Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO “Sowuk urşy döwründen bäri iň uly harby türgenleşigini geçirýär”


NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg
NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg

NATO Sowet Soýuzy dargaly bäri özüniň iň giň gerimli harby-türgenleşik çäresini geçirýär.

Günbatar ýaranlygyň başlygy onlarça müň esgeriň gatnaşmagynda geçirilýän bu türgenleşigi Ýewropada howp-hataryň barha artýan döwri mümkinçiligiň we jebisligiň “aýdyň yşaraty” boljakdygyny aýtdy.

“Türgenleşikleriň esasy tapgyry ertir Norwegiýada başlanar” diýip, NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg Brýusselde geçirilen metbugat-ýygnagynda mälim etdi.

Moskwa öz serhetlerine golaý sebitlerde geçirilýän türgenleşikleri tankytlady. 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny zor bilen basyp alan we ýurduň gündogaryndaky separatistleri goldaýan Russiýa bilen NATO-nyň arasyndaky gatnaşyklar dartgynly bolmagyna galýar.

“Türgenleşikler biziň halklarymyza we islendik mümkin garşydaşa: NATO-nyň gapma-garşylygy islemeýändigini, emma islendik howpa garşy ýaranlaryny goramaga taýýardygyny açyk bir görnüşde äşgär edýär” diýip, Stolteberg nygtady.

Onuň sözlerine görä, 25-nji oktýabr-7-nji noýabr we 13-24-nji noýabr aralygynda geçiriljek türgenleşiklere 65 gämi, 250 uçar, 10 müň ulag we şahsy düzümiň 50 müň agzasy gatnaşar.

Moskwa NATO-nyň 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargandan soň öz düzümine ozalky Warşawa Paktynyň agzalaryny we Baltik döwletlerini goşmagyny prowakasiýa hökmünde häsiýetlendirýändigini aýdyp gelýär. Soňky ýyllarda hem Russiýa, hem-de NATO birek-biregini aggresiýada aýyplaýarlar.

2017-nji ýylyň sentýabrynda Russiýa özüniň günbatar sebitlerinde Belarus bilen birlikde – käbir NATO agza döwletleriniň serhetlerine ýakyn regionlarda – Zapad-2017, ýagny Günbatar-2017 harby türgenleşiklerini geçiripdi.

Şu ýylyň sentýabrynda bolsa, Russiýa özüniň merkezi we gündogar sebitlerinde giň gerimli harby türgenleşikleri gurnapdy. Goranmak ministrligi bir hepde dowam eden Wostok-2018, ýagny Gündogar-2018 türgenleşiklerine şahsy düzümiň 300 müň töweregi agzasynyň gatnaşandygyny mälim edipdi.

Stoltenberg türgenleşiklerde şahsy düzümiň: “Demirgazyk Güýçleri” we “Günorta Güýçleri” diýen iki topara bölünjekdigini, şeýle-de olaryň gezekli-gezegine hüjüm ediş we goranyş güýçleri hökmünde çykyş etjekdiklerini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG