Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanyň demirgazygynda ganly türme gozgalaňynyň bolandygy habar berilýär


Hojantda ýerleşýän türme, Täjigistan, 8-nji noýabr, 2018-nji ýyl
Hojantda ýerleşýän türme, Täjigistan, 8-nji noýabr, 2018-nji ýyl

Ýerli häkimiýetlere ýakyn çeşmeler 8-nji noýabrda Azatlyk Radiosyna Täjigistanyň demirgazygyndaky Hojand şäheriniň türmesinde gije bolan gozgalaňda azyndan 22 tussagyň, şol sanda iki sakçynyň öldürilendigini habar berdi.

Çeşmeleriň 8-nji noýabrda beren maglumatyna görä, polisiýanyň goşmaça güýçleriniň iberilmegi bilen basylyp ýatyrylan gozgalaňyň näme sebäpden turandygy aýdyň däl.

"Tussaglaryň birnäçesi pyçak bilen ýaraglandy, olaryň käbiri öldürildi, käbiri bolsa gaçyp sypmagy başardy” diýip, çeşmeleriň biri aýtdy.

AFP habar gullugy ady aýdylmadyk çeşmelere salgylanyp, çaknyşyk wagtynda 20 töweregi tussagyň, iki türme sakçysynyň öldürilendigini habar berdi.

Öldürilen türme sakçylarynyň biri, 29 ýaşyndaky Ehson Yokubowyň jesedi 8-nji noýabrda dogduk obasy Pastihawa getirildi diýip, obaly Şohkarim Muhammadiýew Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Ýerli ýaşaýjylar Azatlyk Radiosyna türmäniň territoriýasyndan gelýän tüpeň seslerini eşidendiklerini aýtdylar.

Düzediş edaralarynyň Hojand müdirligi ok atýan ýaraglaryň ulanylandygyny ret etdi, emma adatdan daşary ýagdaýy tassyklady.

Şäher hökümeti türmede turan gozgalaňy tassyklady, emma goşmaça maglumat bermedi.

Ýerli ýaşaýjylar polisiýanyň şähere çykýan ýollary, şeýle-de goňşy Özbegistana we Gyrgyzystana çykýan uly ýollaryň ählisini baglandygyny aýdýarlar.

8-nji noýabrda Gyrgyzystanyň Serhet gullugynyň metbugat wekili Gulmira Borubaýewa Hojantda ýüze çykan türme topalaňy sebäpli Gyrgyzystanyň täjik serhediniň boýunda howpsuzlygy güýçlendirendigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG