Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda gaz ölçeýji gurallary oturtmak işleri güýçlenýär; ýaşaýjylaryň gazy ençeme sagatlap kesilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Şu günler Aşgabadyň köp gatly jaýlarynda gaz ölçeýji enjamlary köpçülikleýin oturtmak çäresi güýçli depginde alnyp barylýar. Bu çäre bilen baglanyşykly ýaşaýjylaryň gazy ençeme sagatlap, käte tutuş gün kesilýär.

Türkmenistanda bolup geçýän wakalara ýakyndan syn edýän aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew bu çäräniň Aşgabat gaz edarasynyň işgärleri we kebşirleýjiler brigadasy tarapyndan Aşgabadyň Parahat etrapçasyndaky döwlet we hususy eýeçilikdäki jaýlarda alnyp barylýandygyny aýdýar.

“Orta hasap bilen her etrapçada iki-üç sany brigada işleýär. Şu wagt Parahat 2/1 etrapçasynyň 22-nji jaýynda gaz ölçeýji gurallary oturtmak işi dowam edýär” diýip, synçy Bugaýew gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol gaz ölçeýji gurallary oturdýan kebşirleýjileriň geçen asyryň 50-60-njy ýyllarynda ulanylan gurallardan peýdalanýandygyny aýdyp, munuň kebşirleýiş işleriniň uzaga çekmegine we ýaşaýjylaryň öýlerindäki gazyň uzak wagtlap kesilmegine getirýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Galyberse-de, gazyň kesiljekdigi barada ýaşaýjylara öňünden hiç hili duýduryş berilmeýär. Bu bolsa, ýaşaýjylaryň öýlänlik ýa-da agşamlyk naharlaryny öz wagtynda taýýarlamagynda bökdençlikleri döredýär.

“Dokuz gatly jaýlarda-da kwartiralaryň sany her girelgede deň däl. Şunlukda, [kwartira] sany 18 bolan girelgäniň gazyny 8 sagat çemesi doly kesýärler. 36 kwartira ýerleşýän kwartiranyňkyny 2 gün, 54 kwartiralyny 3 gün [kesýärler]. Irden kesýärler. Agşamara işlerini tamamlanda-da, gazy açyp gidýärler” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

Mundanam başga, synçy ýaşaýjylardan gaz ölçeýji guralyň bahasyny Aşgabat gaz edarasynyň işgärleriniň alýandygyny we olaryň umumy tölegiň 212 manat bolandygy barada ýörite kwitansiýa ýazyp berýändigini aýdýar. Ýöne bu tölegden başga-da kebşirleýjiler brigadasy hiç hili kwitansiýa ýazyp bermezden, her ýaşaýjydan 50 manat pul alýar.

“Ol puly olar özleriniň zähmet haky hökmünde delillendirýärler. Ýöne şolar bilen bile gelen Aşgabat gaz edarasynyň işgärine “eýsem, bulara zähmet hakyny Aşgabat gaz edarasy tölänokmy?” diýseň, ol hem “Men şeýle ýagdaýy bilemok. Belki töleýändir, bize ol zatlar aýdylanok” diýip, başdansowma jogap berýärler” diýip, Bugaýew belledi.

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň sentýabr aýynda geçirilen soňky mejlisinde kabul edilen karara laýyklykda, elektrik energiýasy, gaz, suw we nahar duzy 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap tölegli edildi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň 12-nji oktýabrda geçiren hökümet maslahatynda 2019-njy ýyldan başlap suwuň, gazyň we toguň mugtçulygynyň ýatyrylmagy bilen baglylykda, ýurduň maliýe we ykdysadyýet ministri Goçmyrat Myradowa täze töleglerden býujete girýän goşmaça serişdeleri hasaba almak işlerine gözegçiligi tabşyrdy.

Ýöne türkmen häkimiýetleri suwuň, gazyň we toguň tölegleriniň näçe boljakdygyny häzirlikçe aýdyňlaşdyrmaýarlar.

Şeýle-de, döwlet baştutany wise-premýerler Myratgeldi Meredowa we Dädebaý Amangeldiýewe kärhanalara we ilata gaz, elektrik we suw hasaplaýjy enjamlaryň oturdylmagyny, hem-de hasaplaşyk kitapçalarynyň berilmegini üns merkezinde saklamak işini tabşyrdy.

Prezidentiň bu çäreleriň ählisine gözegçilik etmek işlerini içeri işler ministri Isgender Mulikowa tabşyrmagynyň yz ýany, regionlarda “Welaýatgazyň” işgärleri ýerli polisiýanyň gullukçylary bilen bilelikde hojalyklara aýlanyp, ilatyň ölçeýji gurallaryny barlap başladylar.

Täze hasaplaýjy enjamlary bilen bagly welaýatlarda hojalyklara aýlanýan döwlet işgärleri bergili hojalyklaryň şu aýyň soňuna çenli ozalky bergilerini üzlüşmeklerini we eger-de öýlerde gaz ölçeýji gurallar oturdylan bolsa, olaryň täzelenilmegini talap edýärler diýip, Azatlygyň dürli welaýatlardaky habarçylary 16-njy oktýabrda habar beripdi.

Türkmenistanda elektrik energiýasy, gaz, suw we nahar duzy tölegli edilip, hasaplaýjy enjamlary oturtmak çäresi güýçli depginde alnyp barylýan mahaly, Azatlyk Radiosynyň habarçylary we türkmenistanlylaryň ençemesi ýurduň dürli künjeginde bu hyzmatlaryň kadaly işlemeýändigini yzygiderli habar berýärler.

XS
SM
MD
LG