Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da "aralyk" saýlawlary geçiriler


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

Amerikanlar häzir “aralyk saýlawlary” diýip atlandyrylan ses berişlige taýýarlanýarlar. Bir nesliň ömrüniň dowamynda geçen iň gazaply dalaş bolan bu ses berişlikde ele geçirmäge synanyşylýan Birleşen Ştatlaryň kongrsine kontrollyk.

6-njy noýabrda geçýän saýlawlaryň netijeleriniň Donald Trampyň dört ýyllyk prezidentlik möhletiniň galan iki ýyllyk döwrüne hem güýçli täsir etmegi ähtimal.

Dalaş Wekiller öýüniň 435-den ybarat ähli orunlary, 100 orunlyk Senatyň hem 35 orny barada barýar.



Respublikanlaryň Wekiller öýündäki (Kongresiň aşaky öýi) köplük orny 23. Olar Senata hem diňe bir orun artykmaçlyk bilen kontrollyk edýärler. Bu ýagdaýy nazara alanyňda, köp pikir soralyşyklaryň görkezmegine görä, Demokratlaryň azyndan Wekiller öýüne kontrollygy ele geçirmek mümkinçiligi gaty ýokary.

4-nji noýabrda “Washington Post” gazeti bilen “ABC” telekanaly tarapyndan ile ýetirilen milli pikir soralyşygyň görkezmegine görä, hasaba alnan saýlawçylaryň 50 prosenti Wekiller öýi üçin Demokratlaryň kandidatlaryny ileri tutýar. Respublikanlaryňky bolsa 43 prosent.

Birleşen Ştatlarda aralyk möhlet saýlawlarda ses bermäge gatnaşýanlaryň sany köplenç esasy saýlawlardan azrak bolýar.

Ýöne saýlaw merkezleri açylmazdan öň-de köp ştatlarda öňünden ses berýänleriň sanynyň ýokary derejelere ýetmegi dürli meseleleriň, ilkinji nobatda hem Trampyň prezidentliginiň amerikan saýlawçylaryny nä dereje gyzyklandyrýandygyny görkezdi.


Florida uniwersitetiniň professory Maýkel MkDonaldyň toplan maglumaty boýunça köp ştatlarda öňünden ses berenleriň sanynyň artmagy 2-nji noýabra çenli 28.5 million adamyň eýýäm ses berendigini aňladýar.

Tutuşlygyna alanyňda saýlaw kampaniýasy ýyllar boýi görülmedik derejede gazaply geçdi. Bir tarapdan amerikan ykdysadyýeti güýçli ösýär, 2-nji noýabrda çykarylan raporta görä, işsizlik derejesi häzir 3.7 prosent.

Maglumatlarda aýdylyşyna görä, ýyllyk ykdysady ösüş derejesi üçünji kwartalda 3.5 prosent bolupdyr. Muňa hem belli bir derejä çenli sebäp bolan Respublikanlaryň öten ýyl salgyt derejesini peseldenligi.

Adaty ýagdaýda bular ýaly zatlar her iki ýyldan geçýän kongres saýlawlarynda prezident bilen onuň partiýasynyň ornunyň pugtalanmagyna getirýär. Üstümizdäki ýyl ýaly bu saýlawlar prezidentiň 4 ýyllyk möhletiniň ýaryna gabat gelse, oňa aralyk möhlet saýlawlar diýilýär.



Ýöne Trampyň syýasy we sosiýal meselelere berk çemeleşmegi Respublikanlaryň güýçli ykdysadyýeti öz gazananlary edip görkezmek mümkinçiligini çäklendirdi.

Synçylaryň aglabasy Demokratlar Wekiller öýüniň kontrollygyny ele alsalar, kanun çykaryjylar köp meseleler babatda möhüm derňewleri ýola goýarlar diýip çaklaýarlar. Bu derňewler, mysal üçin, amerikan aňtaw gulluklarynyň 2016-njy ýylky saýlawlara Orsýet garyşdy diýip gelen netijeleri ýa Trampyň ýaranlarynyň ors resmileri bilen dildüşüklige girmek üçin synanyşyk edip-etmänligi hakda bolmagy mümkin.

Demokratlaryň kontrollygyndaky Wekiller öýüniň Trampyň ministrler kabinetiň käbir agzalarynyň ýüzbe-ýüz bolup duran ahlak problemalaryna ünsi çekmegi hemTrampyň birinji prezidentlik möhletiniň ahyrky iki ýyllyk döwrüni ýaramaz habarlar akymy bilen garalamagy mümkin.

Trampyň Respublikan partiýasyndan aýrylykda iş alyp barýan syýasy guramasy güýçli ykdysadyýeti nygtamagyň deregine 2016-njy ýylda Trampyň özüniň kampaniýa alyp baran meselesi bolan immigrasiýa üns berýär.

Tramp bilen onuň tarapdarlary migrantlar Amerikada jenaýat işleriniň artmagyna getirer diýip, Birleşen Ştatlara tarap gelýän ýüzlerçe merkezi amerikaly migrantlara üns bermäge synanyşýarlar. Migranlaryň öňümizdäk hepdelerde serhete gelip ýetmegine garaşylýar. Şol sebäpden Ak Tam 5 müň sany harbylaryň serhetde ýerleşdirilmegini buýurdy

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG