Russiýa Ukrainanyň 322 raýatyna we belli telekeçileriniň 68 kärhanasyna garşy maliýe sanksiýalaryny girizdi.
Sanksiýalara düşen şahsyýetleriň arasynda: prezident Petro Poroşenkonyň ogly Oleksiý, içeri işler ministri Arsen Awakow, howpsuzlyk gullugynyň başlygy Wasyl Hrytsak, premýer-ministriň orunbasary Iwanna Klympuş-Tsintasadze, telekeçi Wiktor Pinçuk, ozalky premýer-ministrler Ýuliýa Tymoşenk we Arseniý Ýatsenýuk, şeýle-de aşa-milletçi Sagçy Sektor toparynyň ozalky lideri Dmytro Ýaroş dagy hem bar.
Gadagançylyklary girizmek baradaky karara premýer-ministr Dmitriý Medwedýew gol goýdy.
Kanunda onuň “Ukrainanyň rus raýatlaryna we guramalaryna garşy alyp barýan betniýetli hereketlerine garşy jogap bermek, şeýle-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary gowulandyrmak” maksady bilen girizilendigi bellenilýär.
Sanksiýalara başga-da: Ukrainanyň milli howpsuzlyk we goranyş boýunça geňeşiniň sekretary Oleksandr Turçynow, goranmak ministri Stepan Poltorak, goranmak ministriň orunbasary Anatoliý Petrenko, ukrain armiýasynyň baş ştabynyň ýolbaşçysy Wiktor Muženko, parlamentiň başlygynyň orunbasary Iryna Heraşçenko we krym tatarlarynyň baýry lideri Mustafa Jemal hem girizildi.
Sanksiýalar Russiýanyň territoriýasyndaky emläkleri doňdurmagy hem göz öňünde tutýar.
Gadagançylyklara Ukrainanyň Konstitusiýon kazyýetiniň sudýalary, ukrain kanunçykaryjylary, telekeçiler, prezident diwanynyň agzalary we möhüm ukrain kompaniýalary hem girizildi.
Mundan 10 gün öň, prezident Wladimir Putin Ukraina garşy “ýörite ykdysady çäreleri” görmek baradaky karary kabul edipdi. Şol pursat, Putin hökümete ykdysady sanksiýalara düşjek ukrain firmalarynyň we şahsyýetleriniň sanawyny taýýarlamagy tabşyrypdy.
Putin Ukrainanyň rus raýatlaryna we kompaniýalaryna garşy girizen ähli çäklendirmelerini aradan aýyrandan soň, Moskwanyň sanksiýalarynyň hem ýatyrylyp bilinjekdigini aýdypdy.
Moskwanyň 2014-nji ýylda Krym ýarymadasyny zor bilen basyp almagynyň yzy bilen, Ukraina ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýaly rus telekeçilerine, kompaniýalaryna garşy sanksiýalary girizipdi.
23-nji oktýabrda Medwedýew Moskwanyň käbir ukrain önümleriniň importyna hem sanksiýalary taýýarlaýandygyny mälim edipdi.