Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Eýrana garşy girizen sanksiýalary güýje girdi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

Birleşen Ştatlaryň Eýranyň energiýa, gämi gatnawy, gämi gurluşygy we maliýe sektoryna garşy gönükdirilen we prezident Donald Tramp tarapyndan “iň güýçli” diýip atlandyrylan täze sanksiýalary güýje girdi.

5-nji noýabrda ir ertir güýje giren sanksiýalar hakda amerikan resmileriniň entek beren bildirişi ýok. Sanksiýalar “edim-gylymyny üýtgetmegi” we Bireleşen Ştatlaryň aýdyşy ýaly, regiondaky “zyýanly” işjeňligini bes etmegi üçin Waşington tarapyndanTährana edilýän basyşy güýçlendirmegiň bir bölegi bolup durýar.

Sanksiýalaryň täze tapgyrynda Ak Tam Eýranyň müşderilerine ondan alýan nebitleriniň mukdaryny aşakladyp nola getirmek ýa-da Birleşen Ştatlaryň jezalary bilen ýüzbe-ýüz bolmak hakda duýdyryş berdi. Ol şol bir wagtda-da 180 gün möhlet bilen sekiz “ýurisdiksiýa” çykaryp, bu ýurtlaryň şu möhletiň dowamynda Eýrandan nebit importirlemegine rugsat etdi.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani 5-nji noýabrda ir bilen döwlet telewideniýesinde eden çykyşynda muňa jogap berip, Eýran “uruş ýagdaýy” bilen ýüzbe-ýüz bolup dur diýdi.

Rohani şeýle hem Eýran Birleşen Ştatlaryň sanksiýalaryndan “buýsanç bilen sowlup geçip”, nebitini satar diýip wada etdi.

“Amerika Eýranyň nebitiniň satylymagyny nola getirmek isledi ... ýöne biz nebtimizi satmagy dowam etdireris ... sanksiýalary döwmek üçin” diýip Rohani aýtdy.

Bu aralykda Eýranyň döwlet telekanaly ýurduň demirgazygynda barýan iki günlük harby türgenleşige gatnaşan howa hüjümlerinden goranyş sistemalaryny görkezdi.

Ondan birnäçe sagat öň Tramp sanksiýalary Birleşen Ştatlar tarapyndan Eýranyň garşysyna girizilen iň berk sanksiýalar diýip atlandyrypdy.

Tramp amerikan sanksiýalarynyň öňki tapgyrlary sebäpli Eýranyň çekýän ykdysady kynçylyklaryna salgylanyp: “Eýrana näme bolýanyny göreris. Ýöne olaryň ýagdaýy gowy däl” diýdi.

2-nji noýabrda Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen ýurduň gazna sekretary Stewen Mnuçin çykarylan wagtlaýyn rugsatlara garamazdan Waşington sanksiýalary “agressiwlik bilen amala aşyrar” diýdiler.

Amerikan resmileri ýurisdiksiýalaryň 5-nji noýabrda aýan ediljekdigini aýtdylar.

Ýöne Günorta Koreýanyň resmileriniň 5-nji noýabrda “Reuters” habar gullugyna aýtmagyna görä, Waşingtondan “maksimal eglişigi” haýyş edenlerinden soňra özlerine Eýrandan wagtlaýyn nebit importirleme rugsadynyň berlendigini aýtdylar.

Yrak bilen Türkiýe-de özlerine rugsat edilendigini ozaldan aýdyp gelýärler. Habar gulluklary Owganystana, Hindistana, Italiýa we Ýaponiýa hem sanksiýalara goşulmazlyk rugsady berilmegi mümkin diýýärler.

Pompeo 4-nji noýabrda “Fox News” telekanalyna beren interwýusynda sanksiýalara goşulmazlyk rugsady berlen ýurtlara “nola ýetirýänçäler az-kem wagt gerek” diýdi.

Ol şeýle hem Amerikan administrasiýasynyň bu rugsady alty aýdan aňry hem uzatmagy mümkin diýdi.

Birleşen Ştatlar Eýranyň ýadro işjeňligini çäklendirmegiň deregine 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro geleşiginden soňra ýatyrlan sanksiýalary gaýtadan girizýär.

Tramp geleşigiň şertleri Eýranyň ýadro ýaraglaryny öndürmeginiň öňüni alarlyk derejede berk däl diýip, maý aýynda Birleşen Ştatlary ylalaşykdan çykardy. Awgust aýynda hem Eýranyň ykdysadyýetine garşy sanksiýalary girizmäge başlady. Ol Tährany regiondaky harby zorluklary goldamakda we beýleki “zyýanly” işjeňliklerde aýyplaýar. Eýran bu aýdylýanlary ret edýär.

Eýranyň ykdysadyýetine agyr zarba degdi. Ýurduň puly riýalyň hümmetiniň aşaklamagy netijesinde ýurduň käbir şäherlerinde köçelerde protestler turdy.

XS
SM
MD
LG