Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Norwegiýanyň kenarlaryndaky halkara suwlarda raketa synaglaryny geçirmegi planlaşdyrýar


Günbataryň harby ýaranlygynyň Sowuk uruş tamamlanaly bäri iň uly harby türgenleşigini geçirýän häzirki wagtda Orsýetiň harby deňiz güýçleri üstümizdäki hepde Norwegiýanyň kenarlaryndaky halkara suwlarda raketa synaglaryny geçirmegi planlaşdyrýar diýip, Norwegiýanyň hem-de NATO-nyň resmileri aýdýarlar.

29-njy oktýabrda NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg planlaşdyrylan synaglar hakda ýaranlyga öten hepde habar berlendigini aýtdy.

Stoltenberg Norwegiýanyň “NBT” habar gullugyna beren maglumatynda: “Orsýetiň demirgazykda we Norwegiýanyň golaýynda ep-esli güýçleri bar” diýdi.

Ol soňra hem: “[Orsýetiň] uly harby güýçleri harby-tälimlere gatnaşyp, yzygiderli türgenleşik geçirýärler” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Ors resmileriniň planlaşdyrylan raketa synaglary hakda entek beren beýanaty ýok. Bu synaglar NATO bilen Orsýet arasyndaky dartgynlygyň dowam edýän mahalyna gabat gelýär. Orsýet 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarym adasyny basyp aldy, gündogar Ukrainada barýan konfliktde separatistleri goldaýar, ol şol bir wagtda-da NATO ýaranlygyny öz serhetleriniň golaýynda özüni öjükdiriji alyp barmakda aýyplaýar.

Norwegiýanyň aeroport we howa nawigasiýa hyzmatlaryny amala aşyrýan “Awinor” guramasynyň sözçüsi synaglar hakda Orsýetiň NOTAM arkaly uçuş ýolunda mümkin howplaryň bolmagy barada pilotlary habarly edendigini aýtdy.

Sözçi Erik Loddingiň “dpa” habar gullugyna aýtmagyna görä, bu bir “adaty maglumat”.

Synaglar 1-nji noýabr bilen 3-nji noýabr aralygynda kenarýaka şäherler bolan Kristiansund, Molde, and Alesundyň günbatarynda geçiriler.

Norwegiýanyň goranmak ministri Frank Bekke-Ýensen: “Bu ýerde bir dramatik zat ýok. Biz ony bellik etdik, Orsýetiň manýowrlerini yzarlarys” diýdi.

NATO özüniň “Trident Junkture” türgenleşigine 25-nji oktýabrda başlady. Stoltenberg bu harby-tälim türgenleşigi Ýewropada howpuň barha artýan mahalynda başarnygyň, jebisligiň we aýgytlylygyň “güýçli alamaty” diýip atlandyrdy.

Türgenleşik 7-nji noýabra çenli dowam eder.

Oňa NATO ýaranlygyna agza 29 döwletden we partnýorlar bolan Finlandiýa bilen Şwesiýadan 50 müň töweregi esger, 10 müň harby ulag, şeýle hem 300-den gowrak uçar we gämi gatnaşýar.

Demirgazyk Atlantikadan Baltik deňzine çenli bolan regioni öz içine alýan harby-tälim türgenleşikde ýaranlygyň haýsy hem bolsa bir agzasyna edilen hüjüme gaýtargy bermäge ezberleşmek maksat edinilýär.

Orsýet özüniň “Zapad-2017” diýip atlandyrylan iň uly harby türgenleşigini Belarusyň hem gatnaşmagynda 2017-nji ýylyň sentýabrynda özüniň birnäçe NATO ýurtlary bilen serhetdeş bolan günbatar sebitlerinde geçirdi. Öten aý hem ýene bir güýçli türgenleşigi özüniň merkezi we gündogar sebitlerinde alyp bardy.

XS
SM
MD
LG