Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda tigir sürýänlerden tehpasport, ulag belgisi we sürüjilik şahadatnamasy talap edilýär


Welosiped güni, 3-nji iýun, 2018.
Welosiped güni, 3-nji iýun, 2018.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Daşoguzda şäheriň statusyny alan etrap merkezlerinde ýaşaýjylaryň tigir sürmek üçin welosipediň tehniki guratlygy hakynda haty we ulag üçin döwlet belgisini almalydygyny habar berýärler. Şeýle-de, olar soňky döwürde tigirlilerden sürüjilik şahadatnamasynyň talap edilip başlanandygyny belleýärler.

Читайте также на русском

"Eger-de soralan resminamasy bolmasa, raýatlara 800 manatdan 2000 manada çenl jerime salýarlar" diýip habarçymyz aýdýar.

Ýol gözegçilik polisiýasynyň bu jerimäni haýsy kanunlaryň esasynda salýandygyny, tigir sürüjilerden alynýan puluň resmi taýdan düzgünleşdirilip, düzgünleşdirilmeýändigini Daşoguzyň kanun goraýjy edaralaryndan anyklap bolmady.

Emma daşoguzly tigir sürüjileriň Azatlyk Radiosyna habar bermegine görä, şahadatnamanyň bahasy häzirki wagtda 1500-2000 manada ýetýär.

Azatlyk Radiosy Daşoguzda habar berilýän bu ýagdaýyň ýurtda bar bolan kanunlara näderejede laýyk gelýändigini resmi taýdan anyklap bilmedi.

Emma Aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, agzalan düzgünler Aşgabatda tigir sürýänlerden talap edilmeýär, ýurtda raýatlaryň tigir ulanmagyna degişli kanun hem ýok.

Türkmenistanda tigir sürmek döwlet derejesinde propagandirlenýär. Soňky ýyllarda ýurtda resmi taýdan guramalaşdyrylýan köpçülikleýin tigir ýörişleri yzygiderli geçirilýär. Adatça prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilýän tigirli ýörişlere döwlet resmileri, edara-kärhanalaryň işgärleri we mekdep okuwçylary gatnaşdyrylýarlar.

Türkmen hökümeti tigire bagyşlanan ýörite senäni hem esaslandyrdy we şu ýylyň 3-nji iýunynda ilkinji gezek welosiped gününi belledi. Emma tigirli çärelere gatnaşmak üçin ulaglary we sport geýimlerini býujet işgärleri we mekdep okuwçylary öz hasabyna edinmeli bolýarlar.

Türkmenistan welisipede ýadygärlik dikmäge hem taýýarlanýar.

Aşgabadyň esasy meýdançalarynyň birinde tigire ýadygärlik dikmegi ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy iýunda teklip etdi we onuň indiki ýylyň 3-nji iýunynda "bütindünýä welosiped gününe gabatlanyp dabaraly açylmagynyň ajaýyp boljagyny" belledi.

Şol bir wagtyň özünde-de, Türkmenistanyň hut paýtagtynda-da ilatyň tigirli hereket etmegi üçin zerur şertler ýok, şol sanda köçelerde ýörite ýodalar we tigirleri goýmak üçin ýerler göz öňünde tutulmaýar.

Türkmenistanda soňky ýyllarda dürli ulaglaryň köçe-ýol hereketine degişli çäklendirmeleriniň ençemesi girizilipdi.

Hususan-da, şäher ýerlerinde atly we eşekli araba sürmek gadagan edildi. Munuň jerimesi 1000 manada çenli ýetip bilýär.

Türkmenistanda awtoulaglara degişli çäklendirmeleriň ençemesi güýjünde galýar. Geçen ýylyň aýagynda öňünden resmi taýdan duýdurmazdan ilatyň goýy reňkli awtoulaglary gadagan edilip başlandy we ulag sürüjilerine jerime salyndy. Häkimiýetleriň jeza berip başlamagynyň netijesinde goýy reňkli awtoulag eýeleriniň bir bölegi öz ulaglaryny boýamaly boldy, başgalary awtoulaglaryny sürmekden doly saklandy.

Daşoguzda häzirki wagtda awtoulaglaryň nomerlerine degişli talabyň güýçlenendigini Azatlygyň habarçylary aýdýarlar.

"Awtoulaglaryň yzky belgi durýan ýerleri öndürlende dört burç we kelte nomerlere niýetlenen bolsa, Türkmenistanda awtoulaglar üçin göz öňünde tutulan insiz we uzyn nomerler oňa sygmaýar. Indi şol ulaglary hem tehniki näsaz hasaplaýarlar we tehpasport bermeýärler. Üstesine, awtoulagyň öň aýnasyna düşýan günden goranmak üçin ýörite saýabany hem aýyrmagy talap edýärler. Gara äýnek dakyp ulag sürýänlere hem birinji sapar 150 manat jerime salýarlar" diýip, Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçysy aýdýar.

XS
SM
MD
LG