýtawula getirer diýipdi. Bu bolsa ýaraglara salgylanylyp, munuň Orsýetiň-de täze ýaraglary öndürmegine ýa ýerleşdirmegine sebäp bolmagy mümkin diýildigidir.

Hytaý hem Birleşen Ştatlary tankytlap, 22-nji oktýabrda birtaraplaýyn çekilmegiň oňaýsyz netijeleri bolar diýip, Waşingtony meselä “oýlanyşykly” çemeleşmäge çagyrdy.

Trampyň beýanaty hakda soralanda, Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi hanym Hua Çunýing: “Halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde, ýadro ýaraglanyşygyny togtatmakda, şeýle hem global deň agramlylygy we durnuklylygy saklamakda bu dokumentiň möhüm roly bar” diýdi.

INF şertnamasy boýunça Birleşen Ştatlar bilen Orsýete 500 kilometrden 5500 kilometr uzaklyga çenli bolan orta aralykly, ýerden atylýan kruiz raketalaryny edinmek, öndürmek ýa ýerleşdirmek gadagan.

Amerikan resmileri Orsýet bular ýaly raketalary ençeme ýyl bäri öndürip gelýär diýýärler. Waşington bu aýyplamalary 2014-nji ýylda mälim etdi.

Orsýet Birleşen Ştatlaryň bildirýän aýyplamalaryny öwran-öwran ret edip, tersine Amerikanyň Ýewropadaky raketadan goranyş ulgamlarynyň käbir elementiniň bu ylalaşyga tersdigini aýdýar. Waşington hem muny ret edýär.

Ýiti tankyt

1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargamazdan dört ýyl öň baglaşylan INF ylalaşygy raketalaryň ähli böleklerini ýok etmek üçin gol çekilen ilkinji ýaraglara kontrollyk şertnamasydy.

Tramp 20-nji oktýabrda bir kampaniýanyň dowamynda Newada ştatynda žurnalistlere şeýle diýdi: “Gynansakda, Orsýet bu ylalaşygy ýerine ýetirmedi. Şol sebäpden biz bu ylalaşygy soňlaýarys we ondan çykýarys”.

Birleşen Ştatlar “olara ýadro ylalaşygyny bozdurmaz, ondan çykar we rugsat edilmedik ýaraglary ediner” diýip, Tramp aýtdy.

Trampyň bu beýanaty 1987-nji ýylda amerikan prezidenti Ronald Reagan bilen birlikde ylalaşyga gol çekişen öňki sowet lideri Mihail Gorbaçew tarapyndan ýiti tankyda uçrady.

87 ýaşly Gorbaçýow “Interfaks” habar gullugyna beren interwýusynda bu göçüm Waşingtonda “pähim-paýhasyň ýokdugyny” görkezýär diýdi.

Gorbaçýow: “Ylalaşygy ýatyrmak ýalňyş iş” diýip, liderler “ýaragsyzlanmak baradaky köne şertnamalary asla ýyrtyp taşlamaly” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Günbatarda bolsa görkezilýän reaksiýalar garyşyk.

Britaniýanyň goranmak sekretary Gawin Williamson bu meselede öz ýurdunyň Waşington bilen “bütinleý kararly” durandygyny aýdyp, Kremli “öz öýüni tertibe salmaga” çagyrdy.

Germaniýanyň daşary işler ministri Heiko Maas Trampyň yglannamasy “biz we Ýewropa üçin kyn soraglary oýarýar” diýse-de, Orsýetiň şertnamany bozandygy hakdaky gürrüňleri entek ynandyryjylykly jogaplandyrmandygyny aýtdy.

Bu aralykda, amerikan senatory respublikan Rand Paul “Fox News” telekanalynda Boltony tankytlap, ylalaşykdan çekilmek baradaky kararyň aňyrsynda duranyň milli howpsuzlyk geňeşçisidigine özüniň ynanýandygyny belledi.

“Men Reagan bilen Gorbaçýowyň gazananynyň ähmiýetine ol düşünýändir öýdemok” diýip, Paul aýtdy.

Boltonyň Moskwa eden saparyna gabat gelýän jedel ýeke INF däl. Moskwa bilen Waşingtonyň arasynda dartgynlyk döredýän başga meseleler-de bar. Muňa Orsýetiň Ukraina we Siriýadaky hereketleri, şeýle hem Kreml Birleşen Ştatlaryň saýlawlaryna garyşdy diýilýän gürrüňler mysal bolup biler.

XS
SM
MD
LG