Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanda prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçiriler


Salome Zurabişwili (Gyzyl penjekli)

Gürjüstanda barýan prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçiriler. Sebäbi Fransiýada doglan öňki daşary işler ministri Salome Zurabişwili, birinji tapgyrda gazanan sesleri az-kem ýokary bolsa-da, iň ýakyn bäsdeşi bilen güýç synanyşmazlyk üçin ýeterlik ses alyp bilmedi.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň 29-njy oktýabrda beren maglumatynda Zurabişwiliniň sesleriň 38.6 prosentini alandygy aýdylýar. Grigol Waşadzäniňki bolsa 37.7 prosent.

Parlamentiň spikeri Irakli Kobahidzäniň metgubat konfrensiýasynda aýtmagyna görä, dalaşgärleriň hiç biri sesleriň 50 prosentini alyp bilmändigi sebäpli ikinji tapgyr talap ediler.

Oppozision Ýewropa Gürjüstan partiýasynyň kandidaty parlamentiň öňki spikeri Dawit Bakradze hem sesleriň 10.9 prosentini alyp, üçünji orny eýeledi. Bakradze ikinji tapgyrda öz partiýasynyň Waşadzäni goldajakdygyny aýtdy.

Gürji resmileriniň aýtmagyna görä, ikinji tapgyr saýlawyň 1-nji dekabrdan bärde geçmegi mümkin.

Ses berişlige gatnaşanlaryň sany 46.7 prosente barabar boldy. Bu bolsa 2013-nji ýylda geçen prezident saýlawlaryndaka golaýdyr.

Häzirki prezident saýlawy 1991-nji ýyldan bärde Gürjüstanda geçen ýedinji we döwlet baştutanynyň göni sesler bilen saýlanan iň soňky saýlawy bolup durýar.

Baş kanuna 2017-nji ýylda girizilen üýtgeşmelere laýyklykda, indiki prezidentler parlament wekillerini, şeýle hem ýerli we regional syýasy wekilleri öz içine alýan 300 agzaly saýlawçylar topary tarapyndan saýlanar.

Gürjüstanyň ilkinji zenan prezidenti bolmaga dalaş edýän Zurabişwilini ýurduň häkimiýet başyndaky “Gürji arzuwy” partiýasy goldaýar. Takmynan 5 million ilatly ýurtda prezidentiň ygtyýarlygy premýer-ministriňkiden aşakdadyr.

Waşadze hem ozal daşary işler ministri bolupdy. Ony kandidat bellän ozal öňki prezident Miheil Saakaşwiliniň ýolbaşçylygynda bolan oppozision “Birleşen milli” hereketdir. Saakaşwili häzir sürgünlikde ýaşaýar.

Saýlaw merkezleri ýapylanyndan soňra premýer-ministr Mamuka Bahtadze “saýlaw parahatçylykly, erkin we demokratik ýagdaýda” geçdi diýip, gürjüstanlylary gutlady.

Wezipe başyndan aýrylyp barýan prezident Giorgi Margwelaşwili hem ses bereninden soňra: “Biziň hemmämiz ýurda hyzmat edýäris” diýdi.

Saýlawda ses bermäge hukukly ilatyň sany takmynan 3.5 milliondy. Saýlaw Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gözegçiliginde geçdi.

“Gürjüstan Transparency International” guramasy öz synçylarynyň “90-a golaý” bidüzgünçilikleriň bolandygyny habar berendigini mälim etdi. Bularyň käbiri “ähmiýetsiz” bolsa, käbiri “belli bir derejä çenli möhümdir”.

66 ýaşly Zurabişwili öňki premýer-ministr we milliarder Bidzina Iwanişwiliniň ýolbaşçylygyndaky Gürjüstanyň arzuwy partiýasy tarapyndan goldalsa-da, garaşsyz dalaşgärdir.

Ol öz ýerligi sebäpli tankytlandy. Käbir tankytçylar onuň beýanatlaryny 2008-nji ýylda Orsýet bilen bolan urşy başlan Gürjüstan diýip manylandyryp, ony dönük diýip atlandyrdylar.

Fransiýada doglan Zurabişwili ilkinji gezek Gürjüstana 30 ýaşlaryndaka sapar etdi. Ol ozal fransuz diplomaty bilen işläpdi.

Waşadze sürgünlikde ýaşaýan Saakaşwilä Gürjüstana gelmäge rugsat edilmeli diýýär.

Saakaşwili 2004-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli prezident boldy. Ol parlament saýlawlarynda özüniň “Birleşen milli hereket” partiýasy Iwanişwiliniň “Gürjüstanyň arzuwy” partiýasyndan ýeňileninden bir ýyl soňra häkimiýet başyndan aýryldy.

Birleşen Ştatlaryň berk ýarany bolan Gürjüstan özüniň NATO ýaranlygyna we Ýewropa Bileleşigine goşulmak isleýändigini mälim etdi.

Öňki imperial döwürde, şeýle hem sowet döwründe agalyk eden Orsýet Abhazystan we Günorta Osetiýa regionlaryna kontrollyk edýän separatistleri goldaýar. 2008-nji ýylda bolan uruşdan bäri Moskwa bu regionlary garaşsyz döwletler diýip ykrar edýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG