Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Yslamçylar Hudaýa şek ýetirmekde günä bildirileniň aklanmagyny üç günden bäri protest edýär, gepleşikler netijesiz boldy


TLP yslamçy partiýasynyň goldawçylary Karaçide protest geçirýär, 2-nji noýabr, 2018-nji ýyl

Pakistanda aşa yslamçylar 2-nji noýabrda ýurduň iri şäherlerinde köçeleri böwetläp, Hudaýa şek ýetirmekde aýyplanýan bir hristiýan aýalyň aklanmagyna garşy geçirýän protestlerini üçünji günde-de dowam etdirdiler. Agzalýan zenan ölüm jezasyna höküm edilipdi.

Pakistanyň Tehrik-e Labaik partiýasy özleriniň hökümet bilen geçiren duşuşyklarynyň netijesiz bolandygyny aýdyp, öz goldawçylaryny polisiýa güýçleri bilen çaknyşyga taýýarlyga çagyrdy.

“Gepleşikler doly netijesiz boldy. Gepleşiklere federal we regional wekiller, Içerki gulluklaryň wekili general Faiz gatnaşdy” diýip, TLP partiýasynyň lideri Hadim Hussain 2-nji noýabrda ýaýradan twitinde aýtdy.

“Hökümet biziň “soňumyza çykjakdygyny” aýdyp, duýduryş berdi” diýip, Rizwi aýtdy.

Ýurduň dürli künjeklerinde öýjükli aragatnaşyk ulgamlary togtadyldy. Bu ýagdaý aragatnaşygy kynlaşdyrdy.

1-nji noýabrda ýurduň telewizion kanallarynda eden çykyşynda ýurduň premýer-ministri Han protestçilere duýduryş berip, döredilýän päsgelçilikler dowam eden ýagdaýynda hökümetiň herekete geçjekdigini aýtdy.

“Biz zyýan çekilmegine rugsat bermeris. Biz ýollaryň böwetlenilmegine rugsat bermeris. Men size ýüzlenýärin: döwleti herekete geçmäge mejbur etmäň!” diýip, Han aýtdy.

TLP-niň protestçileri ýurduň günortasynda ýerleşýän Karaçi we gündogarynda ýerleşýän Lahore şäherlerinde ýollary böwetlemäge dowam etdi diýip, Pakistanyň telewideniýesi maglumat berdi. Agzalýan iki şäherde, şol sanda paýtagt Yslamabatda hususy mekdepler ýapyldy.

TLP-niň sözçüleriniň biri ýygnanan jemendäni, eger-de polisiýa güýçleri ýakylan tekerleri we beýlekileri söndürmegi başarsa, onda başga zatlary oda bermäge çagyrdy.

Demonstrantçylar Pakistanyň Ýokary sudunyň 31-nji oktýabrda Asýa Bibini aklap ony boşatmak boýunça çykaran kararyna nägilelik bildirýärler. Dört çaganyň ejesi Bibi 2010-njy ýylda ölüm jezasyna höküm edilipdi. Ol Pakistanda “Hudaýa şek ýetirmek” boýunça kabul edilen agyr kanunyň esasynda asylyp öldürilmäge höküm edilen ilkinji adam bolupdy.

Goňşulary onuň musulman däldigi sebäpli öz bulgurlaryndan suw içmegine rugsat bermeýär. Şondan soň Bibi yslam barada kemsidiji sözler aýtmakda aýyplandy.

Suduň başlygy Sahib Nissanyň ýolbaşçylygyndaky üç sudýadan düzülen topar arza-şikaýatlary diňledi. Olar ýeterlik subutnamanyň ýokdugyny aýdyp, karar çykardylar.

Häkimiýetler Bibininiň näbelli ýerde ýokarlandyrylan howpsuzlyk şertlerinde saklanýandygyny aýdýar. Käbir ýerli habar serişdeleri onuň bireýýäm Pakistany terk eden bolmagynyň hem ahmaldygyny aýdýar.

Bibiniň maşgalasy 1-nji noýabrda onuň boşadylmagyna garaşýardy. Onuň adamsy Aşik Masih çagalary bilen Britaniýadan dolanyp, Bibiniň boşadylmagyna we bilelikde Pakistandan çykmaga garaşýardy.Maşgala özleriniň barjak ýurtlaryny mälim etmeýär. Fransiýa we Ispaniýa olara bosgunlyk hödürledi.

Bu gozgalan iş Pakistanda bölünişik döretdi. Bibä kömek etmäge synanyşan iki syýasatçynyň janyna kast edilip öldürildi. Şeýle-de bu mesele tutuş hristiýan dünýäsinde nägilelik döretdi. Rim papasy Fransiz hut özüniň Bibä doga-dileg edýändigini aýdyp, çykyş etdi.

TLP bu iş boýunça höküm çykaran Nissany we beýleki iki sudýany öldürmek boýunça çagyryş etdi.

Lahorda geçirilen protestlerde eden çykyşynda TLP-niň egindeş esaslandyryjysy Muhammad Fatal Badri: “Olaryň üçüsi-de ölüme mynasyp. Olary ýa özleriniň jan penalary, ýa sürüjileri ýa-da aşpezleri öldürmeli” diýdi.

Şeýle-de ol Hanyň täze hökümetini wezipeden çetleşdirmek boýunça çagyryş edip, goşundaky harbylary armiýadaky täsirli harby ýolbaşçy general Lamar Jawed Baja garşy çykmaga çagyrdy.

2-nji noýabrda okalan juma namazynda täsirli yslamçy Hafiz Said adamlary protestlere gatnaşmaga çagyrdy. Birleşen Ştatlary ony 2008-nji ýylda Mumbaýda 166 adamyň ölümine getiren hüjümleri planlaşdyrmakda aýyplaýar.

XS
SM
MD
LG